Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Okuwçylar mekdebi abatlamak üçin pul tabşyrmaga mejbur edilýär

Türkmenistanda okuw ýylynyň soňunyň golaýlamagy bilen, adat bolşy ýaly, mekdeplerde we okuw-terbiýeçilik edaralarynda abatlaýyş işleri üçin ýene-de mejbury pul toplanýar. Mary welaýatynda ähli mekdepleriň okuwçylary dynç alyşdan öň degişli klas ýolbaşçylaryna azyndan 50 manat tabşyrmaly edildi. Pul bermekden ýüz öwürýänlere, ‘ýaramaz bahalar’ bilen haýbat atylýar. Agyr ykdysady krizisiň arasynda, ene-atalar bu çykdajylaryň özlerine goşmaça agram salýandygyny aýdýar.


“Mary welaýatynyň çägindäki mekdeplere we çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň her birinden remont üçin 50 manat pul toplanýar. Bu barada bilim ojaklarynda ene-atalar bilen geçirilýän ýygnaklarda mälim edilýär. Bu talap her kime, hatda köp çagaly maşgalalara degişli. Munuň üçin soňky möhlet 20-nji maý diýlip kesgitlenildi” diýip, maryly habarçymyz 8-nji maýda gürrüň berdi.


Şu günki gün hatda iýmit üçinem ýeterlik pullary bolmadyk ilat köpçüligi bilim resmileriniň bu pul talabyny ýerine ýetirmäge ‘alaçsyz’ razy bolýar.


“Mekdepde bu talap barada çagalarymyza yglan edenlerinde, geljekki bahalary barada ‘oýlanmagy’ hem maslahat berýärler. Garaz, gönüläp aýdylanda, pul tabşyrmadyklara gyýa göz bilen garaljakdygy duýdurylýar. Mundan başga-da, pul bermedik okuwçylaryň mugallymlary tarapyndan köpçüligiň öňünde kemsidilýän halatlary hem bolýar. Maddy ýagdaýy has agyr bolan hojalyklaryň çagalary, özleri gara işde işläp, bu puly toplamaga synanyşýarlar” diýip, maryly ene-atlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.




Galyberse-de, remont üçin maliýe serişdeleri şu ýyl uçurym bolýan ýaşlardan hem talap edilýär.


“Gutardyş synp okuwçylarynyň çykdajylary onsuzam ýeterlik. Marynyň mekdeplerinde uçurymlar soňky jaň dabaralary üçin 400 manat, mugallymlara sowgat üçin 200 manat, täze egin-eşikler üçin hem azyndan 1000 manat çykarmaly. Ene-atalar gutardyş synaglarynda perzentlerinden ar alynmagyndan howatyr edip, remont üçin hem pul bermäge razy bolýarlar” diýip, habarçymyz belledi.


Onuň maglumatyna görä, mekdepleri her ýyl abatlamak talaby etrap, şäher, welaýat bilim müdirlikleri tarapyndan öňe sürülýär. Synp otaglarynyň abatlaýyş işlerine mekdep mugallymlary jogap bermeli edilýär.


Mugallymlar-da, terbiýeçiler-de abatlaýyş işleri üçin özleriniň goşmaça çykdajy etmäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar, we alýan zähmet haklarynyň öz hojalyklaryna zordan ýetýändigini belleýärler.


“Mekdep müdiri ‘isle okuwçylardan pul topla, isle öz jübiňden çykar, bu gyzyklandyrmaýar, esasy zat synp remont edilsin’ diýýär. Biz hem mugallym halymyza iliň çagasyndan pul soramagy – utanç bir iş  hasaplaýarys. Ýöne başga alajymyz ýok. Barly maşgalalaryň çagalaryndan gurluşyk serişdeleri bilen hem kömek etmegini soraýarys” diýip, 50 ýaşlaryndaky maryly mugallymlaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.




Türkmenistanda mekdepleri abatlamak we dürli zerurlyklar üçin pul ýygnamak onlarça ýyl bäri amala aşyrylýar.


Döwletiň garamagynda bolup, býujetden maliýeleşdirilýän bilim edarasynyň abatlanylmagynyň näme üçin ene-atalaryň hasabyna amala aşyrylýandygyny resmilerden anyklamak mümkin däl. Azatlygyň mekdeplerden we Bilim ministrliginden resmi görnüşde maglumat almak ugrunda eden synanyşyklary başa barmady.


Bellesek, mundan ozal Azatlygyň mekdeplerde mejbury pul toplanýandygy baradaky habarlaryndan soň, degişli bilim edaralarynda barlaglaryň hem geçirilen halatlary bolupdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus