Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň goşunlarynyň sentýabr aýynda iki Merkezi Aziýa ýurdunyň dawaly serhedinde dört gün dowam eden çaknyşygynda 100-den gowrak parahat ýaşaýjynyň we esgeriň ölmegine getiren hereketler "iki tarapyň hem uruş kanunlaryny çynlakaý bozmagy" bilen utgaşdy diýip, HRW aýtdy. 2-nji maýda çap edilen hasabat ozal Sowet Soýuzynyň düzümine giren iki ýurduň arasynda dörän serhet düşünişmezlikleri esasynda bolan iň ganly çaknyşyga uly hukuk toparynyň beren ilkinji bahasy bolup durýar. Читать дальше...
Daşary ýurt puluny nagt çalyşmagy resmi taýdan gadagan eden Türkmenistanda häzirki wagtda amerikan dollaryny 19,4-19,8 manat aralygynda çalyşyp bolýar, bu sekiz ýyl bäri üýtgemedik resmi walýuta kursundan bäş esse gymmatlygyna galýar. Bu aralykda, käbir walýuta söwdagärleri ýene basyşa sezewar boldular. Türkmenbaşyda resmi däl walýuta çalşygyny amala aşyrýan ençeme nokatlar ýapyldy. Ýerli pul çalyşýanlara, esasanam "Kenar" bazarynda işlemek gadagan edildi. Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözlerine görä... Читать дальше...
Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 1-nji maýda “garaşylmadyk ýagdaýda”, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine görä, “nobatdaky zähmet rugsadyna” çykdy. Daşary işler ministriniň wezipe borçlary wagtlaýyn birinji orunbasar Wepa Hajiýewiň üstüne ýüklendi. Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi we hökümet agzalary, adatça, her ýylky esasy zähmet rugsadyna tomus aýlarynda, iýul-awgust aýlarynda çykýarlar. Galyberse-de, ýokary derejeli resmileriň wezipe borçlarynyň wagtlaýyn başga emeldara ynanylmagy... Читать дальше...
Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, öňünden yglan edilmedik sapar bilen, bir hepde töweregi Germaniýada bolan bolmagynyň mümkindigi anyklandy. Döwletiň berk gözegçiligindäki media saparyň anyk maksadyny we jikme-jiklerini aýan etmeýär. Şol bir wagtda, 65 ýaşly Berdimuhamedowyň Germaniýa ozalam ýaşyryn syýahat edendigi, munuň hem onuň saglyk ýagdaýy bilen bagly bolmagynyň mümkindigi boýunça, garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmadyk maglumatlar öňem peýda bolupdy. Читать дальше...
Lebap welaýatynda bir ýaş oglan özüni ýük otlusynyň öňüne oklap, öz janyna kast etdi. Türkmenabat-Aşgabat demir ýolunyň ugrunda bolan wakanyň şaýatlary merhumyň 18 ýaş töweregindedigini aýdýarlar. Bu aralykda, Aşgabatda bolan ýol hadysasynda hem, bir adam heläk boldy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 1-nji maýda Lebapdan we Aşgabatdan maglumat berdiler. "Waka 1-nji maýda irden sagat 11:15 töwereginde şäheriň 3-nji kwartal etrapçasynyň gabadyndan geçýän demirýoluň ugrunda boldy. Zerger... Читать дальше...
Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň goşunlarynyň sentýabr aýynda iki Merkezi Aziýa ýurdunyň dawaly serhedinde dört gün dowam eden çaknyşygynda 100-den gowrak parahat ýaşaýjynyň we esgeriň ölmegine getiren hereketler "iki tarapyň hem uruş kanunlaryny çynlakaý bozmagy" bilen utgaşdy diýip, HRW aýtdy. 2-nji maýda çap edilen hasabat ozal Sowet Soýuzynyň düzümine giren iki ýurduň arasynda dörän serhet düşünişmezlikleri esasynda bolan iň ganly çaknyşyga uly hukuk toparynyň beren ilkinji bahasy bolup durýar. Читать дальше...
30-njy aprelde Türkmenistanyň Balkan sebitiniň günorta-gündogarynda, ir sagat 6-da 4,4 güýjündäki ýer titremesi boldy diýip, volcanodiscovery.com neşiri 1-nji maýda habar berdi. Ýer titremesiniň 40, 10 km aralygyndaky çuňlukda bolandygy aýdylýar. Türkmenistanyň Balkan sebitinde bolýan ýer sarsgynlary barada yzygiderli habar çykýar. Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty ýurduň çägindäki tebigy hadysalar barada ilata habar bermegi zerur hsaplamaýar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplaryna pul geçirmek bilen baglanyşykly ýene bir talaby güýje girizdiler. Täze talaba laýyklykda, türkmen banklary daşary ýurtlarda bilim alýan raýatyň okuwa kabul edilendigi baradaky resminamanyň asyl nusgasyny talap edýärler. "Banklar bu resminamany 17-nji aprelden talap edip başladylar. Ýokary okuw jaýy tarapyndan berilýän resminamanyň göçürmesi kabul edilmeýär. Onuň hökmany ýagdaýda gök möhürli, asyl nusgasy bolmaly" diýip... Читать дальше...
Azerbaýjanyň golaýda Dagly-Garabaga barýan ýeke-täk ýolda guran gözegçilik nokady sebäpli dörän dartgynlygy aradan aýyrmak synanyşygynyň çäginde, ABŞ-nyň beýemçilik etmeginde Waşingtonda Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy başlandy. Döwlet sekretary Antoni Blinken 1-nji maýda, duşuşyk başlamazyndan öň Ermenistanyň daşary işler ministri Ararat Mirzoýan we Azerbaýjanyň daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen aýratynlykda söhbetdeşlik geçirdi. Mirzoýan Blinken bilen sebitdäki durnuklylyk... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme we goşmaça girizmek boýunça geçirilen sala salşygyň netijeleri bilen gutlady. Gutlag hatynda Özbegistanda geçirilen sala salyşlygyň aç-açanlyk ýagdaýynda hem-de demokratik ýörelgeler esasynda geçirilendigi öňe sürülýär, özbegistanlylaryň bu ses berişlige “işjeň gatnaşmagynyň halkyň jebisliginiň, ...Prezident Şawkat... Читать дальше...
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirmek wagtlaýyn onuň orunbasarynyň üstüne ýüklendi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji maýda gol çeken kararynda aýdylmagyna görä, hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň “her ýylky esasy rugsady döwründe” onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň üstüne ýüklenildi. Habarda ministriň "her ýylky esasy rugsadynyň” näçe wagta çekjekdigi aýdylmaýar. Читать дальше...