Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow eýýäm üç hepde töweregi wagt bäri jemgyýetçilik gözünden ýitirim boldy. Döwlet mediasynda ýurduň syýasy durmuşynda henizem kesgitleýji roly oýnaýan uly Berdimuhamedowyň geçirýän maslahatlary, daşary ýurt resmileri bilen gepleşikleri, galyberse-de gurnaýan gezelençleri barada habarlar asla ýok. Ýogsa, ozallar döwlet telewideniýesinde onuň şahsyýet kultuny dabaralandyrýan reportažlar günde-günaşa efire berilýärdi. Galyberse-de... Читать дальше...
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda dört dostuň arasynda pul üstünde dörändigi aýdylýan dawa-jenjelde bir adam öldi. Ýerli kanun goraýjy edaralaryň işgärleri merhumyň üç dosty tarapyndan zeýkeş kanalyna akdyrylandygy aýdylýan jesedi tapmaga çalyşýarlar. Bu waka barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we etrap polisiýasyndaky çeşmelerimiz maglumat berdiler.
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan Aşgabada baryp, prezidentiň edarasyna ýüz tutmak islän kärendeçi daýhanlar polisiýa bölümine alnyp gidildi. Bu barada garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" kärendeçilere salgylanyp, 9-njy maýda habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana amala aşyrýan iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde, türkmen we täjik wekiliýetleri 23 sany hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdi.
Türkmenistanda raýatlaryň biometriki pasport almak bilen bagly kynçylyklary saklanyp galýar. Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkan welaýatyndaky edarasy biometriki pasport almak isleýän raýatlaryň resminamalaryny kabul etmegi wagtlaýyn bes etdi. Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy bu ýagdaýyň para-berimiň möwjemegine getirendigini aýdýar. Bu aralykda, garaşsyz neşir Lebap we Mary welaýatlarynyň migrasiýa edaralarynda biometriki pasport almak isleýän raýatlara oktýabr aýyna nobat berilýändigini habar berýär. Читать дальше...
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 1970-nji ýyllarda gurlan dört gatly ýaşaýyş jaýlary abatlaýyş işlerine mätäçlik çekýär. Binalardaky lagym we suw geçiriji turbalar, şeýle-de ýyladyş ulgamlary ençeme ýyllardan bäri abatlanmaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji maýda sebitden maglumat berdi. Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi esasan paýtagt Aşgabatda, galyberse-de, ýurduň sebitlerinde garaşsyzlyk ýyllarynda bina edilen ak mermerli köp gatly jaýlary, kaşaň-kaşaň myhmanhanalary... Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň režimini işjeň tankytlaýan aktiwist Hamida Babajanowanyň garyndaşlaryny yzarlaýarlar. Aktiwistiň ejesine Türkmenistandan gitmek gadagan edildi. Gartaşan zenan Mekgä haj zyýaratyna gitmegi meýilleşdirýärdi. Resmiler onuň ýurtdan çykmagyna girizilen gadaganlygy aýalyň gyzynyň hökümete garşy hereketleri bilen düşündirdiler. Soňky ýyllarda türkmen režimini tankytlap çykyş edýän Hamida Babajanowa, häkimiýetleriň bu usul bilen özünden ar aljak bolýandygyna ynanýar. Читать дальше...
Şu wagta çenli özbek sosial ulgamlarynda uly auditoriýa eýe bolan blogçylaryň köpüsi ýurtda geçiriljek irki prezident saýlawlary we wezipede oturan prezident Şawkat Mirziýoýewiň möhletiniň "hasapdan öçürilmegi" baradaky meseleler hakda dymýarka, analitikler we ulgamyň beýleki aktiwistleri häkimiýetleriň meýilnamalary bilen ylalaşmazlygyny dowam etdirýärler. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň wezipe möhletini nollaşdyrýan konstitusion referendumdan bir hepde geçenden soň, Özbegistanda irki prezidentlik saýlawlary yglan edildi. Читать дальше...
Türkiýäniň oppozisiýa lideri we prezidentlige kandidat Kemal Kylyçdaroglu Russiýany dildüwşükde we galp habarlary ýaýratmakda aýyplaýar. Ol bu barada öz twitter hasabynda ýazdy. "Gadyrly rus dostlarym, siz düýn bu ýurtda üsti açylan montažlaryň, dildüwşükleriň, Deep fake mazmunyň we ýazgylaryň arkasynda durýarsyňyz. Eger siz biziň dostlugymyzyň 15-nji maýdan soň hem dowam etdirilmegini isleseňiz, eliňizi türk döwletinden daşda saklaň. Biz, ozalkylarymyz ýaly, hyzmatdaşlyga we dostluga gol ýapýarys” diýip, ol aýtdy. Читать дальше...