Türkmen aktiwisti-blogçy Farhat Durdyýew ady bilen tanalýan Farhat Meýmankuliýew Stambulda tussag edildi. Aktiwistiň egindeşleri Meýmankuliýewiň tussag edilendigi barada Azatlyga habar berdiler. Olaryň sözlerine görä, Meýmankuliýew 19-njy maýda agşam sagat 9 töweregi öýünde tussag edilipdir. Meýmankuliýew tussag edilenden soň, Stambulyň Tuzla etrabyndaky deportasiýa merkezine iberildi. Deslapky maglumatlara görä, türk polisiýasy aktiwisti Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň arzy esasynda tussag edipdir. Читать дальше...
Hepdäniň wakalaryna gysgaça synymyzy, Türkmenistandaky teatr bolçulygynda dörän tomaşaçy gytçylygy; Türkiýedäki prezident saýlawlaryny gören türkmenleriň pikir-düşünje tejribeleri we türkmen reallyklary barada taýýarlan gepleşiklerimizi diňläp, öz pikir-garaýyşlaryňyzy aýtmaga çagyrýarys. Eger-de gepleşige ‘laýk’ goýsaňyz we ony paýlaşsaňyz, Türkmenistanda ýapyk saklanylýan meseleleriň has köp adama ýetmegine we çözülmegine kömek ederdiňiz.