2022-nji ýylda Türkmenistanyň gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň esasy ýataklarynyň diňe ikisinden syzyp çykan zyýanly metan gazy, şol ýylyň dowamynda tutuş Beýik Britaniýadan syzyp çykan ähli uglerod zyňyndylaryndan has köp möçberde global maýlama sebäp boldy. Bu barada “The Guardian” neşirinde 9-njy maýda çykan maglumatda bellenilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy maýda iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistana bardy. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) “köpasyrlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypanyň açyljakdygyny” aýdýar.
Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndan Aşgabada baryp, prezidentiň edarasyna ýüz tutmak islän kärendeçi daýhanlar polisiýa bölümine alnyp gidildi. Bu barada garaşsyz neşir "Türkmenistanyň Hronikasy" kärendeçilere salgylanyp, 9-njy maýda habar berdi. "Baýramalynyň 'Agaýusup' daýhan birleşiginiň kärendeçileri Köpetdag etrap polisiýasyna eltilenden soň, olaryň şahsy maglumatlary bellige alyndy. Şeýle-de, olara prezidentiň edarasyna ýene girmäge synanyşanlaryň düzgün-tertibi bozmakda we polisiýa boýun... Читать дальше...
Türkmenistanyň gündogaryndaky owadan tebigaty bilen tapawutlanýan Köýtendag sebiti geçen hepdäniň aýagynda syýahatçylar üçin ýapyldy. Bu ýagdaýlary başdan geçiren çeşmämiz, 5-6-njy maý aralygynda sebite ýokary derejeli resmileriň dynç almaga gelendigini, şol sebäpli gelim-gidimli regionyň adaty durmuşunyň togtandygyny gürrüň berdi.
Balkan welaýatynda agronomlar we pagtaçy kärendeçiler sebitiň köp ýerinde gowaça ekişine heniz hem girişilmändigini belläp, ekişiň gijä galýandygyny aýdýarlar. Bu waka welaýat häkimleriniň ýurtda gowaça ekişiniň üstünlikli tamamlanandygy barada hasabat bermeginden 10 gün soňa gabat geldi.
Türkmenistanyň orta mekdeplerinde maý aýynyň 25-nde geçirilýän soňky jaň dabaralaryndan öň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde bir mekdep okuwçysy öz janyna kast etdi. Muňa okuwçynyň dabaralara görülýän taýýarlyklara pul tapmazlygynyň sebäp bolandygy aýdylýar.
Türkmenistanda 9-njy maý senesi II Jahan urşunyň 1945-nji ýylda tamamlanmagy mynasybetli Ýeňiş baýramy hökmünde bellenip geçilýär.
Türkmenistanda şu ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň Soňky jaň dabarasyna görýän taýýarlyklary dowam edýär. Lebap welaýatynyň mekdeplerinde 11-nji synpy gutarmaly ýaşlar 25-nji maýda geçiriljek çärelere müňlerçe manat pul çykarmaly bolýar. Bu aralykda, tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlamagy bilen, sebitiň mekdeplerinde we çagalar baglarynda ene-atalardan abatlaýyş işleri üçin, galyberse-de mugallymlara we terbiýeçilere gowşurylmaly sowgatlar üçin hem mejbury pul ýygnalýar. Okuw ýylynyň soňunyň golaýlamagy bilen... Читать дальше...
Buharadaky ýewreýleri sany gün-günden azalyp barýar, belki-de, geljekde olaryň Özbegistandaky bilim, dini we medeni merkezleri muzeýe öwrülip, taryhy-medeni goraghanasy bolar. Soňky 30 ýylyň dowamynda, 20 müňden gowrak ýewreý Buharadan Ysraýyla, ABŞ-a we Ýewropa göçüp gitdi. Otabek Murodow mundan 22 ýyl ozal Buhara ýewreýleriň mähellesinde ornaşyp, ol ýerden dört sany ýaşaýyş jaýyny satyn alyp, syýahatçylyk merkezini döredýär. Ol jaýlar taryhy gymmatlyga eýe, sebäbi mundan iki ýüz ýyl öň gurlup, ýewreý däp-dessurlary esasynda bezelipdir. Читать дальше...
Eýranly studentler we mugallym hukuklaryny goraýjylar birleşip, 9-njy maýda, öz aýtmaklaryna görä, bilim ulgamynyň ýaramazlaşmagyna we okuwçylaryň, mugallymlaryň we ene-atalaryň yzygiderli basylyp ýatyrylmagyna garşy tutuş ýurt boýunça ýöriş guradylar. "Aýallaryň, durmuşyň we erkinligiň ynkylaby" diýlip atlandyrylýan herekete çagyryş çäresine bir topar gurama, şol sanda Eýranyň Pensiýa geňeşi, Maşatdaky Ferdowsi uniwersitetiniň studentleri we Tährandaky we Buşehrdäki "Ynkylapçy studentler" diýlip atlandyrylýan guramalar hem goşuldy. Читать дальше...
Täjigistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň (ŞHG) agzalaryny Owganystandan bikanun çykarylýan neşe maddalaryna garşy göreşmek üçin garaşsyz agentlik döretmäge çagyrdy. Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň aýtmagyna görä, ol geçen hepde Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň resmileriniň Hindistanda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda çykyş edip, Owganystanyň töwereginde "howpsuzlyk guşagyny" döretmegiň möhümdigini öňe sürüpdir. Bu teklip Badahşan sebitinde hökümet güýçleri bilen neşe gaçakçylarynyň... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyna başlady. Türkmen metbugaty bu saparyň hoşniýetli dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyny belleýär. Saparyň çäklerinde dostlukly döwletleriň baştutanlaryň gatmaşmagynda ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler. Türkmen-täjik gepleşikleriniň netijeleri boýunça... Читать дальше...