Мы в Telegram
Добавить новость

Мария Багреева: контрактная система Москвы направлена на развитие конкурентной среды и поддержку российского бизнеса

Электросамокаты замедлят в Петербурге

Памятный забег «Рекорды Победы» пройдет в Реутове

В ТиНАО создадут новые управы

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Soňky jaň çykdajylary ene-atalary surnukdyrýar

Soňky jaň çykdajylary ene-atalary surnukdyrýar

Türkmenistanda şu ýyl orta mekdepleri tamamlaýan okuwçylaryň Soňky jaň dabarasyna görýän taýýarlyklary dowam edýär. Lebap welaýatynyň mekdeplerinde 11-nji synpy gutarmaly ýaşlar 25-nji maýda geçiriljek çärelere müňlerçe manat pul çykarmaly bolýar. Bu aralykda, tomusky dynç alyş möwsüminiň golaýlamagy bilen, sebitiň mekdeplerinde we çagalar baglarynda ene-atalardan abatlaýyş işleri üçin, galyberse-de mugallymlara we terbiýeçilere gowşurylmaly sowgatlar üçin hem mejbury pul ýygnalýar.

Okuw ýylynyň soňunyň golaýlamagy bilen, bilim ojaklarynda mejbury toplanýan pul serişdeleri, ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklar sebäpli onsuzam gurpdan düşen eli ýuka maşgalalary aljyradyp, olaryň aladalaryny artdyrýar.

“Uçurymlaryň çykdajylary gün-günden köpelýär. Soňky jaň dabarasyndan soň çagalarymyzyň kafeleriň birinde geçirjek üýşmeleňi üçin 400 manat bermeli. Gyz perzendimiz hem boýdaşlaryndan kem galmajak bolup, bu dabaralar üçin iki sany täze köýnek soraýar” diýip, türkmenabatly eneleriň biri 10-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol çagalarynyň Soňky jaň dabaralaryndan başga-da, mekdepdäki klas ýolbaşçylary üçin hem pul tabşyrmaly bolýandyklaryny sözüne goşdy.

“Mugallymlaryň özleri indi näme sowgat almalydygyny öňünden äşgär edýärler. Ýagny olar okuwçylara, mesawy gürrüňiň dowamynda, ‘öýümde palan elektrik enjamy ýok, palan abzal bolsa gowy bolardy’ diýip duýdurýarlar. Munuň üçin hem goşmaça 200 manat çykarmaly. Garaz, uçurym bolmaly gyzymyzyň Soňky jaň dabarasy üçin azyndan 3 müň manat çykarmaly boljak” diýip, 1 müň 500 manat töwereginde zähmet hakyny alýan türkmenabatly ene gürrüň berdi.

Habarçymyzyň 50 ýaşlaryndaky söhbetdeşi başga-da üç perzendiniň mekdebe gatnaýandygyny, uly gyzy bilen birlikde olaryň mugallymlaryna hem mekdebiň abatlaýyş işleri üçin diýip 50-60 manat aralygynda mejbury pul tabşyrmaly bolýandygyny belledi.

Ýurduň beýleki künjeklerindäki habarçylarymyz hem Soňky jaň dabaralarynyň öňýany ýokarda beýan edilen wakalaryň öz sebitlerinde-de bolýandygyny tassyklaýarlar.

Azatlyk Türkmenistanda uçurymlardan Soňky jaň dabaralary üçin pul toplanýandygy, çykdajylaryň ene-atalara agram salýandygy, olaryň çagam deň-duşlarynyň ýanynda kemsinmesin diýip, bergi-borja girýändigi barada ençeme ýyl bäri habar berip gelýär.

Galyberse-de, habarçylarymyz geçen ýyllardaky tejribelere salgylanyp, agyr ykdysady krizisiň arasynda çykdajylar sebäpli köp okuwçynyň Soňky jaň dabaralaryna gatnaşyp bilmeýändigini, käte olaryň öz janyna kast etmegi bilen bagly wakalaryň bolýandygyny hem aýdýarlar.

Türkmen häkimiýetleri bu hili habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýär. Azatlygyň ýurduň Bilim ministrliginden Soňky jaň dabaralarynyň çykdajylary we munuň bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar baradaky soraglara jogap almak tagallalary hem netije bermedi.

Türkmenistanda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar üçin soňky jaň dabarasy adatça her ýylyň 25-nji maýynda geçirilýär. 2013-nji ýylda ýurtda 25-nji maýy her ýyl Aşgabat güni hökmünde belläp geçmek kararlaşdyryldy. Şondan bäri, uçurym dabaralary Aşgabat gününe gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Школьники Подмосковья могут участвовать в проекте по природоподобным технологиям

Детские площадки в Солнечногорске приведут в порядок в мае

Памятный забег «Рекорды Победы» пройдет в Реутове

Мария Багреева: контрактная система Москвы направлена на развитие конкурентной среды и поддержку российского бизнеса

Музыкальные новости

RPG Battle of Souls доступна в Google Play 2 стран

ООН незаметно признала Путина: Сообщено об официальном письме

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о поддержке организаций и ИП в Белгороде

Инсайты, стратегии и нетворкинг для профессионалов: 21 июня пройдет ежегодный форум «Спорт и Бизнес»

Новости России

Электросамокаты замедлят в Петербурге

На фестивале «Московская весна» на Городецкой улице дети учились основам режиссуры

Детские площадки в Солнечногорске приведут в порядок в мае

Захарова: Россия решительно осуждает покушение на Фицо

Экология в России и мире

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Спорт в России и мире

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Кто транслирует бой Табило против Джоковича на турнире Rome Masters 1000?

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Moscow.media

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Детские площадки в Солнечногорске приведут в порядок в мае

Подмосковный терапевт рассказала о главном заблуждении про повышенное давление

На фестивале «Московская весна» на Городецкой улице дети учились основам режиссуры

Школьники Подмосковья могут участвовать в проекте по природоподобным технологиям