Мы в Telegram
Добавить новость

Хирург Хорошев: резкая боль в правой части живота указывает на аппендицит

Жителей и гостей Люберец 25 мая приглашают в парк на концерт памяти Ю. Шатунова

Положительная динамика наблюдается в базовых отраслях экономики Орехово-Зуева

АКРА подтвердило наивысший кредитный рейтинг Москвы



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi

Protestleriň yz ýany, Köneürgençde Internet kesildi, ýene bir etrapda nägilelik aksiýalary geçirildi

Köneürgenç etrabynyň “Täze ýap” we “Zaman” daýhan birleşiklerinde 28-nji aprelde 280 töweregi ýerli ýaşaýjýynyň döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny talap edip geçiren aýrybaşga iki protest aksiýasynyň yz ýany, sebitde Internet aragatnaşygynyň kesilendigi we komendant sagadynyň yglan edilendigi barada habarlar gowuşýar. Bu aralykda, ilatyň subsidirlenen azyk paýlaryny talap edýän täze protest çäreleri Köneürgenç etrabynyň 30 kilometr töweregi günbatarynda ýerleşýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem hasaba alyndy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Köneürgenç etrabynda kesilen Internet aragatnaşygynyň 15-nji maýa çenli ýapyk saklanmagyna garaşylýandygyny, sebitde polisiýa we esgerlerden ybarat 50-den gowrak gözegçilik toparlarynyň döredilendigini habar berýär.

“Üç esger we üç polisiýa işgärinden ybarat toparlar ulaglarda nobatçylyk çekýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

Ýatlasak, geçen hepde “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Täze ýap” daýhan birleşiginde 28-nji aprelde 100-e golaý ýerli ýaşaýjynyň mart we aprel aýlary üçin ýeňillikli azyk paýlaryny talap edip, protest aksiýalaryny geçirendiklerini, munuň yz ýany, “Zaman” daýhan birleşiginde 180 töweregi ýaşaýjynyň birmeňzeş talaplar bilen Köneürgenje barýan uly ýoly petikländiklerini ilkinji bolup habar berdi. Bu wakalary tassyklatmagy başaran Azatlyk Radiosynyň habarçysy protestçileriň polisiýa güýçleri bilen çaknyşandygyny, 15 töweregi raýatyň saklanandygyny habar berdi.

Bu aralykda, 6-njy maýda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň “Goşahowly” we”Aýböwür” geňeşlikleriniň hem-de Peşanalydepe obasynyň ýaşaýjylaryndan ybarat 350 töweregi protestçi etrap merkezine jemlenip, häkimlik binasynyň öňünde döwlet dükanlaryndan fewral aýyndan bäri alyp bilmeýän un paýlaryny talap etdiler.

Etrap häkimi proteste ýygnananlaryň un paýlarynyň 8-nji maý, duşenbe gününe çenli öýlerine eltilip beriljekdigini wada berdi we protestçileri garşylyksyz dargatmagy başardy. Şeýle-de, etrabyň çörek kärhanasynyň başlygy we söwda bölüminiň hünärmenleri ýygnanlaryň her birine 10 sany buhanka çöregini paýlap beripdirler.

Şeýle-de, etrap häkimi protest aksiýasyna ýygnananlaryň öňünde etrabyň söwda bölüminiň başlygyna dilden käýinç beripdir we 8-nji maý güni agşam sagat 18:00-a çenli ilatyň ýeňillikli azyk paýlary paýlanmasa, işlerinden boşadyljakdygyny duýdurypdyr. Azatlyk Radiosynyň habarçysy protest aksiýasynyň yz ýany, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň döwlet dükanlarynda ilatyň un paýlarynyň berlip başlanandygyny habar berýär.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkimlik binasynyň öňünde geçirilen nägilelik çäresine ýygnananlar bazarlardaky we dükanlardaky azyk önümleriniň bahalarynyň hem halkyň aýlyk girdejilerine laýyk getirilmegini talap edýärler.

“Aglamadyk çaga süýt ýok. Býujet edaralarynda we oba hojalyk pudagynda adamlar döwletiň berýän ujypsyz aýlyk hakyna zähmet çekýärler. Döwlet hem bazarlardaky we dükanlardaky bahalary ilat üçin elýeter etmeli” diýip, Goşahowly geňeşliginden bolan birnäçe aksakgal ýaşuly aýdýar.

“Bu ýagdaýlar ilat arasynda düýpli närazyçylyga getirmänkä, döwletiň pikir etmeli wagty geldi” diýip, ýaşulular aýdýarlar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň arasynda raýatlaryň gurpdan düşmegi bilen, döwlet dükanlarynda un we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleri azyk paýlary hökmünde arzan bahadan, kesgitli möçberlerde raýatlara hödürlenilýär. Emma häkimiýetler ýurduň aglaba sebitlerinde ilaty azyk paýlary, şol sanda çörek bilen-de kadaly üpjün edip bilmeýärler.

Ýeňillikli azyk önümleriniň gytçylygy dowam edýän mahaly, häkimiýetler ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürüp, raýatlaryň döwlet dükanlaryndaky azyk paýlarynyň ýatyrylmagy boýunça teklipleri gozgap başladylar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde 12-nji aprelde häkimiýet wekilleriniň ilat bilen ýörite ýygnaklary geçirip, ýeňillikli azyk paýlarynyň ýatyrylmagy bilen bagly teklipleri öňe sürendiklerini habar berdiler.

Ýygnaga gatnaşan bir mekdep garawuly ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda emele gelen eklenç kynçylyklaryna salgylanyp, häkimiýetleriň subsidirlenen önümleri ýatyrmak teklibine garşy çykdy. Ýatlasak, ýygnaga gatnaşýan bir howpsuzlyk işgäri mekdep garawulyny ýygnakdan kowup goýberdi.

Şol bir wagtda, soňky aýlarda ýurduň dürli künjeklerinde azyk paýlarynyň gijikdirilmegi ýa-da satuwdan aýrylmagy bilen bagly ilat arasynda nägilelik çäreleri köpelýär. Azatlyk mundan iki hepde töweregi ozal Ahalyň Kaka şäheriniň ýaşaýjylarynyň, ýerli häkimiýetlere nägileligini bildirip, arz-şikaýatlarynyň netijesinde döwlet dükanlaryndaky çöregiň iki esse ýokarlandyrylan bahasyny gaýtadan arzanlatmagy başarandygyny habar beripdi.

Häkimiýetler bar bolan problemalara garşy göreşmegiň deregine, meselä ünsi çekýän raýatlara basyş görkezmek arkaly jogap bermegi saýlap alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

ВТБ: большинство россиян потратят на детские лагеря летом до 20 тысяч рублей

Туск: Польша подозревает Россию в причастности к пожару в торговом центре

Какую реформу Чубайса не может отменить Путин, объяснил Хазин

Современные производства, детские сады и школы — что еще построили инвесторы в столице по программе стимулирования создания мест приложения труда?

Музыкальные новости

Олимпийский чемпион Роман Костомаров поздравил победителей номинации «Экскурсия без границ» программы «Лига Экскурсоводов»

Лукашенко лоббирует интересы Алиева по изоляции Армении

Активиста Булатова оштрафовали на 50 тысяч рублей за дискредитацию армии

Россия, Культура, Театр и Дети - о ПДД детям показали артисты постановку в театре кукол Ульгэр в Бурятии

Новости России

Синоптик Позднякова: Похолодание ожидается в Москве 23 и 24 мая

В Подмосковье сотрудники Росгвардии задержали подозреваемого в краже из супермаркета

Магаданский художник Константин Кузьминых получил звание "Народный художник Российской Федерации"

ВТБ: большинство россиян потратят на детские лагеря летом до 20 тысяч рублей

Экология в России и мире

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Коломна

Светлые оттенки весенней моды: стильные идеи для женщин в возрасте

Лукашенко лоббирует интересы Алиева по изоляции Армении

Спорт в России и мире

Экс‑теннисистка Джорджи обвиняется в краже мебели и ковров на €100 тысяч — СМИ

Российский теннисист Медведев опустится на строчку в рейтинге ATP

Потапова проиграла на старте турнира WTA-500 в Страсбурге

Рыбакина узнала свое место в новом мировом рейтинге

Moscow.media

Старый Гоор.

Новые вызовы и обеспечение технологического суверенитета квалифицированными кадрами обсудили в Москве

Работники АО "ДиМ" приняли участие во всероссийском полумарафоне

На западном объезде Южно-Сахалинска забивают сваи моста через реку Владимировка











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Предприятия Балашихи отгрузили товаров на 49 млрд рублей с января по март

Риск заражения гепатитом С при контакте с больным – ...

На Медиафест в Челябинскую область съедутся журналисты, блогеры и политологи

Мужчине дали 2,5 года за попытку открыть дверь самолета Москва — Барнаул