Türkmenistanyň edara-kärhanalarynda işgärlerden nobatdaky gezek pul ýygnalýar. Bu gezek Mary welaýatynyň býujet işgärleri sebitde gowaça ekilen meýdanlarda otag işlerini geçirmek üçin pul bermäge mejbur bolýarlar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, şu günler gowaça meýdanlarynda otag, ýagny olaryň düýbüni ýumşadyp, olary haşal otlardan arassalaýyş işleri geçirilip başlandy. Munuň bilen bagly, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary... Читать дальше...
13-nji maýda Täjigistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçýär. Paýtagt Duşenbede dar gerimde geçirilýän duşuşyga, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredowdan galan, GDA döwletleriniň ähli baş diplomatlary geldiler. Meredowyň bu gepleşiklere gatnaşmajakdygy barada şu hepdäniň başynda Azatlygyň çeşmesi habar beripdi. Onuň sözlerine görä, Meredowyň häkimiýetdäki täsiriniň peselmegi Serdar Berdimuhamedowyň prezident saýlanmagy bilen bagly... Читать дальше...
Žurnalistleri goramak baradaky komitet 12-nji maýda "Turkmen.news" neşiriniň habarçysy Nurgeldi Halykowyň derrew we şertsiz boşadylmagy barada beýanat ýaýratdy. Komitet Halykowyň, metbugatda onuň ykbaly barada çykýan maglumatlar üçin ar alyş hökmünde, üç gezek türme kamerasynda saklanandygyny aýdýar.
Bu önümleriň ýetmezçiligi baradaky habarlar arasynda, Gazagystan 23-nji maýdan başlap, alty aýyň dowamynda ak şekeriň we çig şeker çiňriginiň ýurtdan eksport edilmegini gadagan eder. Gazagystanyň Oba hojalyk ministri Erbola Karaşukeýewiň bu meselä degişli buýrugy 12-nji maýda, kadalaşdyryjy hukuk ýazgylarynyň web sahypasynda çap edildi. "Ak şekeriň we çig şeker çiňriginiň Gazagystan Respublikasynyň çäginden çykarylyp, eksport edilmegine alty aýlap gadaganlyk girizmeli" diýip, buýrukda aýdylýar. Читать дальше...
Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi diýip, TDH 12-nji maýda habar berdi. W.Matwiýenke Aşgabada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna, sebitiň zenanlar dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Bu çäreler Türkmenistanda häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny we azatlyklaryny has kän çäklendirip başlandygy barada çykan habarlaryň giň ýaýran wagtyna gabat geldi. Türkmen prezidenti... Читать дальше...
Uly mesele Eýran hökümetiniň import edilýän bugdaý üçin subsidiýalary ýatyrmak karary un we undan öndürilýän harytlaryň, şol sanda çöregiň, makaron we konditer önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna getirdi. Aşa konserwatiw prezident Ebrahim Raisiniň hökümeti tarapyndan kabul edilen bu karar giň gerimli gahar-gazap döretdi. Eýranyň ýokary lideri Ali Hameneýi bu çäreleri goldady. Beýleki aşa konserwatiwler subsidiýalary ýatyrmak kararyny tankyt etmeseler-de, azyk önümleriniň bahasyna gözegçilik edilmelidigini aýtdylar. Читать дальше...