Türk we türkmen döwlet baştutanlary, ýokary derejeli resmiler telefonda gürleşip, birek-biregi Oraza baýramy mynasybetli gutlady. Dünýäniň özgerýän täze geosyýasy reallyklarynyň fonunda synçylar barha ysnyşýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň aňyrsynda ýatan mümkin bolan özara bähbitleri seljerýär.
Ýakynda, has takygy 29-njy martda Maşatda eýranly zenanlar Eýran bilen Liwanyň arasyndaky futbol ýaryşyna tomaşa etjek bolanda, özlerinde biletleriň bardygyna garamazdan, stadiona goýberilmediler we garawullar tarapyndan urlup-ýenjildiler.
Türkmen hökümeti ýurtda pile borçnamasyny artdyran mahaly, ýüpek gurçuklarynyň iýmitlenmegi üçin zerur bolan tut agaçlarynyň ýiti ýetmezçiligi güýçlenýär. Bu gytçylyk tut agajynyň ýapraklarynyň bahasynyň birde üç esse gymmatlamagyna getirdi. Maryly pileçiler tut ýapraklarynyň ýetmezçiligi we gymmatçylygy sebäpli ýüpek gurçuklarynyň ölmeginden we döwlete bergili çykmakdan alada edýärler. Bu ýagdaýlar barada Mary welaýatyndan maglumat berýän Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler Murgap etrabynyň ençeme daýhan birleşiginde... Читать дальше...
Şu günler Aşgabadyň Parahat etrapçasyndaky köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerinde ýerleşýän hususy dükanlaryň we ofis jaýlarynyň eýeleri hem-de kärendeçileri täze talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Olardan jaýlaryň diwarlaryny we agaçlaryň düýplerini reňklemek hem-de töwerekde bag nahallaryny ekmek talap edilýär. Bu talaplaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berdi.
Türkmenistanda parahorluk ilat arasynda iň mukaddes hasaplanýan ýerlere - metjitlere we Ak işanjan, Hojaýusup baba hem-de Şyh Mansur ýaly öwlüýälere - hem baryp ýetdi. Adam pahyr nireden kömek tapjagyny bilmän, öwlüýälere we metjitlere doga-dileg etmäge barýar. Bu ýerlerde adamlaryň sadaka diýip berýän pullarynyň we mal-garalarynyň aglabasy döwlet emeldarlaryna para hökmünde geçirilýär diýip, aşgabatly bir ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistan Bütindünýä metbugat azatlygy indeksinde 180 ýurduň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi. Serhetsiz reportýorlar guramasynyň (RSF) 3-nji maýda çap eden ýyllyk hasabatynda Türkmenistanyň, metbugata doly döwlet gözegçiligini saklap galmak bilen, geçen ýylka garanyňda bir orun öňe ilerländigini görse bolýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ikinji gün sebit ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda täze metjitleriň gurulmagy baradaky teklibi tassyklady. Döwlet eýeçiligindäki türkmen mediasynyň maglumatyna görä, bu teklip ýerli ýaşaýjylaryň isleglerine esaslanyp edildi. Sebit ýolbaşçylarynyň sözlerine görä, Hazar şäherinde (Balkan), Änew şäherinde (Ahal), Ruhubelent etrabynda (Daşoguz), Döwletli etrabynda (Lebap) we Şatlyk şäherinde (Mary), ýanyndaky sadaka jaýy bilen bilelikde, täze metjitleri gurmak meýilleşdirilýär. Читать дальше...
Ermeni polisiýasy premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden çekilmegini talap edýän onlarça oppozisiýa demonstrantyny tussag etdi, protestçiler onuň dawaly Dagly-Garabag sebiti meselesinde Azerbaýjana eglişik edýändigini öňe sürýärler. 3-nji maýda, Paşinýanyň goňşy ýurt bilen aradaky toprak dawalary babatdaky pozisiýasyna garşy guralan protestleriň tapgyr ikinji gününde olar Ýerewanda we beýleki şäherlerde birnäçe köçäni wagtlaýyn baglanlaryndan soň, polisiýa 200-den gowrak demonstrantyň tussag edilendigini habar berdi. Читать дальше...
Musulmanlar Eid al-Fitr (agyz açmak baýramyny), ýagny Oraza baýramyny mukaddes Remezan aýy gutarandan soň belleýärler.