Stambulyň etegindäki mazarlyklar mysapyr türkmenleriň ýüzlerçesiniň soňky ýurdyna öwrüldi. “Kilyos” gonamçylygy ýat ýurtda dünýäsini täzelän merhum türkmenleriň aram tapan ýerleriniň biri boldy.
Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda milli metbugatyň düşen gözgyny ýagdaýy barada ýaşuly ýazyjy we žurnalist Hudaýberdi Hally bilen gurnan söhbetdeşligimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy maýda geçiren hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Çary Gylyjowa ‘berk käýinç’, medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça orunbasary Mährijemal Mämmedowa ‘käýinç’ yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär. Resmi habarda aýdylmagyna görä, Gylyjow “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberini... Читать дальше...
Türkmenistan COVID-19 pandemiýasynyň arasynda girizen çäklendirmelerini gowşadyp, iki halkara ugry boýunça howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär, maska režimini bölekleýin saklap galýar. Bu barada TDH habar berýär. Resmi habara görä, Türkmenistan 1-inji iýundan başlap, maska režimini ýurt boýunça diňe ýapyk binalarda we transport serişdelerinde saklap galýar. Şeýle-de, Birleşen Arap Emirlikleri we Germaniýanyň Frankfurt şäheri ugurlary boýunça halkara howa gatnawlaryny hepdede bir gezek, pandemiýadan ozalkysy ýaly... Читать дальше...