Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň orta mekdeplerinde maý aýynyň aýagynda geçirilýän soňky jaň dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäginde uçurymlardan pul ýygnalyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu çäräniň başlamagy bilen, ozalam kyn ykdysady şerlerde ýaşaýan eli ýuka maşgalalaryň has köp basyşa sezewar bolýandygyny habar berýär. Mekdeplerde şu ýyl okuwy tamamlaýan okuwçylardan ýygnalýan pullaryň möçberini öwrenen habarçynyň maglumatyna görä, bu çäre üçin toplamaly serişdäniň belli bir kesgitlenen çägi ýok. Читать дальше...
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi azyk üpjünçiligi bilen bagly dürli etmişlerde, esasan hem ilata arzan bahadan berilýän subsidirlenen önümleri bikanun ýerlemekde we korrupsiýada aýyplanyp türme tussaglygyna höküm edilen, eli gandally we öz-özlerine garşy görkezme berýän raýatlaryň tobaly çykyşlaryny görkezdi.
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 28-nji aprelde Ahal welaýatynda gurulýan şähere täze at tapmak meselesini gozgandan soňra, Azatlyk Radiosynyň habarçysy özüniň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanyp täze şähere Arkadag adyny dakmagyň meýilleşdirilýändigini habar berýär.
Bütindünýä saglyk guramasy täze çap eden hasabatynda COVID-19 ýa-da bu wirusyň saglygy goraýyş ulgamyna ýetiren täsiri netijsinde 15 milliona golaý adamyň ölendigini aýtdy. BMG-niň saglyk gullugy tarapyndan 5-nji maýda çap edilen täze görkeziji şu wagta çenli 6 milliondan gowrak hasaplanan resmi görkezijiden iki esse köp bolup durýar. Hasabatda ölenleriň köpüsiniň Ýewropada, Amerikalarda, Günorta-Gündogar Aziýada we Ýewropada ýogalandygy aýdylýar. Gurama soňky tagallalaryň 2020-nji ýylyň ýanwar... Читать дальше...
Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň nebite baý merkezi aziýa döwletinde kararlaryň kabul edilmeginiň merkezden daşlaşdyrylmagyna gönükdirilen konstitusiýa özgertmeleriniň çäginde, Gazagystanda konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçiriler. Tokaýew 5-nji iýunda geçiriljek referendum baradaky karara 5-nji maýda gol çekdi. Tokaýew 29-njy aprelde gazak parlamentiniň mejlisinde çykyş edip, esasy kanuna giriziljek üýtgetmelere parlament däl-de, raýatlar göni ses berse, munuň has ýerlikli boljakdygyny... Читать дальше...
Gyrgyz häkimiýetleri Özbegistanyň serhetçileriniň iki ýurduň umumy serhediniň boýunda ok atyp, üç adamy öldürendigini aýtdylar. Özbek häkimiýetleri Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň 6-njy maýdaky habaryna bada-bat hiç bir düşündiriş bermediler. Serhet gullugy bu wakanyň bir gün öň, günbatardaky Jelalabad sebitinde, Fergana jülgesiniň golaýynda bolandygyny aýtdy. Serhet gullugynyň beýanatynda ýaralanan üç adamyň golaýdaky keselhana getirilenden soň ölendigi aýdyldy. Bolan waka barada goşmaça maglumat berilmedi. Читать дальше...