Birleşen Patyşalygyň Lankaster uniwersitetiniň wirusology Muhammad Munir hökümetleriň we jemgyýetçilik saglygy resmileriniň petiklenme çäklendirmelerini gowşatmazlaryndan öň has kän maglumat toplamalydygyny aýdýar. Ol AÝ/AR-nyň Balkan gullugy bilen söhbetdeşlikde kesel ýokaşmalarynyň ikinji tapgyrynyň täsirleriniň hatda birinji tapgyrdakydan has elhenç hem bolup biljekdigini aýtdy.
"Biz muňa ýol bermeris" diýip, Pompeo 29-njy aprelde ýaraglar embargosynyň möhletiniň gutarmagy barada berlen sorag jogap berende, metbugat ýygnagyna gatnaşan žurnalistlere aýtdy.
Türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19 keseliniň ýokdugyny tekrarlaýan mahaly, Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) Ýewropadaky regional edarasynyň müdiri Russiýadan guramanyň Türkmenistana we Täjigistana barjak missiýana kömek etmegi sorady.
Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň köp hökümeti koronawirus pandemiýasyna adam hukuklaryny “aýak astyna almak üçin erkin ýol” hökmünde garaýar diýip, Amnesty International aýdýar we wirusyň öňüni almak üçin görülýän islendik çäräniň “wagtlaýyn, deň ölçegli hem-de adam hukuklarynyň ülňelerine laýyk gelmelidigini” nygtaýar. “Sebitde COVID-19 pandemiýasy ýaýraýan wagty, köp hökümet il saglygyny goramakdan beter dürli pikirleri basyp ýatyrmak bilen has içgin gyzyklanýan ýaly bolup görünýär” diýip... Читать дальше...
Lebapdaky gidrometeorologiýa merkezi şu hepdäniň başyndaky apy-tupan barada harasatyň ýüze çykmagyndan bir sagat öň duýdurdy. Lebapda apy-tupanda parahat ilatyň arasyndan azyndan 10 adamyň we birnäçe polisiýa işgäriniň heläk bolandygy barada Azatlygyň ýerli habarçylary maglumat berýärler. Weýrançylykly tebigy harasat barada häzirki güne çenli dymmagyny dowam etdirýän türkmen häkimiýetleri ýerli ilata bir aýlyk zähmet haklarynyň meýletin-mejbury ýagdaýda döwletiň haýryna geçiriljekdigini duýdurýarlar. Читать дальше...
Döwlet baştutany geçen ýylyň iýun aýynda "KAMAZ" kompaniýasyndan jemi iki müňe golaý awtomobil we ýöriteleşdirilen awtoulag serişdelerini satyn almak baradaky karara gol çekdi.
Bolliwudyň baýry aktýory Rişi Kapur iki ýyla çeken leýkoz keselinden soň, 67 ýaşynda keselhanada aradan çykdy. Maşgala wekiliniň beren beýanatynda bu tassyk boldy. 2018-nji ýylda düwün diagnozy goýlan Kapur Nýu-Ýorkda alan saglyk bejergisinden soň, geçen sentýabrda Hindistana dolandy we penşenbe güni irden asuda aradan çykdy diýip, beýanatda aýdylýar. Nesiller boýy Bolliwudyň film industriýasyna agalyk eden Kapur maşgalasyndan gelip çykan Kapur ilkinji gezek 1970-nji ýylda kakasy Raj Kapuryň... Читать дальше...
Owgan resmileri demirgazyk Badahşan welaýatynda “Talyban” söweşijileriniň hatarynda daşary ýurtly söweşijileriň söweşýändigini aýdýarlar, eger-de munuň dogrudygy subut edilse, ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk ylalaşygynyň şertleri bozulýar. Welaýat häkimi Zakariýa Sawda esasan goňşy Täjigistandan we Özbegistandan bolan 400 daşary ýurtly söweşijiniň “Talybana” goşulyp, olaryň welaýatyň çäginde owgan howpsuzlyk güýçlerine garşy söweşýändiklerini aýtdy. Sawda “Talyban” bilen daşary... Читать дальше...
Döwlet sekretary Maýk Pompeo oktýabrda BMG-niň embargosynyň möhleti tamamlanandan soň Eýranyň adaty ýarag satyn almagyna ýa-da satmagyna ABŞ-nyň rugsat bermejekdigini aýtdy. Bu göçüm Tähranyň 2015-njy ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyndan, ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça möhüm ylalaşykdan çekilmegine getirip biler. “Biz muňa ýol bermeris” diýip, Pompeo 29-njy aprelde geçiren metbugat ýygnagynda ýarag embargosynyň möhletiniň dolmagy baradaky soraga beren jogabynda aýtdy. ... Читать дальше...