Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkiýede ýaramaz hilli arakdan zäherlenen türkmen migrantlary we türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtda ýogalan raýatlarynyň garyndaşlaryna hossarlyk etmekden geçen, duýgudaşlyk hem bildirmezliginiň mümkin bolan sebäpleri baradaky söhbetdeşligimizi, “Talyban” toparynyň söweşijileriniň Türkmenistan bilen arada gozgaýan serhet dawalary we demirgazyk Owganystandaky ýagdaýlar baradaky maglumatlarymyzy diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Mary şäherinde 3-nji aprelde azyk önümleriniň ýiti ýetmezçiligi sebäpli ýerli ýaşaýjylardan ençeme adam öz-özünden proteste çykdy. Aglaba köplügi aýallardan bolan topar owaly bilen bu welaýaty ýurduň beýleki çäkleri bilen baglanyşdyrýan awto ýoly baglady. Soňra bir topar jemagat regionyň administratiw merkezine ugrady. Olar un hem beýleki azyk önümleri bilen üpjün edilmegini talap etdiler. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň Mary welaýatyndaky ynamdar çeşmä salgylanyp aýtmagyna görä, şäheriň... Читать дальше...
Gyrgyzystanda koronawirus ýokuşan 144 adamyň 9 sanysy saglyk işgärleri bolup durýar. Düýn olaryň sany 8 adamdy, bu gün ýene biri üstlerine goşuldy. Olaryň ählisi koronawirus göteriji bolup durýar. Bu barada 4-nji aprelde guralan brifing wagtynda Saglyk ministrliginiň resmisi Kasymbek Mambetow habar berdi. Wirus ýokuşan lukmanlaryň ýedisi Jalalabat sebitinde işleýär, biri Bişkekde, beýlekisi Oşda. 4-nji apreldäki maglumatlara görä, Gyrgyzystanda COVID-19 ýokuşan täze 14 näsag hasaba alyndy. Читать дальше...
Merkezi aňtaw gullugy Hytaýyň pesinden fewral aýyndan bäri koronawirus ýokuşan adamlaryň sanyny kän derejede azaldyp görkezýändigini aýdyp, Ak tama duýduryş berdi. "Nýu-York Taýms" gazetiniň ýazmagyna görä, Hytaý her 100 müň adama alty töweregi koronawirus nasagynyň bardygyny habar berdi. Bu koronawirus keseliniň agyr zarba ýurtlary bolan Italiýada, Ispaniýada, ABŞ-da we beýleki ýurtlarda hasaba alnan näsaglaryň sany bilen deňeşdirilende has az bolýar. Jon Hopkins uniwersitetiniň toplan maglumatlar bazasyna görä... Читать дальше...
Hytaý koronawirusdan ýogalan müňlerçe raýatynyň ýasyny tutdy, ejir çekenlere gynanç bildirdi, emma beýleki ýurtlarda pandemiýanyň ýaýramagy adam heläkçiliklerine we ykdysady ýitgilere sebäp bolmagyny dowam etdirýär. Hytaýda 4-nji aprelde milli baýdak ýurt boýunça ýarpy aşak goýberildi we her dürli tomaşa çärelerini geçirmek togtadyldy. Ýas güni ýyllyk Kingming mazar süpürmek festiwalynyň başlanmagyna gabat geldi, bu günde millionlarça hytaýly gonamçylyklara zyýarat edip, ata-babalaryna hormat goýup, ýakynlarynyň mazarlaryna esewan edýär. Читать дальше...
Berdimuhamedow bäşinji gün geçiren mejlisinde ýurtdaky önümçiligiň möçberlerini artdyrmak, eksporty köpeltmek barada öňden aýdyp gelýän sözlerini tekrarlamak bilen bir hatarda, uly gurluşyk taslamalary meselesinde ozal mümkin bolup görünmedik öwrüm etdi.
Türkmenistan Orsýetden koronawirus näsaglaryny bejermekde ulanmak üçin uly möçberdäki medisina enjamlaryny satyn alýar. TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, Orsýetiň “Medsizntez” kärhanasy Türkmenistana häzirki wagtda Hytaýda koronawirus näsaglaryny bejermek üçin hassahana barlagyndan geçirilýän “Triazawerin” prepataryny satdy. “Medzintez” kompaniýasynyň başlygy Aleksandr Petrow “Biz Türkmenistana [pereparat] iberdik. Bu ynsanperwer haryt däl, serişde goýberildi, olar özleri üçin satyn aldylar” diýdi. Читать дальше...
Basym Türkmenistanyň bazarlarynda täze bir tämizlik serişdesi, “Taç hil” kompaniýasynyň ýüzärlik dänesiniň garylmagynda öndürýän suwuk sabyny satylmaga başlar. Türkmen prezidentiniň we TDH-nyň dekabrdan bäri dünýä metbugatynda esasy söze öwrülen koronowirusy ilkinji gezek giňden ulanyp başlan gününe gabat gelen täzelik 3-nji aprelde hökümete tarapdar “Turkmenportal” neşirinde, “Türkmenistan” gazetine salgylanyp habar berildi. Habarda “Taç hiliň” öndürjek täze, ýüzärlik garyndyly sabynynyň degişli... Читать дальше...
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Darganata etrabynyň bankomatlarynda bir gije-gündiziň dowamynda nagtlaşdyrmaga rugsat berilýän puluň möçberiniň 100 manada getirilendigini habar berýär.