ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky öňki ilçisi Samanta Power koronawirus keseline garşy utgaşdyrylan global gaýtawul berilmezliginiň heläkçiligi has-da güýçlendirendigini hem-de wirus dünýäniň islendik künjünde möwjeýän wagty hiç kimiň goragly däldigini aýtdy.
8-nji aprelden başlap Aşgabatda ilatyň bank kartlaryndaky pullaryny diňe kartyň açylan banklaryna degişli bankomatlardan nagtlaşdyrmaga rugsat berler.
9-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Türkmenistan koronawirus boýunça köpçülikleýin barlaglara taýýarlyk görýär. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, COVID-19 anyklamak boýunça testler käbir orta mekdeplerde çagalar baglarynda başlanypdyr.
Koronawirus pandemiýasynyň käbir global gyzgyn nokatlarda ýokary derejä çykyp başlandygy baradaky deslapky alamatlara global ykdysady çökgünlik we jemgyýetçilik tolgunyşyklary baradaky hopukdyryjy çaklamalar kölege salýar.
Koronawirus pandemiýasy sebäpli uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň fonunda, 100-den gowrak türkmen raýaty Hindistandan Türkmenistana dolanyp bilmän kösenýär. Olaryň Türkmenistanyň Nýu-Delidäki ilçihanasyndan kömek sorap edýän haýyşlary netije bermeýär.
Daşkentdäki 6-njy bäbekhana toplumy saglyk işgärleri, çaga dogran eneler we bäbekler bilen bilelikde karantin astyna alyndy. Bu barada 9-njy aprelde metbugat üçin guralan brifing wagtynda döwletiň baş sanitariýa inspektory Nurmat Otobekow habar berdi. Onuň sözlerine görä, bäbekhananyň 14 günlük karantin astyna alynmagyna çaga dogran aýallaryň biriniň COVID-19 ýokuşan näsag bilen aragatnaşyk etmegi sebäp bolupdyr. “Bellenen wagt içinde kesel alamatlary ýüze çykarylmasa, karantin ýatyrylar” diýip, baş sanitariýa inspektory aýtdy. Читать дальше...
Koronawirus pandemiýasynyň arasynda sansyz-sajaksyz kärhananyň ýapylmagy bilen hökümetler öz ýurtlarynyň ykdysadyýetini berkitmäge synanyşmak üçin aýgytly çäreleri görýärler. Bular pul-kredit syýasatyndan başlap, ejir çekýän raýatlara gös-göni azyk kömegini bermek ýaly çäreleri öz içine alýar. (Margot Buff, RFE/RL)
Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň maliýe ministrleri 9-njy aprelde koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän krizis şerlerinde milli ykdysadyýetleri goldamak üçin 500 milliard ýewro möçberinde çäreler paketini döretmek ylalaşygyna geldiler. Ýewro zonasyndaky çuňňur ylalaşmazlyklary ýüze çykaran we birnäçe hepde dowam eden çekişmelerden soň, ministrler ýokanç keseliň ýaýramagynyň netijelerini ýeňip geçmäge çalyşýan işgärleri, telekeçileri we döwletleri goldamak baradaky çäreler boýunça ylalaşyga geldiler. Читать дальше...
Gazagystanyň syýasy elitasynyň iki agzasy – ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy we agtygy Londonda “esaslandyrylmadyk baýlyk” işi boýunça geçirilen sudda ýeňiji boldy. Ýokary sud Angliýanyň jenaýata garşy milli gullugynyň Dariga Nazarbaýewanyň we onuň agly Nuraly Aliýewiň Londondaky emläkleriniň bikanun ýollar bilen alnandygy baradaky tassyklamasyny nädogry hasaplady. Sud seljerişliginde umumy bahasy 80 million funt sterlingden gowrak serişdä durýan üç jaý hakynda gürrüň edilýärdi. ... Читать дальше...
Halkara kömek topary bolan “Oxfam” dünýä liderlerini koronawirus pandemiýasy sebäpli ýarym miliard çemesi adamyň garyplyga düşmeginiň öňüni almak üçin köptaraply ykdysady halas ediş planlaryny işläp düzmäge çagyrýar. Sahawatlylyk guramasy 9-njy aprelde hasabat çap edip, “baý ýurtlar” krizis döwründe öz ykdysadyýetlerini goldamak üçin trillionlap dollar serişde jemläp bilýändiklerini görkezdiler, olar garyp ýurtlar babatynda hem şeýle etmeli diýdi. Oksfam Halkara Walýuta Gaznasynyň, Bütindünýä... Читать дальше...