Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde güýçli apy-tupan turdy. Azatlygyň habarçylary tebigy hadysanyň 27-nji aprelde ýerli wagt bilen 19:30 töweregi ýüze çykandygyny, şäherde elektrik togunyň kesilendigini, köçeleri suw basandygyny aýdýarlar. “Agşama golaý asman garaňkalap, tüweleýe meňzeýän ýel turdy we güýçli ýagyn ýagyp başlady. Şäherde elektrik togy kesildi. Köçeleri suw aldy. Güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy. Köçelerde galan adamlar aljyrap harasatdan goranar ýaly ýer gözleýärdi” diýip... Читать дальше...
Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 206 müň adamdan geçdi, onuň 3 million töweregi adama
Şu günler Türkmenistanyň dürli regionlarynda gowaça ekiş möwsümi dowam edýär hem-de ýüpek gurçugyny idetmek çäreleri bat alýar.
Lebap welaýatynyň Kerki we Hojambaz etraplarynda 18 ýaşyny dolduran mekdep okuwçylaryna maý aýynda harby gulluga äkidiljekdigi duýduryldy.
Türkmenistan koronawirus pandemiýasynyň fonunda köpçülikleýin çäreleri geçirmegini, adamlary tomaşaçy hökmünde mejbury gatnaşdyrmagyny dowam etdirýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň atçylyk ugruna 680 million dollaryň sarp edilendigini aýtdy. Bu barada döwlet habar serişdeleriniň çap eden maglumatlarynda habar berildi. Türkmen prezidentiniň sözlerine görä, agzalan möçberdäki ummasyz pul atlaryň we at saklaýanlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly maksatara sarp edilipdir. Ahalteke atlarynyň bilermeni, ussat seýis, atşynas hökmünde çykyş edýän prezident Berdimuhamedow atlara kitap we aýdym bagyşlaýar. 26-ny... Читать дальше...
Gazagystan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli adatdan daşary ýagdaýyny uzaldan hem bolsa, 16-njy martda girizen çäklendirmeleriniň käbirini gowşadyp başlady. Prezident Kasym-Žomart Tokaýewyň 27-nji aprelde mälim etmegine görä, paýtagt Nur-Sultanyň we ýurduň iň uly şäheri Almatynyň arasyndaky uçar gatnawy 1-nji maýda dikeldiler, emma 30-njy aprelde ýatyrylmagy planlaşdyrylan adatdan daşary ýagdaý 11-nji maýa çenli uzaldylar. Gazagystanyň saglyk resmileri ýurtda hasaba alnan koronawirusly ýagdaýlaryň 2 780 adamdan ybaratdygyny... Читать дальше...
Şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda dowam edýän uruş zerarly 500-den gowrak raýat öldürilipdir, olaryň üçden bir bölegi çagalar. Ýaralananlaryň sany 760 adam çemesi. Bu sanlar BMG-niň 27-nji aprelde çap eden hasabatynda mälim edildi. BMG Owganystana koronawirus howpunyň wehim salýan wagtynda raýatlaryň goragyny has-da güýçlendirmegiň zerurlygyny hem nygtaýar. Hasabata görä, ýylyň başyndan bäri uruş zerarly wepat bolanlaryň arasynda 152 çaga heläk bolupdyr we 265 çaga ýaralanypdyr. Şeýle-de, 60 zenan heläk bolupdyr we 108 zenan ýaralanypdyr.
Dünýäde harby maksatlara 2019-njy ýylda $1,9 trillion sarp edilip, soňky on ýyllykda iň uly çykdajy edilipdir. Bu barada Şwesiýada ýerleşýän harby institut (SIPRI) habar berýär. 27-nji aprelde çap bolan maglumata görä, 2019-njy ýylda global harby çykdajylaryň 62% bäş ýurduň ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Orsýetiň we Saud Arabystanynyň paýyna düşýär. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende harby çykdajylar 3,6% artypdyr. Bu görkeziji 2010-njy ýyldan bäri harby çykdajylaryň iň uly möçberini emele getirýär. Читать дальше...
Orsýetde COVID-19 bilen kesellänleriň sanynyň 80 949 adama çenli artandygyny ýurduň koronawirusyň ýaýramagyna garşy operatiw ştaby habar berdi. Bir gije-gündizde ýene 6361 adam keselläpdir. Koronawirusyň bardygy anyklanan adamlaryň tas ýarsynda, ýagny 45,9% inweksiýanyň alamatlary bolmandyr. Kesellänleriň uly bölegi Moskwada hasaba alyndy. Bir gije--gündizde Moskwada 2971 adamda koronawirus anyklanypdyr, inweksiýaly jemi 42 480 adam hasaba alynypdyr. Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä... Читать дальше...
Dünýäde koronawirus infeksiýasy ýokaşan adamlaryň sany 27-nji aprelde 3 milliona golaýlady, ýogalanlaryň sany 206 müň adama ýetdi. Dünýäniň ençeme ýurdy kesele garşy girizen çäklendirmelerini gowşadyp başlady. Kebir ýurtlaryň berýän resmi sanlarynyň kesellänleriň hakyky sanyndan kem bolmagy çak edilýär. Häzirki wagtda koronawirus bilen täze kesellän diňe üç adamyň hasaba alnandygyny we 12 gün bäri ölenleriň ýokdygyny aýdýan Hytaýyň berýän maglumatlaryna şübheli garalýar. Günbatar ýurtlarynda... Читать дальше...
Lebaplylar ýiti un gytçylygyny başdan geçirýärler. Welaýatyň ençeme obasynda ilat degirmende mekgejöweni ýaryp, un edip iýýär diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri Lebapdan habar berýär.