Gazagystanyň tanymal syýasy aktiwisti we hökümet tankytçysy, hamala, adatdan daşary ýagdaý wagtynda "ýalan maglumatlary" ýaýratmakda aýyplanyp, polisiýa tarapyndan tussag edildi. Polisiýanyň 18-nji aprelde çap eden beýanynda Arman Şuraýewiň sosial ulgamlary ulanyp, "ýalan maglumatlary bile-göre gaýta-gaýta ýaýradandygy" aýdylýar, ýöne bu ýagdaý barada jikme-jik maglumat berilmeýär. Milletçi syýasatça öwrülen öňki telewideniýe işgäri, prezidentiň özüni tankytlamakdan gaça durup, köplenç Kasym-Žomomart... Читать дальше...
"Şaly ekýän daýhanlaryň iş şertleriniň gowulanmazlygy her ýylda daşardan azyndan 15 million dollar möçberinde tüwi önümleriniň satyn alynmagyna sebäp bolýar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran synçy aýdýar.
Özbegistanda 18-nji aprelde agşam sagat 19:00—a çenli koronawirus ýokaşandygy hasaba alnanlaryň sany 19 adam köpelip, jemi 1469 boldy diýip, Saglyk ministrligi habar berdi. Häzire çenli COVID-19-dan 194 adamyň gutulandygy, dört adamyň bolsa ölendigi belli. Saglyk ministrligi Kaşkaderýa oblastynyň Çirakçin etrabyndan agyr ýagdaýdaky 83 ýaşly näsagyň we Nukusdan 6 ýaşly gyzyň bu dertden gutulandygyny habar berdi. Dünýäde 2,2 milliondan gowrak COVID-19 näsagy hasaba alyndy, olaryň 154 müňden gowragy ýogaldy. Читать дальше...
Orsýetde soňky 24 sagatda koronawirus ýokaşana adamlaryň 4785 sanysy ýüze çykaryldy. Bu täze rekord. Orsýetde tapgyr ýedi gün bäri wirus ýokaşýanlaryň sany ýokarlanýar diýip, Azatlyk radiosynyň Rus gullugy habar berýär. Orsýetde wirus ýokaşanlaryň umumy sany 36 müň adamdan geçdi. Bu görkeziji bilen ol dünýäde onunjy orna çykdy. Orsýet häzir bu keseliň ýokaşma tizliginiň ösüşi boýunça dünýäde iň ýokary ýurtlaryň biri bolup durýar. Bir gün öň Orsýetde 4050 sany koronawirus näsagy tassyklandy. Читать дальше...
Owgan hökümetindäki çeşmeler prezident Aşraf Ganiniň köşgünde işleýän resmileriň azyndan 20 sanysynyň koronawirus barlagynda oňyn netije görkezendigini, bu ýagdaýyň 70 ýaşyndaky lideri öz işgärleri bilen aragatnaşygyny köp derejede çäklendirip, sanly aragatnaşyga geçmäge iterendigini aýdýarlar. Ýokary derejeli owgan saglyk resmisiniň 18-nji aprelde “Roýters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Kabuldaky prezident köşgüne gowşurylan resmi dokumentde kesel ýokaşan işgärleriň atlary bar, olaryň köpüsi... Читать дальше...
Dünýä Türkmenleriniň bu sany tebipler, palçylar, yrymlar, Kaşpirowskiý we koronawirus baradaky söhbete gönükdirilýär.