Berdimuhamedow Hytaýda koronowirusyň ýaýrandygy baradaky habarlar gowşan badyna, bu ugurda bada-bat berk çäreleriň görlendigini, ol ýerdäki türkmen raýatlarynyň yzyna getirilendigini, uçar gatnawlarynyň ýatyrylandygyny, beýleki çäklendirmeleriň girizilendigini ilkinji gezek dile getirdi.
Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 53 müňden geçdi, onuň 1 milliondan gowrak adama ýokuşandygy tassyklandy we hökümetleriň täze respirator keseliniň ýaýramagyny haýallatmak synanyşyklary käbir ýurtlarda bökdençliklere sebäp boldy.
Türkmenistanda, ýitileşýän krizisiň we hususy telekeçilige girizilýän çäklendirmeleriň arasynda, döwlet edaralary bilen birlikde, hususy kärhanalar hem köpçülikleýin ýagdaýda işgär sanyny kemeltmäge başlady.
Türkmenistanda koronawirus bilen göreşmek üçin hassahanalar taýýarlanýar, ýurduň keselhanalarynda planly operasiýalar yza tesdirilýär, COVID-19 bilen kesellänlere garaşyk etmek üçin taýýarlyk görülýär, emma lukmanlara koronawirus sözüni agzamak gadagan edilýär.
Koronawirus barlaglaryny geçirmek üçin test enjamlary ýetmezçilik edýär, ýöne täze tehnologiýalar bazara çykarylýar we bular lukmanlary pandemiýa garşy göreşmek üçin zerur gurallar bilen üpjün edýär. Ekspertler testleri geçirmegiň diňe näsaglary bejermek üçin däl, eýsem keseliň ýaýramagyny çäklendirmek we ony yzarlamak üçin hem möhümdigini aýdýarlar.
Aşgabadyň döwlet banklarynyň öňünde bank hasaplaryndaky pul serişdesini nagtlaşdyrmak isleýän telekeçileriň uly nobatlary döredi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.
Türkiýede ýasama arakdan ýogalan adamlaryň sany 2-nji aprelde 55 adama ýetdi diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri habar berýär.
Türkmenistanda pensiýa haklary nagt tölenýän gartaşan raýatlaryň ýeňillikli durmuş üpjünçiligine degişli täze talap girizildi.
Dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany bir gün ozalkydan hemişe ýokary bolup, 2-nji aprelde olaryň sany 1 milliondan geçdi. Ýöne hakyky sanlar aslynda has ýokary bolsa näme?
Birleşen Ştatlarda we beýleki öňdebaryjy ýurtlarda ýokarlanan işsizlik sebäpli durmuş kömegini soraýanlaryň aşa köpelmegi baradaky maglumatlaryň arasynda dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany bir milliondan geçdi. ABŞ-daky Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, 3-nji aprelde dünýäde koronowirusdan ölenleriň sany 53 müňden geçdi, 210 müňden gowrak adam bolsa gutuldy. Pandemiýa garşy görülýän çärelere garamazdan, koronawirus ABŞ, Ispaniýa we Angliýa ýaly ýurtlaryň her gün... Читать дальше...
Ýurduň günortasyndaky Oş sebitinde koronowirus ýokuşandygy tassyklanan adam ýogalandan soň, Gyrgyzystan özüniň COVID-19-dan ölen ilkinji resmi pidasyny hasaba aldy. Saglyk resmileri 3-nji aprelde 61 ýaşyndaky erkegiň, “ozaldan hem birnäçe çynlakaý derdi bolan” raýatyň daşary ýurda eden saparyndan yzyna dolanyp gelenden soň, näsaglygy sebäpli gözegçilik astyna alnandygyny aýtdylar. Ol soňra koronowirus barlagynda oňyn netije görkezdi we hassahana ýerleşdirildi. “Dogrusyny aýtsak, ol jaýlananda... Читать дальше...
Koronawirus pandemiýasynyň ykdysady täsirleri 2-nji aprelde ABŞ-da we beýleki öňdebaryjy ýurtlarda işsizligiň aşa ýokarlanmagy bilen baglanyşykly aladalara ünsi çekdi. Birleşen Ştatlaryň Jon Hopkins uniwersitetiniň toplan maglumatlaryna görä, 2-nji aprelde dünýäde milliondan gowrak koronawirus näsagynyň hasaba alnandygy belli boldy. Uniwersitetiň soňky maglumatlaryna görä, ýurtlaryň pandemiýa bilen göreşýän döwründe 53 müňden gowrak adam öldi. Geçen hepde ABŞ-da rekord derejede, 6,6 million... Читать дальше...
Bütindünýä banky ösýän 25 ýurda koronowirus pandemiýasyna garşy göreş üçin beriljek takmynan $1.9 milliard möçberinde maliýeleşdirmäni tassyklady. 2-nji aprel güni giçlik tassyklanan kömek serişdeleri Pakistan üçin $200 million, Owganystan üçin $100 million, Gyrgyzystan üçin $12.5 million, Täjigistan üçin goýberilen $11.3 million maliýe ýardamlaryny hem öz içine alýar. Bütindünýä bankynyň prezidenti Deýwid (David) Malpass beýanat çap edip, Halkara walýuta fondunyň karz bölüminiň gelýän 15 aýda... Читать дальше...