Добавить новость

В Подмосковье проходит фестиваль национальных культур

Боевики перерезали горло священнику православного храма в Дербенте

Участники программы реновации получили более 80 тыс. уведомлений через суперсервис на mos.ru

Mash: 40 заложников заперты в православном храме в Кировском районе Махачкалы



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapdaky harasat: Aşgabat ‘1 sagat öňünden duýdurdy’, azyndan 10 adam öldi, ilat Trampa ýüzlenmekçi

Lebapdaky harasat: Aşgabat ‘1 sagat öňünden duýdurdy’, azyndan 10 adam öldi, ilat Trampa ýüzlenmekçi

Lebapdaky gidrometeorologiýa merkezi şu hepdäniň başyndaky apy-tupan barada harasatyň ýüze çykmagyndan bir sagat öň duýdurdy.

Lebapda apy-tupanda parahat ilatyň arasyndan azyndan 10 adamyň we birnäçe polisiýa işgäriniň heläk bolandygy barada Azatlygyň ýerli habarçylary maglumat berýärler.

Weýrançylykly tebigy harasat barada häzirki güne çenli dymmagyny dowam etdirýän türkmen häkimiýetleri ýerli ilata bir aýlyk zähmet haklarynyň meýletin-mejbury ýagdaýda döwletiň haýryna geçiriljekdigini duýdurýarlar.

Garaşsyz habar neşirleri Lebap welaýatyna barýan ýollaryň polisiýa tarapyndan petiklenendigini, şeýle-de merkezi Türkmenabat şäheriniň gumanitar heläkçiligiň bosagasynda durandygyny belleýärler.

Türkmen häkimiýetleriniň ýeterlik hemaýat bermeýändigini aýdýan ilat, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampdan kömek soramakçy bolýar.

Daşary ýurtlardaky türkmen toparlarynyň apy-tupan barada aç-açanlyga çagyrýan pursady, türkmen häkimiýetleri bilen bir hatarda, ýurduň resmi we ýarym-resmi neşirleri hem bu meseläni ünsden düşürmegini dowam etdirýärler.

Häkimiýetleriň dymýan mahaly, howpsuzlyk işgärleri weýrançylyklar bilen bagly maglumatlaryň Intertetde ýaýradylmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar.

Bu aralykda, goňşy Özbegistanda häkimiýetler ýakynda ýene apy-tupanyň turup biljekdigi barada ilata duýduryş berýärler.

Lebap welaýatynyň gidrometeorologiýa merkezi 27-nji aprelde agşamara dörän weýrançylykly apy-tupandan bir sagat öň, ýetip gelýän harasat barada welaýat häkimligine, Türkmenabat şäher häkimligine, adatdan daşary ýagdaýlar gullugyna, polisiýa habar berdi diýip, Azatlygyň bu ýagdaýlardan habarly ygtybarly bir çeşmesi gürrüň berdi.

Çeşme merkeziň bu baradaky habaryň Aşgabatdaky baş edaradan gelen badyna sebitiň degişli gulluklaryna ýollanandygyny, emma Lebapdaky merkeziň özünde degişli tehniki mümkinçilikleriň ýokdugy sebäpli, howanyň üýtgemegi bilen baradaky maglumatlar babatynda Aşgabada bagly bolup durýandygyny aýtdy.

Aşgabadyň we Lebap welaýatynyň degişli gidrometeorologiýa merkezlerinden weýrançylykly apy-tupanyň turmak mümkinçilikleriniň bir sagatdan has ir anyklamak mümkinçilikleriniň bolup-bolmandygy, şeýle-de bir sagatlyk möhletiň tebigy harasatyň agyr netijeleriniň öňüni almak üçin nä derejede ýeterlikdigi barada resmi ýagdaýda kommentariýa almak başartmady.

Emma duşenbe güni ýüze çykan apy-tupanyň döreden weýrançylyklaryndan çen tutulsa, bir sagat öňünden berlen duýduryşyň ýeterlikli we netijeli bolmandygyna çalym edýär.

 

Soňky gowşan maglumatlarda Azatlygyň habarçysy harasatda parahat ilatyň arasyndan azyndan 10 adamyň we polisiýanyň birnäçe ofiseriniň ölendigini aýtdy.

Turkmen.news neşiri hem öz çeşmelerine salgylanyp, apy-tupanda onlarça adamyň heläk bolandygyny we dereksiz ýitendigini habar berýär.

“Türkmenabat şäheriniň tas ähli raýonynda diýen ýaly şu gün we düýn adamlar jaýlandy. Welaýat keselhanasy gopan üçeklerden, agan balkonlardan, ýykylan sputnik antenalaryndan we tok liniýalaryndan şikeslenen adamlardan doly” diýip, turkmen.news 29-njy aprelde habar berdi.

Adam ýitgileri we ýaralananlar baradaky maglumaty, umuman, bu harasat barada häzirki güne çenli dymyşlygy saklap gelýän resmi türkmen häkimiýetlerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

 

Apy-tupandan bäri üç gün geçse-de, welaýatyň köp sebitlerde, şol sanda merkezi Türkmenabat şäherinde hem aragatnaşyk täzeden ýola goýulmady. Azatlygyň habarçylary şäher ilatynyň maglumat elýetersizligi sebäpli dowla düşendigini aýdýarlar. Bu ýagdaý ýurt içindäki ýakynlaryndan habar tutup bilmeýän daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň köpüsini hem alada goýýar.

Welaýatyň köp sebitlerinde, şol sanda Farapda, Türkmenabatda we Seýdide heniz hem suw, elektrik togy ýok.

“Suw, tok, aragatnaşyk ýok. Onsuz hem gytçylykda, açlykda ýaşaýardyk. Adamalarda häzir iýmäge zat galmady. Öz ýolbaşçylaryndan göwni geçen ilat, alaçsyzlykdan daşary ýurt ýolbaşçylaryna [ABŞ-nyň prezidenti] Donald Trampa ýüzlenip kömek sorajak bolýar” diýip, Lebapdaky bir çeşmämiz 30-njy aprelde sebitdäki ýagdaýlary suratlandyrdy.

Internetde paýlaşylýan wideolarda we suratlarda tupanyň we ýagşyň binalara uly zyýan ýetirendigini, Türkmenabatdaky köp sanly jaýlaryň üçekleriniň weýran bolandygyny, diwarlaryň opurlandygyny, ulaglara zeper ýetendigini görse bolýar.

Azatlygyň ýerli habarçylary harasatyň müňläp gektar pagta, bugdaý we gök-bakja meýdanlaryna hem zyýan ýetirendigini aýdýarlar.

 

Habarçy weýrançylyklaryň netijelerini aradan aýyrmaga “goşant hökmünde”, ýerli býujet işgärlerine bir aýlyk zähmet haklarynyň tutulyp, döwletiň haýryna geçiriljekdigi barada duýdurylyp başlanandygyny hem belleýär.

Bu aralykda, polisiýa Lebap welaýatyna barýan ýollary petikledi. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň maglumatyna görä, welaýatyň çäklerine hiç kim, şol sanda apy-tupandan ozal çykyp giden ýerli ýaşaýjylar hem goýberilmeýär. Neşir adamlaryň ýollaryň açylmagyna garaşyp Baýramalynyň golaýynda ýygnandyklaryny aýdýar.

Türkmenistanyň hökümeti Lebapda dörän güýçli howa hadysasy, onuň netijeleri, ölen ýa-da ýaralanan adamlaryň bardygy ýa-da ýokdugy, çekilen zyýan we beýleki ýagdaýlar barada ýurt raýatlaryna häzirki güne çenli maglumat bermän gelýär.

Daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýa toparlarynyň türkmen häkimiýetlerini aç-açanlyga çagyrýan pursady, Türkmenistanyň ne döwlet eýeçiligindäki ne-de ýarym resmi habar serişdeleri howa hadysasynyň netijeleri, Lebap halkyna ýetirilýän ýardamlar we beýlekiler barada dymyşlygy saklamagyny dowam etdirýärler.

Bu aralykda, Lebapda howpsuzlyk işgärleri harasatyň weýrançylykly netijeleriniň Internetde paýlaşylmagynyň öňüni almaga synanyşýarlar. Azatlygyň habarçysy iň azyndan Farapda we Türkmenabatda howpsuzlyk gulluklarynyň we polisiýanyň adamlaryň maglumatlary paýlaşmazlygy üçin haýbat atyp başlandyklaryny aýtdy.

 

Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriň habarçylarynyň we çeşmeleriniň tassyklaýşy ýaly, ýerli ilat türkmen häkimiýetleriniň dymmagyna nägile bolýar. Adamlar goňşy Özbegistanda turan apy-tupandan soň, özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iň köp ejir çeken sebitlere hut özüniň baryp görendigine, türkmen häkimiýetleriniň bolsa, bu barada kelam agyz söz aýtmaýandygyna ünsi çekýärler.

Bu aralykda, Özbegistanda nobatdaky mümkin apy-tupan barada ilata duýduryş berilýär. Özbek resmileri Türkmenistandan gelýän yssy howa akymlarynyň netijesinde, 1-nji, 2-nji maý günleri Türkmenistan bilen serhetleşýän käbir sebitlerinde güýçli ýeliň we ýagynyň ýüze çykyp biljekdigini duýdurýarlar.

Munuň netijesinde, gürrüňi gidýän sebitiň Türkmenistan tarapynda hem nähilidir bir tebigy harasatyň dörejekdigi belli däl. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň websaýtynda howanyň howply ýagdaýda üýtgäp biljekdigi barada hiç hili duýrudyş ýok. Bellesek, bu barada 27-nji apreldäki harasatdan öň hem hiç hili duýduryş ýerleşdirilmändi. Resmi maglumata görä, Türkmenabatda 1-nji we 2-nji maý günleri “üýtgäp durýan bulutly howanyň” bolmagyna garaşylýar.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Прыгнули, чтобы спастись. Двое погибли в пожаре в здании НИИ во Фрязине

На фестивале «День молодежи» пройдет конкурс короткометражное кино

Лагерь Асбест. 19

Школьники из Люберец выиграли бронзу на всероссийском чемпионате «Профессионалы»

Музыкальные новости

Адель и Metallica подверглись антироссийской критике

В День памяти и скорби военнослужащие и сотрудники центрального аппарата Росгвардии возложили цветы к памятнику воинам войск правопорядка

Более половины продаваемых домов в РФ дешевле однокомнатных квартир

Посол США в Японии: наши худшие опасения - визит Путина в КНДР и Вьетнам. Скрипали не придут на дело Стерджесс. Олланд: макронизму конец

Новости России

При силовой поддержке СОБР Росгвардии задержана группировка, продающая психотропы в Москве

Площадь пожара во Фрязине выросла до 4,5 тыс «квадратов»

В Подмосковье более 2,2 тыс участников аварий обратились в службу при ДТП

Жителей Подмосковья приглашают поучаствовать в форуме «Россия 809»

Экология в России и мире

Никакой сметаны: что делать с солнечным ожогом рассказал доктор Кутушов

11 страшно ядовитых растений, о которых необходимо знать каждому

«108 приветствий Солнцу»: Spirit. Fitness и смотровая площадка PANORAMA360 проведут массовую медитацию на высоте 327 метров

Loewe, коллекция menswear весна-лето 2025

Спорт в России и мире

Тарпищев: У Рублева есть сложности со здоровьем, но он хочет сыграть на Уимблдоне

Калинская выиграла второй матч за день и вышла в финал турнира в Берлине

Рейтинг WTA. Калинская дебютировала в топ-20

Россия — первая по теннисным отказникам! Почему сразу девять наших сказали «нет» Олимпиаде в Париже

Moscow.media

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70

Мобильный принтер этикеток iMove T3Pro - лёгкий, производительный, компактный

Филиал № 4 ОСФР по Москве и Московской области информирует: В Московском регионе более 62 тысяч семей распорядились материнским капиталом через банки

Audi работает над кроссовером RS Q6 e-tron с агрегатами от Porsche Macan Turbo











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Сотрудники МФЦ в Мытищах напомнили жителям о приложении «Госключ»

Евросоюз ввел санкции против «Шамана» и Полины Гагариной

Оборот розничной торговли в Щелкове достиг 17,1 млрд рублей в 2024 году

При силовой поддержке СОБР Росгвардии задержана группировка, продающая психотропы в Москве