Lebap we Daşoguz welaýatlarynda daýhanlar oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmekde döwletden zerur kömegi wagtynda alyp bilmeýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan welaýatlaryň ýerli ýaşaýjylary oba hojalyk pudagyndaky häzirki bärden gaýtmalar barada maglumat berdiler.
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurt içine edýän saparlary mahalynda guralýan dabaraly çäreleriň bes edilmegini talap edýär.
Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, Türkmenistanda ýurduň daşyna çykmak isleýän raýatalaryň ýaşyna degişli çäklendirme 40 ýaşa çenli artdyrylypdyr. Читайте также на русском "25-nji iýunda daşoguzlylar ýurduň daşyna çykmak boýunça ozalky ýaş çäklendirmesiniň 30 ýaşdan 40 ýaşa çenli artdyrylandygyny bilip galdylar" diýip, Azatlygyň regiondaky habarçysy aýdýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ýylanly we Görogly etraplarynyň migrasiýa gullugyna ýüz tutan ýaşaýjylarynyň sözlerine görä... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti “Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlaryny belledi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine Orazmyrat Kurenow we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine Ýazmyrat Muhammetmyradow bellendi. Ýatlatsak, prezident Berdimuhamedow dowam edýän ykdysady problemalaryň çäginde 2016-njy ýylda Nebit-gaz ministrligini ýatyrypdy. Türkmen lideriniň sözlerine görä... Читать дальше...
Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasy dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça barlag geçirip, onuň netijelerini çap etdi. Aşgabat bu sanawda bahalaryň amatsyzlygy boýunça 209 şäheriň arasynda Awstriýanyň paýtagty Wenadan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu Dabiden we ýene-de iki şäherden soň dünýädäki iň gymmat 43-nji şäher hökmünde agzalýar.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşikleri geçirmek üçin, Moskwa sapar edýär.
Şu gün, 27-nji iýunda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ilkinji gezek Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde, her ýyl prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni bilen jemlenilýan bir hepdelik medeni çäreleriň çäginde bellenilýär.
Kosowanyň we Albaniýanyň liderleri futbol boýunça Dünýä çempionatynyň dowamynda jerime salnan şwesar oýunçylary üçin pul toplap başlandyklaryny mälim etdiler. Ýatlatsak, Şwesariýanyň saýlama toparynyň düzüminde oýnaýan Granit Kshaka we Ksherdan Şaiiri öz toparynyň ýeňişini gutlan pursatlary elleri bilen bürgüdiň yşaratyny görkezipdiler. Oýunçylar munuň bilen özleriniň Kosowa degişli köklerini aýan etjek boldular. Kosowa 2008-nji ýylda özüniň Belgraddan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Kosowada aglaba albanlar ýaşaýarlar. Читать дальше...
Russiýanyň energiýa ministri Aleksandr Nowak özüniň ABŞ-ly kärdeşi Rik Perry we ABŞ-nyň maliýe ministri Stiwen Mnuçin bilen duşuşyp, energiýa meselelerini we ABŞ-nyň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny maslahat etdi. “Biz duşuşdyk. Biz energiýa we beýleki meseleleri hem maslahat etdik. Biz sanksiýalara degişli soraglaryň üstünde hem durup geçdik” diýip, Nowak Waşingtonda geçirilen gepleşiklerden soň çykyş etdi. Soňky ýylyň dowamynda Waşington rus tütjarlaryna, goranmak we aňtaw gulluklaryna dagy garşy sanksiýalary girizipdi. Читать дальше...
Eýranyň günorta-gündogar, Pakistan bilen serhetleşýän sebitinde dörän çaknyşykda üç eýranly esger we üç jeňçi öldürildi. Bu barada Eýranyň döwlet mediasy habar berýär. Maglumatda çaknyşygyň duşenbe güni serhetýaka Mirjaweh şäherinde ýüze çykandygy aýdylýar. Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary “terrorist topary” diýip häsiýetlendiren şahsyýetleriniň ýurda girmekçi bolanlarynda öldürilendigini aýtdylar. Sünnüleriň söweşiji “Jaiş al Adl”, ýagny “Adalat armiýasy” topary 11 sany eýranly esgeri öldürendigini öňe sürdi. Читать дальше...
Russiýada futbol boýunça Dünýä çempionatynyň geçýän Rostow-na-Donu şäherinde partladyjylaryň ýerleşdirilendigi barada ençeme haýbatlar atyldy. Bu barada rus polisiýasy maglumat berdi. Netijede şäherdäki restoranlar we barlar ewakuasiýa edildi. Polisiýa işgäri şäher boýunça 16 binanyň ewakuasiýa edilendigini aýtdy. Emma, gözleg işleriniň netijesinde hiç hili partladyjy serişdeleri tapylmady. Rus resmileri Dünýa çempionatynyň üsti bilen ýurtda durnuklylygyň höküm sürýändigini görkezjek bolýarlar. Читать дальше...
Niderlandlaryň parlamenti jemgyýetçilik binalarynyň içinde “ýüzi örtýän lybaslary”, şol sanda yslam nikaplaryny we çabytlaryny gadagan edýän kanuny kabul etdi. Parlamentiň ýokarky öýi munuň bilen baglylykdaky soňky kararyny sişenbe güni berdi. Mundan öň, ýagny 2016-njy ýylda Parlamentiň aşaky öýi hem bu kanunyň taslamasyny kabul edipdi. Täze kanunyň mekdeplerde, hökümet binalarynda, keselhanalarda we jemgyýetçilik transportynda howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilendigi aýdylýar. Emma, tankytçylar... Читать дальше...