Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainadaky konflikt barada pikir alyşmak maksady bilen 11-nji iýunda Berlinde duşuşýarlar.
Türkmenistanyň çar künjeginde daşary ýurtlardaky türkmen migrantlaryny ýurda dolamak boýunça geçirilýän çäreler dowam edýär. Häkimiýetler “köne pasportly” raýatlaryň pasportlaryny üç hepdäniň içinde täzeläp bermegi wada berýär. Olar daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Migrasiýa hakyndaky kanunyny bozan raýatlaryň jogapkärçilige çekilmejekdigini gaýtalaýar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy 11-nji iýunda maglumat berdi.
Türkmenistanyň, hususan-da, Aşgabadyň orta mekdepleriniň mugallymlary ne maý aýy, ne-de ýyllyk zähmet rugsady üçin aýlyklaryny alyp bilýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary aýdýarlar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda, beýleki käbir kanunlar bilen bir hatarda “Oba hojalygyny ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty ýazýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa ýene hüjüme sezewar edilip, onuň tenine şikes ýetirildi.
ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň resmileri 11-nji iýunda Singapurdaky duşuşygynda prezident Donald Trampyň we Kim Jong Unyň sammiti üçin soňky taýýarlyklary maslahat ederler. Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Hukabee Sandersyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň delegasiýasy bilen gepleşiklerde ABŞ-nyň resmi toparyna Fillipinlerdäki ilçisi baştutanlyk edýär. Tramp and Kim 10-njy iýunda Singapura bardylar. Olaryň sammiti 12-nji iýunda Sentosa dynç alyş adasynda geçiriler. ABŞ-nyň prezidentiniň Demirgazyk... Читать дальше...
Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri gündogar Ukrainadaky konflikti maslahat etmek üçin 11-nji iýunda Berlinde duşuşarlar. “Normand formatynda” geçirilýän gepleşiklerde maslahat ediljek temalaryň arasynda BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasyny konflikt zonasynda ýerleşdirilmek meselesi hem görkezilýär. BMG-niň parahatçylygy dörediji missiýasynyň gündogar Ukrainada ýerleşdirilmegini taraplary ählisi goldaýar, emma missiýanyň ygtyýarlygyna degişli meselede gapma-garşylyk saklanýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti musulmanlaryň dini baýramçylygy Gadyr gijesi mynasybetli 611 adamyň günäsini geçdi. Resmi medianyň 8-nji iýunda çap eden maglumatynda günä geçişligiň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda geçirilýändigini bellendi. Türkmenistanda ýylyň dowamynda birnäçe gezek, baýramçylyklara gabatlap, günä geçişleri yglan etmek däbi ýurdur häzirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamdowyň häkimiýet başyna geçensoň 2007-nji ýylda esaslandyrylypdy. Geçen ýylda Gadyr gijesi mynasybetli... Читать дальше...
Owganystanyň demirgazygynda Gunduz welaýatynda “Talybanyň” söweşijileriniň 11-nji iýunda irden amala aşyran hüjüminde Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 15 wekili wepat boldy diýip, resmiler habar berdiler. Welaýat geňeşiniň agzasy Aminullah Ayaddiniň aýtmagyna görä, Kala-e Zal etrabynda bolan bu hüjüm esgerleriň säherlik naharyna ýygnanan wagtynda ýüze çykypdyr. On esger we bäş polisiýa wekili wepat bolupdyr. Şol bir wagtda-da, Nangarhar welaýatynyň paýtagty Jalalabadda hem harbylar... Читать дальше...
ABŞ-nyň harbylary howa güýçleriniň F-15C söweş uçarynyň Ýaponiýanyň günortasynda Okinawadan günorta tarapda heläkçilige uçrandygyny habar berdiler. Howa güýçleriniň 11-nji iýunda çap eden beýanatyna görä, uçar sürüjisi halas edilipdir. Uçar heläkçiliginiň sebäpleri derňelýär. ABŞ-nyň howa güýçleriniň Okinawadaky Kadena howa bazasyna degişli uçaryň bu sapary adaty türgenleşik missiýasy bolupdy. ABŞ-nyň Ýaponiýadaky 50 müň çemesi harbysynyň ýarysy Okinawada ýerleşýär.