Singapurda ABŞ-nyň we Demirgazyk Koreýanyň liderleriniň sammitine soňky taýýarlyklar görülýär
Ak Tamyň metbugat wekili Sarah Hukabee Sandersyň aýtmagyna görä, Demirgazyk Koreýanyň delegasiýasy bilen gepleşiklerde ABŞ-nyň resmi toparyna Fillipinlerdäki ilçisi baştutanlyk edýär.
Tramp and Kim 10-njy iýunda Singapura bardylar. Olaryň sammiti 12-nji iýunda Sentosa dynç alyş adasynda geçiriler. ABŞ-nyň prezidentiniň Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen geçirjek bu ilkinji duşuşygy Phenýanyň ýadro programmasyna we Koreýa ýarymadasyny ýaragsyzlandyrmak boýunça tagallalaryna gönükdiriler.
Donald Tramp bu sammitiň Demirgazyk Koreýa üçin “ýeke-täk şans” bolup durýandygyny belledi.