Türkmenistanyň çägindäki dürli harby birikmelerde serkerdeler 2 ýyllyk çagyryş boýunça harby gullugy tamamlan esgerleriň ene-atalaryndan ogullaryny gullukdan ir boşatmak üçin 2-3 müň manat möçberinde para soraýarlar. Bu barada Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmesi habar berýär.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasyny geçirýär we ýurduň çar künjeginden göni liniýalar arkaly berilýän soraglara ençeme sagatlap jogap berýär.
Daşoguzda etiň 1 kilogramynyň bahasy 30 manada, süňksüz çylka et 45 manada çykdy. Ozallar welaýatyň çäginde etiň kilogramynyň bahasy 20 manada durýardy. Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soraýan Azatlygyň welaýatdaky habarçysy bu barada 7-nji iýunda maglumat berdi.
Gyrgyzystanda uly seslenme döreden sud işinde ýurduň Ýokary sudy üç oppozision syýasatça garşy bildirilen aýyplamalary öz güýjünde saklady, ýöne olaryň tussaglyk möhletlerini kemeltdi. 7-nji iýunda geçirilen sud diňlenişiginde Bektur Asanowyň we Kubanyçbek Kadyrowyň tussaglyk möhletleri 12 ýyldan sekiz ýyla gysgaldyldy. Ernest Karybekowyň türme tussaglygy 20 ýyldan alty ýyla kemeldildi. Gürrüňi edilýän üç tussag, Internetde olaryň sesine meňzeş adamlaryň hökümeti agdarmak baradaky gepleşikleri peýda bolansoň... Читать дальше...
Daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlary Türkiýede 24-nji iýunda geçiriljek prezident we parlament saýlawlarynda ses bermäge başladylar. Türkiýäniň umumy ses berijileriniň 5 prosentini emele getirýän – daşary ýurtlarda ýaşaýan – 3 million çemesi türk raýaty saýlawlarda iýun aýynyň 7-den 19-na çenli ses berip bilýärler. Olaryň ýarysyna golaýy Germaniýada ýaşaýar. Bu ýurduň 13 şäherinde saýlaw uçastoklary döredildi. Türkiýedäki saýlawlar planlaşdyrylan wagtyndan bir ýyldan hem gowrak wagt öň geçirilýär. Читать дальше...
Türkmenistanly daýhanlar, has anygy ahally, lebaply we maryly gallaçylar 6-njy iýunda galla oragyna başladylar, balkanly we daşoguzly gallaçylaryň bolsa bu işe 13-nji iýunda başlamagyna garaşylýar.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin döwlet tarapyndan dolandyrylýan ýyllyk sorag-jogap sessiýasyny geçirýär we ýurduň çar künjeginden göni liniýalar arkaly berilýän soraglara ençeme sagatlap jogap berýär. 7-nji iýunda başlanan Göni liniýa ýaýlymy, garşydaşlary tarapyndan galplaşdyryldy diýilýän we halkara synçylarynyň halka hakyky saýlaw üçin mümkinçiligiň döredilmändigini aýdýan saýlawda ýeňiş gazanyp, dördünji gezek alty ýyl möhlet bilen täzeden prezidentlige kasam edeninden bir aý soň geçirilýär. Читать дальше...
Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrdy. Muň laýyklykda, Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Mangystau regionynyň ýaşaýjylary şu ýylyň iýun aýynyň 6-dan 16-na çenli aralykda Türkmenistana wagtlaýyn girip bilmezler.
Türkmenistanda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy.
2016-njy ýylyň aýagynda, 2017-nji ýylyň başynda, 5-nji Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygyň çäginde Aşgabatda içi sowadyjyly we ýyladyjyly awtobus duralgalary gurlanda, adamlar çyndan begenipdiler, emma ol duralgalaryň hözirini diňe howpsuzlyk işgärleri görýär .
Türkmenistan Gazagystan bilen aradaky ýeňillikli wiza düzgünini wagtlaýyn ýatyrdy. Muňa laýyklykda, türkmen-gazak serhedi şu ýylyň iýun aýynyň 6-dan 16-na çenli aralykda ýapyk bolar. Belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň ilaty Gazagystanyň Atyrau we Mangystau welaýatlaryna, Gazagystanyň agzalan welaýatlarynyň ilaty-da Türkmenistanyň Balkan welaýatyna bäş günüň dowamynda wizasyz sapar edip bilýär. “Lada.kz” we başga-da birnäçe gazak habar serişdeleri Gazagystanyň Girdejiler boýunça... Читать дальше...
Men kòp yurtlary gezdim, gördüm. Iñ bärkisi goñşy yurtlarymyzda da Tùrkmenistandaky yali kynçylyk yok eken. Oturyp oturyp pikir edip òz yurdumyzy deñeşdirip gòrdüm.