Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlerde Gazagystanyň oppozisiýadaky Demokratik saýlaw hereketiniň gurnaýan ygtyýar berilmedik ýygnanyşygy bilen baglylykda onlarça adam tussag edildi. Polisiýa 23-nji iýunda ýurduň iň uly şäheri Almatyda, protest geçirmegiň teklip edilýän ýeriniň töwereginde barrikada gurdy we ol ýere gelmäge synanyşýan islendik adamy barlagdan geçirmäge başlady. Azatlygyň Gazak gullugynyň habarçylary bu ýerde polisiýanyň azyndan on adamy tutup, alyp gidendigini habar berdiler. Читать дальше...
Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistan 21-nji iýunda Brýusselde özleriniň adam hukuklary boýunça ýyllyk onunjy dialogyny geçirdi diýip, The Times of Central Asia neşiri habar berýär. ÝB Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri üçin şert döretmekden, adam hukuklaryny goraýjylaryň we metbugatyň azat-erkin işlemeginden bähbit tapjakdygyny nygtady. Türkmenistanyň adam gynamalaryna garşy konwensiýanyň we ähli adamyň zorlukly ýitirim bolmakdan goralmagy babatdaky konwensiýanyň fakultatiw protokolyny... Читать дальше...
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji iýunda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny tassyklady. Bu kararyň çagalaryň hukuklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de şol hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen kabul edilendigi aýdylýar. Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdýar. Emma hukuk goraýjylar Türkmenistanda çaga zähmetiniň saklanyp galýandygyny... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren hökümet maslahatynda ýene hökümet agzalarynyň birnäçesine käýinç yglan etdi. Resmi maglumata görä, wise-premýer Pürli Agamyradowa berlen käýinç onuň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri” bilen düşündirilýär. Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýewe,Aşgabadyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary Akjagül Dowwaýewa hem, “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän... Читать дальше...
Eýranyň demirgazygyndaky Gürgen şäherindäki gazak konsullygy gazak kinorežissiýory Kanat Beýsekeýewiň eýran häkimiýetleri tarapyndan “wiza düzgünlerini bozmakda” güman edilip tussag edilendigini aýdýar. Konsul Aýtžan Ydyrysuly 22-nji iýunda Azatlyk radiosynyň Gazak gullugyna Beýsekeýewiň 16-njy iýunda iki sany kömekçisi bilen gysga film düşürmek üçin Gürgene gelendigini, emma olaryň bu ýurtda film düşürmek rugsadynyň, ýagny “žurnalizm wizasynyň” ýoklugy sebäpli tussag edilendigini gürrüň berdi. Читать дальше...
“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiri, golaýda tussagy görüp gaýdan hossarlaryna salgylanyp, raýat aktiwisti Mansur Mingelowyň Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde ýerleşýän türmäniň sanitar bölüminde ölüm halynda ýatandygyny habar berýär.
Badhyz we Kandagar welaýatlarynda “Talybanyň” gurnan tapgyrlaýyn hüjümleri netijesinde owgan howpsuzlyk işgärleriniň 18-si, asuda ilatdan iki adam öldürildi diýip, resmiler aýtdylar. “Talyban” söweşijileri bu hüjümleri 22-nji iýunda irden guradylar diýip, resmiler aýtdylar. Badhyz welaýatyndaky hüjümde azyndan 14 esger we iki sany asuda adam öldürildi diýip, welaýat geňeşiniň agzalary ýerli media aýtdylar. Kandagarda “Talyban” söweşijileriniň saklaýan 38 sany gurluşykçysyny halas etmek synanyşygy... Читать дальше...
Nýu-Ýork şäherinde ýük maşyny bilen sekiz adamy öldürmekde aýyplanan özbegistanly immigrant sud diňlenişiginde “Yslam döwleti” ekstremist topary baradaky pikirini aýtdy.