Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Июнь
2018

Новости за 25.06.2018

Azathabar.com 

Dollaryň bahasyndaky durnuksyzlyk ‘telekeçileri köseýär’

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar hususy telekeçilere oňaýsyz täsir edýär. Daşoguz welaýatynda hususan-da azyk haryt hem-de mebel söwdasy bilen meşgullanýan iri telekeçiler ýurtdaky umumy maliýe çökgünligi bilen bagly ykdysady durnuksyzlyk sebäpli uly zyýana galýarlar. Bu barada Azatlygyň welaýatdaky habarçysy 25-nji iýunda maglumat berdi. “Geçen hepdäniň başynda dollaryň [gara bazardaky] bahasynyň 15 manada çenli arzanlamagy bilen telekeçiler aldawa düşüp, harytlarynyň bahalaryny arzanlatdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aklawçy Gülnara Kerimowa bilen duşuşyp, onuň eglişige taýýardygyny mälim etdi

Ženewaly aklawçynyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň ýogalan prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa diri, ýöne onuň Daşkentiň daşynda ýerleşýän tussaghanadaky ýagdaýy onçakly gowy däl. Öňki prezidentiň gyzy özüne hem içerden, hem-de daşardan maliýe işlerindäki nädogruçylyklar hakda bildirilýän aýyplamalary ret etse-de, kanuny problemalaryna çözgüt tapylan halatynda käbir eglişikleri etmäge meýilsiz däl. Bulary Kerimowanyň aklawçysy Gregoire Mangeat mälim etdi. Mangeatyň aýtmagyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Moskwa sapar eder

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton Ýewropa, şeýle-de Russiýa sapar edýär. Moskwada onuň iýulda prezident Donald Tramp bilen prezident Wladimir Putiniň arasynda geçmegine garaşylýan duşuşyga ýol açjakdygyna garaşylýar. Bolton 25-26-njy iýunda ABŞ-nyň ýaranlary bilen Londonda we Rimde gepleşikleri geçirer. 27-nji iýunda bolsa, ol Moskwa sapar eder. “Bolton Moskwada Tramp bilen Putiniň arasyndaky bolup biljek duşuşygy maslahatlaşar” diýip, ABŞ resmisiniň sözçüsi mälim etdi.

Azathabar.com 

Ozalky özbek howpsuzlyk resmileri “türmä basyldy”

Özbegistanyň Buhara sebitinde bäş sany ozalky ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi adam gynamak we wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdanamak aýyplamalarynda günäli tapylyp, uzak ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada Azatlyk Radiosyna atlandyrylmasyzlygyny soran özbek resmileriniň biri maglumat berdi. Onuň sözlerine görä, Döwlet howpsuzlyk gullugynyň Buhara boýunça direktoranynyň ozalky başlygy Rustam Azimowa 14 ýyl türme tussaglygy berlipdir. Azimowyň ýene-de dört egindeşine 16-18 ýyl aralygynda ýyl kesilipdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran Ýadro ylalaşygy ýatyrylsa, ýerli telekçilere ‘uly zyýanyň’ ýetjekdigini aýdýar

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ýerli telekeçilere ýüzlenip, eger-de 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy ýatyrylsa, munuň ýurt üçin “örän erbet netijeleriniň boljakdygyny” aýtdy. “Biz ylalaşyk barada gepleşikleri geçirip bileris. Emma, bu şowsuzlyga uçraýsa, munuň biziň ýurdumyz üçin örän agyr netijeleri bolar” diýip, Zarif Tähranda telekeçiler bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda çykyş etdi. Zarif ýetip biljek zyýanyň jikme-jikleri barada hiç zat aýtmady. Emma, ol munuň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek resmileri terrorizmde aýyplanýan ABŞ raýatyny azatlyga goýberdi

Özbek häkimiýetleri terrorist toparlara goşulmakda we Owganystanda yslamçy jeňçileriň hatarynda söweşmekde güman edilip tussag edilen ABŞ-nyň raýatyny azatlyga goýberdi. Zokir Aliýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde özüniň şenbe güni tussaglykdan boşadylandygyny, emma derňew dowam edýänçä Özbegistanyň çäklerinden çykmaly däldigini hem aýtdy. Aliýew 16-njy iýunda özüniň dogduk Karşi şäherine geleninden birnäçe sagatdan soň, tussag edilipdi. 18-nji iýunda Özbegistanyň Döwlet howpsuzlyk... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nigeriýada gazaplylyk sebäpli kommendant sagady girizildi

Nigeriýanyň merkezi Plateau şatynda ýüze çykan çaknyşyklar sebäpli, hökümet gijeden daňdana çenli kommendant sagadyny girizdi. Geçen dynç günleriniň dowamynda daýhanlar bilen ýarym-çarwa çopanlaryň arasynda dörän dawanyň gazaplylyga ýazmagy netijesinde azyndan 86 adam heläk bolupdy. “Hökümet durnuklylygy üpjün etmek üçin, ikindin 6:00-dan daňdan 6:00-a çenli kommendant sagadyny girizdi. Polisiýanyň we beýleki hopwsuzlyk güýçleriniň hüşgärlik derejesi ýokarlandyryldy” diýip, ýerli resmileriň biri habar berdi. Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus