Saud Arabystanynyň ýokary dini häkimiýeti 24-nji iýunda, aýallar musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan patyşalygynda alnyp barylýan liberallaşmanyň çäginde maşyn sürüp başlanlaryndan birnäçe sagat soň,aýal-gyzlaryň awtoulag sürmegine girizilen we onlarça ýyl dowam eden gadaganlygyň soňlanmagyny gutlady. Uly alymlaryň geňeşi, döwlete tarapdar gurama aýallara maşyna sürmäge rugsat berýän patyşa kararynyň jemgyýetiň bähbidinedigini aýtdy. Patyşa Salman 2017-nji ýylyň sentýabrynda, saudly aýallaryň... Читать дальше...
Ukrain polisiýasy günbatar Ukrainada, Lwowyň etegindäki tokaýda romalylaryň lagerine edilen ganly hüjüm bilen baglylykda ýedi adamyň tussag edilendigini aýdýar. Häkimiýetler 23-nji iýunda ýarygijeden öň ýüzi perdeli adamlaryň topary tarapyndan edilen hüjümde Riwine şäheriniň golaýyndaky obadan 24 ýaşly romaly öldürildi. Polisiýa hüjüm mahalynda pyçak ýarasyny alan adamlaryň, şol sanda 10 ýaşly oglanyň, iki sany 19 ýaşly ýigidiň, 30 ýaşly aýalyň hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy. Bu günbatar... Читать дальше...
Dünýä türkmenleriniň kowçum bolup ýaşaýan ýurtlarynyň biri bolan Owganystanda şu ýylyň 20-nji oktýabrynda halk wekilligine we etrap geňeşlerine saýlawlar geçirilýär.
Yragyň premýer-ministri Haýdar al-Abadi we täsirli şaýy ruhanysy Muktada al-Sadr özleriniň maýda geçen saýlawlardan soň täze hökümet düzmek tagallasynyň çäginde syýasy koalisiýa gurmak babatda ylalaşyga gelendiklerini yglan etdiler. Olar bu koalisiýany 23-nji iýunda, premýer-ministr ruhany bilen duşuşmak üçin Najap şäherine sapar edeninden soň çap eden bililikdäki beýanatlarynda yglan etdiler. Sadryň syýasy blogy, kommunistleri hem öz içine almak bilen, parlament saýlawlarynda 54 orun gazandy... Читать дальше...
Yragyň harbylary gündogar Siriýa urlan howa zarbasynda “Yslam döwleti” toparynyň 45 söweşijisiniň, şol sanda uly liderleriniň öldürilendigini aýdýar. Harbylaryň beýanatynda Yragyň F-16 söweş uçarlarynyň 22-nji iýunda Siriýanyň gündogaryndaky Deir Ezzor welaýatynyň Häjin şäherinde, yrak serhediniň golaýynda “YD liderlerini nyşana alýan şowly zarbalary urandygy” aýdylýar. Harbylar howa zarbasynda öldürilen söweşijileriň arasynda YD toparynyň “uruş ministriniň orunbasarynyň”, media resmileriniň biriniň... Читать дальше...
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo prezident Donald Trampyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen “uzaga çekmän duşuşjaga” meňzeýändigini aýdýar. Ak tam 21-nji iýunda milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Boltonyň indiki hepde duşuşyk ideýasyny öwrenmek üçin Moskwa sapar etjekdigini yglan etdi. Pompeo 23-nji iýunda efire berlen MSNBC söhbetdeşliginde Trampyň öz rus kärdeşi bilen Boltonyň Moskwa saparyndan soň gaty kän uzaga goýman duşuşjakdygyny aýtdy. Pompeo Birleşen Ştatlar “biziň ugurdaş bähbitlerimiziň bar ýerlerini tapmaga... Читать дальше...
Türkiýede prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 15 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän barha ýokarlanýan awtoritar dolandyryşyny synaga salýan prezident we parlament saýlawlary üçin ses berişlik başlandy.
Türkiýede prezident Rejep Taýyp Erdoganyň 15 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän barha ýokarlanýan awtoritar dolandyryşyny synaga salýan prezident we parlament saýlawlary üçin ses berişlik başlandy.