Eýranyň günorta-gündogar, Pakistan bilen serhetleşýän sebitinde dörän çaknyşykda üç eýranly esger we üç jeňçi öldürildi. Bu barada Eýranyň döwlet mediasy habar berýär.
Maglumatda çaknyşygyň duşenbe güni serhetýaka Mirjaweh şäherinde ýüze çykandygy aýdylýar.
Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary “terrorist topary” diýip häsiýetlendiren şahsyýetleriniň ýurda girmekçi bolanlarynda öldürilendigini aýtdylar.
Sünnüleriň söweşiji “Jaiş al Adl”, ýagny “Adalat armiýasy” topary 11 sany eýranly esgeri öldürendigini öňe sürdi.
Adam pidalary baradaky maglumatlaryň hiç birini beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.
Sistan-Baluçistan welaýatynda Eýranyň harby güýçleri ýygy-ýygydan söweşjiçler we neşe gaçakçylary bilen çaknyşýarlar.