Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2021

Новости за 21.08.2021

Azathabar.com 

Polina Gurýewa "Türkmenistanyň at gazanan sport ussady" boldy, jaý, awtoulag bilen sylaglandy

Türkmen türgeni Polina Gurýewa «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at, ähli amatlyklary bolan öýüň we «Lexus LX570 Sport Plus» kysymly awtoulagyň açarlary gowşuryldy; 50 müň amerikan dollary möçberinde pul baýragy berildi diýip, TDH 21-nji awgustda habar berdi. Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan türkmen türgeni Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy şu gün, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesindäki sport toplumynda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hepdäniň jemi #34 (21.08.2021 ý.)

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Owgan wakalaryndan soňky sebit we Türkmenistan, resmi Aşgabadyň Moskwa täsirine gaýtadan dolanmak ähtimallygy; Owganystandaky türkmenleriň soňky özgerişlikleriň fonundaky syýasy ýagdaýy barada taýýarlan gepleşiklerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Azathabar.com 

Mary berk gözegçilige alyndy; çärä gatnaşýanlar MHM barlagyndan geçirilýär

Mary şäheriniň içine girmek mümkin däl, çärelere gatnaşmaly edilen adamlar eýýäm düýnden bäri repetisiýada, iň esasy zat bolsa, olaryň ählisi MHM barlagyndan geçirilýär; Mary şäheriniň ýokarsynda we töwereklerinde reaktiw uçarlar aýlanyp, aňtaw-gözegçilik işlerini geçirýärler, ähli zat berk gözegçilik astynda diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Mary şäherinde prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyk eýýäm bäşinji günden köçeleriň ýapylyp başlanmagyna getirdi. Sebitiň milli howpsuzlyk gullugyndaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Toý-dabara hyzmatlary döwlet gözegçiligine alynýar. Türmedäki aýdymçylardan habar ýok

Türkmenistanda toý-dabaralarda edilýän medeni hyzmatlary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky düzgünnama tassyklanyldy. Türkmen prezidentiniň 20-nji awgustda gol çeken karary “toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek”, “bu hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmek maksady bilen” düşündirilýär. Esasan toý hyzmatlary bilen bagly elden-ele geçýän uly möçberdäki maliýe serişdelerini nazara alýandygy çaklanylýan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nawalny Günbatary Putiniň töweregindäkilere sanksiýa girizmäge çagyrýar

Wladimir sebitindäki türmede tussaglykda oturan rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny Günbatar ýurtlaryny dünýädäki korrupsiýa we ilkinji nobatda hem Russiýada korrupsiýa garşy işjeň göreşmäge çagyrdy. Nawalny birbada Günbataryň üç esasy neşirinde - Angliýanyň “The Guardian”, Fransiýanyň “Le Monde” we Germaniýanyň “Frankfurter Allgemeine” gazetlerine çap edilen makalasynda daşary ýurt häkimiýetleriniň rus oligarhlaryna garşy sanksiýa, gadagnlyk girizmeklerine çagyrdy. Oppozisioner “korrumpirlenen... Читать дальше...

Azathabar.com 

DW: Talyban neşiriň žurnalistiniň garyndaşyny öldürdi

"Talyban" Owganystanyň günbatarynda "Doýçe Welle" neşiriniň žurnalistiniň ýakyn garyndaşlarynyň birini öldürdi we beýlekisini agyr ýaralady diýip, media kompaniýasynyň ýolbaşçylary habar berdiler. Olaryň maglumatyna görä, "Talyban" söweşijileri häzirki wagtda Germaniýada ýaşaýan žurnalisti gözleýärdi. Onuň beýleki garyndaşlary gaçmagy başardylar we häzir gizlenip ýaşaýarlar. Şeýle-de, "Talyban" Kabulyň töwereginde bu media kompaniýasynyň azyndan üç işgäriniň öýüni döküp, gözleg geçirdi. Neşiriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ “Talybanyň” eline geçen ýaraglardan alada galýar

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylary NATO güýçleriniň Owganystandaky operasiýasy wagtynda owgan goşunyna berlen ýaraglaryň “Talybanyň” eline düşmeginden alada galýar diýip, "Amerikanyň sesi" neşiri ýazýar. Habarda bellenmegine görä,  owganlar 2002-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli aralykda takmynan 28 milliard dollarlyk ýarag aldylar. “Talyban” Owganystanyň köp bölegini ele geçirip, yza çekilýän owgan goşunynyň yzynda galdyran ýaraglaryna we enjamlaryna hem eýe boldy. "Ýok edilmedik zatlaryň ählisi indi “Talybana” geçdi" diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türk, grek ýolbaşçylary owgan migrantlaryny kabul etmejeklerini aýdýar

Gresiýanyň premýer-ministri Kyriakos Mitsotakis we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Owganystandan Ýewropa tarap uulalýan täze migrasiýa tolkuny bilen baglylykda, Owganystan meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Ýewropa Bileleşigi Owganystanda we goňşy ýurtlarda, esasanam Eýranda owganlara kömek etmeli, ýogsam migrasiýa tolkuny "gutulgysyz" bolar diýip, Erdogan 20-nji awgustda Gresiýanyň lideri bilen telefon arkaly eden gürrüňinde aýtdy. Prezident edarasynyň maglumatyna görä, geçen hepdäniň... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus