ABŞ “Talybanyň” eline geçen ýaraglardan alada galýar
Habarda bellenmegine görä, owganlar 2002-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli aralykda takmynan 28 milliard dollarlyk ýarag aldylar. “Talyban” Owganystanyň köp bölegini ele geçirip, yza çekilýän owgan goşunynyň yzynda galdyran ýaraglaryna we enjamlaryna hem eýe boldy.
"Ýok edilmedik zatlaryň ählisi indi “Talybana” geçdi" diýip, ABŞ ýolbaşçylygyndaky anonim çeşme "Roýters" habar gullugyna aýtdy.
Başga bir çeşmäniň habaryna görä, häzirlikçe ele salnan ýaraglaryň anyk sany ýok, ýöne aňtaw gullugy “Talybanyň” amerikanlaryň “Humvee” harby ulaglary ýaly, 2000-den gowrak bronly ulagyna, 40 çemesi uçaryna, şol sanda “UH-60 Black Hawks” dikuçarlaryna, gözleg we zarba urujy dikuçarlara, “ScanEagle” ýaly harby dronlara eýe bolandygyny aýdýar.