DW: Talyban neşiriň žurnalistiniň garyndaşyny öldürdi
Olaryň maglumatyna görä, "Talyban" söweşijileri häzirki wagtda Germaniýada ýaşaýan žurnalisti gözleýärdi. Onuň beýleki garyndaşlary gaçmagy başardylar we häzir gizlenip ýaşaýarlar.
Şeýle-de, "Talyban" Kabulyň töwereginde bu media kompaniýasynyň azyndan üç işgäriniň öýüni döküp, gözleg geçirdi.
Neşiriň baş müdiri Piter Limburg Germaniýanyň hökümetini bu ýagdaý bilen baglylykda aýgytly çäre görmäge çagyrdy.