Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2021

Новости за 25.08.2021

Azathabar.com 

Lebaply daýhan: Ýönekeý adamlara jan gaýgy, başlyklara - ýalan dabara!

Lebapda sentýabr aýynyň başynda geçirilmeli dabaralara, hususan-da güýzlük bugdaýyň ekişine we pagta ýygymynyň resmi başlanandygyny aňladýan Ak kerwen dabaralaryna berk taýýarlyk görülýär, bir daýhanyň aýdyşyg ýaly, 'ýönekeý adamlara jan gaýgy, başlyklara - ýalan dabara!' diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy habar berýär. Synçylar ykdysady çökgünlik wagtynda guralýan ýasama dabaralaryň, telewzorda görkezilýän bagtly durmuşyň adamlary bizar edendigini belleýärler.

Azathabar.com 

Maryda ýene iki oba we birnäçe hassahana karantine alyndy. Aşgabatda söwda merkezleri ýapyldy

Pandemiýanyň başyndan bäri ýurtda COVID-19-yň ýeke hadysasyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda ölüm howply wirus giňden ýaýraýar. Munuň bilen baglylykda, Mary welaýatynda koronawirus bilen keselleýänler we ondan ölýänler görnetin artýan mahaly, sebitiň ýene iki obasy we ýokanç keseller hassahanalarynyň tas ählisi karantine ýapyldy. Şeýle-de, welaýat häkimliginde adatdan daşary ýygnak geçirilip, bazarlary, dükanlary, kafeleri we restoranlary wagtlaýyn ýapmak barada buýruk kabul edildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hursanaý Ismatullaýewanyň kazyýet diňlenişiginiň 30-njy awgustda başlanjagy aýdylýar

"Turkmen.news" neşiri gökdepeli doktoryň garşysyna gozgalan galplaşdyrylan jenaýat işi boýunça geçiriljek kazyýet seljermeleriniň 30-njy awgustda başlanjakdygyny, Hursanaý Ismatullaýewanyň bigünädigini aýdyp, öz sözünde durýandygyny habar berýär. Ýöne suduň näçe wagt dowam etjekdigi, açyk boljakdygy ýa-da, dawaly işlerde edilişi ýaly, ýapyk gapylaryň arkasynda geçiriljekdigi belli däl. Türkmenistanda kada bolşy ýaly, aýyplanýanyň aklawçysy, hossarlary, häkimiýetler bilen gürleşip, syýasy äheňli hasaplanýan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Çörek ýetmezçiligi ilat arasynda ýakalaşyklaryň döremegine getirýär, häkimiýetler çözgüt gözleýär

Türkmenistanda azyk gymmatçylygy we ýeter-ýetmezçiligi saklanyp galýan mahaly, çörek nobatlaryndaky adamlaryň arasynda ýakalaşyklaryň döremegi dowam edýär. Aşgabadyň häkimiýetleri bu problemany çörekleri polisiýanyň gözegçiliginde satmak esasynda çözmäge synanyşýan mahaly, munuň düýpli çözgütlerini hem gözleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy paýtagtdan maglumat berýär.

Azathabar.com 

Günbatar Köpetdagda 10 müň gektar meýdan ýandy

Köpetdagda eýýäm 10 gün bäri dowam edýän ýangynlar 10 gektar töweregi meýdandaky ösümlikleri ýok etdi. Bu barada, “Meteožurnal” internet neşiri 22-nji awgustda habar berdi. Maglumatda ýangynyň 19-21-nji awgust aralygynda Monjukly dag gerşiniň gündogar tarapynda 3 müň 100 gektar ýeri ýok edendigi aýdylýar. Mundan başga-da, ýangynda Günbatar we Merkezi Köpetdagdaky ýeke-täk pisse we arça jeňňellikleriniň, şeýle-de jülgelerdäki ösümlikleriň ýok bolandygy bellenilýär. 10-13-nji awgustda ýangyn Kesedagyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Müňlerçe owganystanly Kabulyň aeroportunyň daşynda jemlenmegini dowam etdirýär

Owganystany terk etmek isleýän müňlerçe adam Kabulyň aeroportunyň daşynda jemlenmegini dowam etdirýärler. Bu aralykda, ABŞ we onuň ýaranlary ewakuasiýa işlerini 31-nji awgust soňky möhlete çenli tamamlamak boýunça tagalla edýärler. Prezident Jo Baýden munuň günsaýyn ol ýerdäki ABŞ harbylary üçin has howply bolýandygyny duýdurdy. Resmiler 25-nji awgusta çenli 75 müňden hem aşa adamyň eýýäm ewakuasiýa edilendigini mälim etdiler. Emma uly mähelle ýurdy terk etmek umydynda aeroportuň daşynda jemlenmegini dowam etdirýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-yň wise-prezidenti Harris Wýetnamy Hytaýyň “dyzmaçlygyna” garşy çykmaga çagyrdy

ABŞ-yň wise-prezidenti Kamala Harris Weýetnamy ABŞ-nyň Gündogar Hytaý deňzindäki Pekiniň “dyzmaç” hereketlerine garşy gönükdirilen tagallalaryna goşulmaga çagyrdy. Harris bu barada 25-nji awgustda Günorta-gündogar Aziýa sebitine edýän saparynyň çäklerinde çykyş etdi. Harris Hanoýa mundan bir gün öň geldi. Ol sebite amala aşyrýan bir hepdelik saparynyň dowamynda regiondaky ýaranlaryny Birleşen Ştatlaryň daşary syýasaty babatynda arkaýynlaşdyrmagy maksat edinýär. “Biz Pekine BMG-niň Deňiz baradaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lawrow: Russiýa Merkezi Aziýada ABŞ goşunlaryny görmek islemeýär

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň çäklerinde ABŞ esgerlerini görmek islemeýändigini aýtdy. Ol muny regionyň hüjümleriň nyşanasyna öwrülip biljekdigi bilen düşündirdi. Rus baş diplomaty bu barada 24-nji awgustda Budapeştde özüniň wengriýaly kärdeşi Peter Szijjarto bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi. Lawrow bilelikdäki howpsuzlyk şertnamasynyň çäklerinde Russiýanyň Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen “umumy howpsuzlyk giňişliginiň” bardygyny aýtdy. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus