Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Август
2021

Новости за 15.08.2021

Azathabar.com 

Gani ýurdy terk etdi. Günbatar Kabuldaky diplomatlaryny çykarýar, Orsýetiň beýle aladasy ýok

“Talyban” söweşijileri ýurduň beýleki ýerleriniň köpüsini ele geçirip, owgan paýtagtynyň etegine gelensoň, günbatar ýurtlary Kabuldaky ilçihana işgärlerini howpsuzlyga çykarmak ugrundaky tagallalaryny çaltlaşdyrýar. Şu aralykda mediada owgan prezidenti Aşraf Ganiniň ýurduny terk edip, Täjigistana gidendigi habar berildi. Owganystanyň Milli barlyşyk geňeşiniň başlygy Abdullah Abdullah Facebookda çap eden wideo habarynda tassyklamagyna görä, Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani ýurdy terk etdi, bu... Читать дальше...

Azathabar.com 

Albaniýa, ABŞ-nyň haýyşy boýunça, owgan bosgunlaryny kabul eder

Albaniýa ABŞ-nyň “Talybanyň” çalt depginde ilerlän hüjümleri sebäpli öz ýurdundan gaçýan owganlary wagtlaýyn kabul etmek baradaky haýyşyny kabul etdi. Premýer-ministr Edi Rama 15-nji aprelde Facebookda ABŞ-nyň administrasiýasynyň golaýda Albaniýadan ahyrynda Birleşen Ştatlara gelmeli owgan bosgunlarynyň bir bölegi üçin tranzit ýurt bolup biljekdigini ýa-da däldigini sorady diýdi. "Biz diňe öz beýik ýaranlarymyzyň soraýanlygy üçin däl-de, eýsem Albaniýadygymyz üçin 'ýok "diýmeris" Rama özüniň Facebook sahypasynda aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kabulda bir resmi "Talybana" häkimiýeti tabşyrmak üçin gepleşik geçirilýändigini aýdýar

Owgan resmisi "Associated Press" habar gullugyna "Talyban" gepleşikçileriniň häkimiýet "geçişi" barada gepleşmek üçin prezident köşgüne barýandyklaryny aýtdy. Jezalandyrylmak gorkusy sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran resmi 15-nji awgustda maksadyň hökümeti “Talybana” parahatçylykly görnüşde tabşyrmak bolandygyny aýtdy. "Talybanyň" metbugat sekretary Azadi radiosyna häkimiýeti parahatçylykly geçirmek üçin gepleşik geçirýändigini tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat bermedi. Goranmak ministri... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Talybanyň” ilerlemegi bilen, Pakistan Owganystan bilen esasy geçelgesini ýapýar

Serhediň owgan tarapy “Talybanyň” gözegçiligine geçensoň, Pakistan goňşy Owganystan bilen aradaky  Torham geçelgesini ýapdy diýip, Pakistanyň içeri işler ministri Şeýh Reşid Ahmad 15-nji awgustda aýtdy. Ahmad Torhan serhet geçelgesini ýapmak kararynyň beýleki tarapdaky adatdan daşary ýagdaý sebäpli kabul edilendigini aýtdy. Ahmad ýerli Geo teleýaýlymyna beren düşündirişinde geçelgäniň owgan polisiýasy “Talybana” boýun synandan soň ýapylandygyny aýtdy. Pakistan uruş sebäpli heläkçilige uçran... Читать дальше...

Azathabar.com 

Daşkende bir aýal alty günlük çagasyny 18 müň dollara satjak bolanda tutuldy

Daşkendiň Ýangihaýot etrabynyň ýaşaýjysy R.T. alty günlük gyzyny satjak bolanda tussag edildi.  Bu barada Baş prokuraturanyň ykdysady jenaýatlara garşy göreş bölüminiň metbugat gullugy habar berdi. 7-nji awgustda doglan bäbejigi 18 müň ABŞ dollaryna satjak bolan aýal gürleşilen  mukdardaky puly alýan wagtynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan tussag edildi. Özbegistanyň Jenaýat kodeksiniň 135-nji maddasyna (Adam söwdasy) laýyklykda, çagasyny satjak bolan aýala garşy jenaýat işi gozgaldy we derňew işleri alnyp barylýar.

Azathabar.com 

"Talyban" Kabulyň alkymynda. Paýtagtyň uruşsyz tabşyrylmagy üçin gepleşik geçirilýär

"Talyban" hereketiniň söweşijileri 15-nji awgustda Owganystanyň paýtagty Kabuly çar tarapyndan gurşap, şähere zabt etmäge başlady. Emma olar birden şäherde gyrgynçylyk we repressiýa çärelerine ýol bermän, "şäheriň parahatçylykly tabşyrylmagy" we prezident Aşraf Ganiniň hökümetiniň tabyn bolmagy baradaky gepleşiklere gaýdyp gelmek isleýändiklerini aýtdylar. Soňky pursatlarda Mazar-e Şerif we Jelalabat ýaly uly şäherler, biraz öň bolsa Kandahar we Hyrat ele geçirilenden soň, ýurduň galan bölegi eýýäm olaryň gözegçiliginde geçdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

“Talyban” Kabuly güýç bilen almajakdygyny, gepleşik geçirýändigini aýdýar

Söweşijileriň ýurtda çalt depginde gazanylan ýeňişlerden soň owgan paýtagtyna gelip ýetendigi baradaky habarlaryň arasynda, “Talyban” Owganystanyň paýtagtyny "zor bilen" almak planynyň ýokdugyny aýtdy. "Yslam Emirligi ähli güýçlerine şähere girmäge synanyşman, Kabulyň derwezesinde durmagy tabşyrýar" diýip,“Talybanyň” sözçüsi twitterde aýtdy. Emma ady aýdylmadyk owgan resmileri “Associated Press” habar gullugyna “Talyban” söweşijileriniň eýýäm paýtagtyň Garabag we Pagman etraplaryna girendigini aýtdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kanada işleri sebäpli ar alynjak  20 müň owgany kabul eder

Kanada, “Talybanyň” hüjümlerinden goramak üçin, 20,000-den gowrak owganlyny göçürip getirmegi meýilleşdirýär diýip, emigrasiýa ministri Marko Mendisino aýtdy. Mendisino 13-nji awgustda bu plan hususan-da zenan ýolbaşçylary, adam hukuklaryny goraýjylary, habarçylary, yzarlanan dini azlyklary, geý we lezbiýan jemgyýetiniň agzalary ýaly aýratyn kyn ýagdaýa düşüp biljek adamlara gönükdiriler diýdi. Bu plan Owganystandan indi çykmak isleýänleri we eýýäm goňşy ýurtlarda çykanlary hem öz içine alýar. Читать дальше...

Azathabar.com 

"Talyban" Jelalabady aldy, hökümetiň gözegçiliginde galan esasy şäher diňe Kabul boldy

"Talyban" söweşijileri demirgazykdaky esasy şäher Mazar-e Şerifi basyp alanyndan soň 24 sagat hem geçmänkä gündogardaky esasy şäher Jalalabady ele geçirdi. Şundan soň Owganystanyň paýtagty hökümetiň gözegçiligindäki iň esasy şäher boldy. "Talyban" 15-nji awgustda Jalalabady söweşsiz aldy we söweşijiler Nangarhar welaýatynyň paýtagtynyň häkimliginde düşen suratlaryny sosial mediada ýerleşdirdiler.  Nangarhar welaýatynyň kanun çykaryjysy Abrarullah Myradyň "Associated Press" habar gullugyna aýtmagyna görä... Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus