Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2019

Новости за 19.10.2019

Azathabar.com 

Bakuwdaky protestlerde onlarça aktiwist tussag edildi

Polisiýa 19-njy oktýabrda Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda onlarça protestçini tussag etdi. Oppozisiýadaky Halk fronty partiýasynyň lideri Ali Kerimli hem tussag edilenleriň biri boldy. Bu basyp ýatyryş Bakuwda 8-nji oktýabrda ýygnanyşmak azatlygy hukugyna goldaw üçin geçirilen protestiň yz ýanyna gabat geldi. Şonda Demokratik güýçleriň milli geňeşi, Azerbaýjandaky oppozisiýa güýçleriniň bileleşigi tarapyndan gurnalan protestde birnäçe adam tussag edildi.

Azathabar.com 

Hepdäniň jemi #42 (19.10.2019 ý.)

Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy, azeri we ermeni liderleriniň Aşgabatda uruş ‘gahrymanlary’ hakynda aýdan gapma-garşylykly pikirleri, II Jahan urşuna şu günki garaýyşlar, owgan türkmenleriniň arasynda güýçlenen syýasy işjeňlikler baradaky söhbetlerimizi diňläp, öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.

Azathabar.com 

Orsýetiň altyn käninde azyndan 15 işçi heläk boldy

Sibir sebitindäki Krasnoýarsk ülkesinde altyn känindäki bendiň çökmegi netijesinde azyndan 15 magdançy öldi diýip, Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi aýtdy. Agyr ýagan ýagyşlar bendiň gowşamagyna we 19-njy oktýabrda irden synmagyna, netijede magdançy işçileriň ýaşaýan birnäçe külbesini syryp gitmegine sebäp boldy diýip, Interfaks ýerli resmä salgylanyp habar berdi.  Orsýetiň Saglyk ministrligi 14 magdançynyň hassahana alnyp gidilendigini, olaryň üçüsiniň agyr ýaraly bolandygyny aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Ýaponiýa we Azerbaýjana sapar eder

Türkmenistanyň prezidenti 21-23-nji oktýabrda Ýaponiýada saparda bolar. Bu barada 18-nji oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda, daşary işler ministri, wise-premýer Reşit Meredowyň beren hasabatynda aýdyldy. TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2009-njy, 2013-nji hem-de 2015-nji ýyllarda Ýaponiýa sapar etdi, Ýaponiýanyň premýer-ministri 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanda boldy. Şeýle-de neşir Ýaponiýany Türkmenistanyň esasy maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde häsiýetlendirdi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan metjidiniň partlamasynda azyndan 69 adam öldi

Gündogar Owganystanda 19-njy oktýabrda bir gün öň juma namazy wagtynda metjitde bolan partlamanyň pidalary jaýlandy. Resmiler bu partlamada azyndan 69 adamyň wepat bolandygyny aýtdylar. 18-nji oktýabrda Nangarhar welaýatyndaky Çodary metjidinde partlama bolanda, ol namaz okamaga gelen adamdan doludy diýip, welaýat geňeşiniň agzasy Sohrab Kaderi 19-njy oktýabrda aýtdy.  "69 adamyň jesedi, şol sanda çagalaryň we garrylaryň jesetleri hossarlaryna berildi” diýip, Kaderi entek harabalygyň aşagynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Nazarbaýewiň agtygyna London polisiýasynyň ofiserini urany üçin şertli tussaglyk berildi

Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýawiň agtygyna Londonda polisiýanyň seržantyny dişländigi üçin 18 aý şertli tussaglyk hökümi çykaryldy.  Londonyň Southwark Crown sudy 18-nji oktýabrda 29 ýaşyndaky Nazarbaýewi neşekeşlikden bejergi almagy dowam etdirmäge, 140 sagatlyk jemgyýetçilik işini etmäge, 1 müň pound ($1,285) jerime tölemäge, ýetiren zyýanlary üçin 5 müň pound ($6,420) öwez puly tölemäge hem borçly etdi. Sud dokumentlerinde aýdylmagyna görä, Aýsoltan Nazarbaýew 5-nji iýunda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek şahyryna Türkiýeden ‘gadagan’ kitaby getireni üçin şertli ýyl kesildi

Özbegistanyň Horezm sebitiniň sudy şahyr we blogçy Mahmud Rajaba gaçakçylyk we köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurnandygy üçin diýip 27 aý şertli tussaglyk hökükümini çykardy. Horezm oblastynyň sudy 18-nji oktýabrda Rajaby günäli tapdy we şol günüň özünde hem hökümini çykardy.  Gaçakçylykda aýyplanan Rajab aprel aýynda Türkiýeden gelende, serhet goragçylary onuň ýany bilen getiren birnäçe kitabyny konfiskasiýa etdiler. Sülçüler bu kitaplaryň Özbegistanda gadagandygyny aýtdylar we onuň garşysyna derňew işini açdylar. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus