Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2019

Новости за 09.10.2019

Azathabar.com 

Aşgabadyň çagalar bagynyň körpelerini sirke äkitjek diýip aldadylar

Aşgabadyň №90 çagalar bagynyň işgärleri körpeleri sirke äkitmek wadasynda tapylmadylar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary agzalan çagalar bagynda körpeleri sirke äkitmek wadasy bilen ene-atalarda pul toplanypdyr, emma olar sirke derek kino alnyp barylypdyr.

Azathabar.com 

Lawrow Aşgabatda Merkezi Aziýanyň baş diplomatlary bilen gepleşik geçirer

Penşenbe güni Aşgabatda Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri duşuşarlar. Bu barada Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow mälim etdi. “Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda, GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda, duşuşyk geçirerler” diýip, Lawrow çarşenbe güni aýtdy.

Azathabar.com 

Kürtler Türkiýe serhetlerinde “umumy mobilizasiýa” çagyrýarlar

Kürt liderleri, Ankaranyň Siriýanyň demirgazyk sebitlerine hüjüme geçýändigini yglan edeninden soňra,  Türkiýe serhetlerinde “umumy mobilizasiýa” çagyryş etdiler. Mundan öň, ABŞ bu sebitden öz harbylaryny çekipdi. Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky kürtleriň ýolbaşçylygyndaky raýat administrasiýasy gazaplylygyň ýüze çykan halatynda Siriýanyň demirgazygynda “gumanitar heläkçiligiň” dörejekdigini duýdurdy. Bu aralykda, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň sebitdäki hereketleriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ak Tam Trampyň impiçment soragy boýunça hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy

Ak Tam Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Öýüne hat ýollap, onda prezident Donald Trampyň administrasiýasynyň kanun çykaryjy palatanyň alyp barýan impiçment soragy boýunça hyzmatdaşlyk etmejekdigini mälim etdi. 8-nji oktýabrda ugradylan hatda Respublikan Trampa garşy alnyp barylýan soragyň “bikanundygy” we “konstitusiýa garşydygy” aýdylýar. Wekiller Öýüniň spikeri Demokrat Nensi Pelosi Trampyň administrasiýasynyň hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrýandygy üçin “jogapkärçilige çekiljekdigini” aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

ŽGK Özbegistanda ruhy hassalar üçin keselhana ýerleşdirilen blogeriň azat edilmegine çagyrýar

Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) Özbegistanda hökümet barada tankydy çykyşlary eden blogeriň azatlyga goýberilmegine çagyryş etdi. 30-njy sentýabrda Horezm regionynyň sudy Nafosat Olloşukurowany ruhy hassalar üçin keselhana ýerleşdirmek barada höküm çykarypdy. Özbek häkimiýetleri “ähli žurnalistleriň erkin ýagdaýda habar bermegine mümkinçilik bermelidir” diýip, Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet 8-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda nygtaýar. Blogger özüniň Şabnam Olloşkurowa atly Facebook sahypasynda korrupsiýa aýyplamalary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Belarusda iki aýlyk bäbegini öldürmekde aýyplanýan türkmenistanlynyň işi suda geçirilmäge taýýar edildi

Belarusyň Brest şäherinde maý aýynda özüniň iki aýlyk gyz çagasyny öldürmekde aýyplanýan 28 ýaşly türkmenistanlynyň işi prokuraturadan suda geçirilmäge taýýar edildi. Belarus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, häzikri wagtda wideokameralaryň ýazgylary öwrenlipdir, şaýatlar sorag edilipdir, şeýle-de derňew eksperimentleri geçirilipdir. Brest oblastynyň Derňew komitetiniň uprawleniýesiniň maglumatyna görä, 10-njy maýda aýyplanýan türkmenistanly bäbegini bogup öldüripdir. Mundan soň, ol çagany örtümä dolap... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystanda “Al-Kaýdanyň” regional lideri öldürildi

Owganystanyň günorta sebitlerinde geçen aý ABŞ-owgan güýçleriniň bilelikdäki geçiren operasiýasynyň netijesinde “Al-Kaýda” terroristik toparynyň ýerli lideri öldürildi. Bu barada owgan resmileri maglumat berýärler. “Al-Kaýdanyň” Hindi subkontinenti boýunça ýolbaşçysy Asim Umar 23-nji sentýabrda Helmand welaýatynyň Musa Gala etrabynda “Talyban” jeňçilerine garşy geçirilen operasiýanyň dowamynda öldürildi. Owganystanyň Howpsuzlyk boýunça Milli Direktoratynyň maglumatyna görä, Umar Pakistanyň raýaty bolupdyr. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus