Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Октябрь
2019

Новости за 14.10.2019

Azathabar.com 

Kürt liderleri: Russiýanyň araçylygynda Assad bilen gelnen ylalaşyk serhediň goraglylygyny göz öňünde tutýar

Siriýaly kürt ýolbaşçylary Moskwanyň araçylygynda Başar al-Assadyň hökümeti bilen baglaşylan geleşik häzirlikçe Siriýa esgerlerini serhetde ýerleşdirmek üçin zerur, syýasy meseleler barada iki tarap soňra gürleşer diýýärler. Ýokary derejeli kürt syýasatçysy Aldar Helil Assadyň esasy ýarany Orsýetiň gözegçiligindäki “adatdan daşary çäreden” maksat Türkiýäniň demirgazyk-gündogar Siriýadaky hüjüminiň öňüni böwetlemekdi diýdi. 13-nji oktýabrda Birleşen Ştatlar Türkiýäniň barha ýaýbaňlanýan hüjümine... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistan maglumat saklaýan "Google Cloud" ulgamyny petikledi

Türkmenistan Google kompaniýasynyň "Cloud", ýagny maglumat ýygnaýan we saklaýan ulgamyny petikledi.  Bu barada habar berýän «Turkmen.news» neşri repressiw ýurtlarda habar beriş serişdelerine digital howpsuzlyk boýunça hyzmatlary hödürleýän Şwesiýanyň hökümete degişli bolmadyk Qurium Media Foundation guramasynyň hasabatyna salgylanýar.  Maglumata görä, "Cloud" ulgamynyň petiklenmegi DNS-serweriň galplaşdyrylmagy we galp IP adresiň berilmegi arkaly amala aşyrylýar. Netijede ulanyjynyň açmaga synanyşýan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Marynyň döwlet dükanlarynda un paýlandy, emma hemmä ýetmedi

Marynyň döwlet dükanlarynda uzak arakesmeden soň un satylyp başlandy. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, dükanlarda uly nobat döredi, emma unuň ilata çäkli möçberde satylmagyna garamazdan, alyjylaryň hemmesine ýetmändir. "​Anna güni Mary şäherinde döwlet dükanlarynda un paýlandy. Emma şonda un hemme adamlara ýetmedi, ýetmedik adamlara birinji güni habar tutup görüň diýip aýtdylar. Ýöne şu gün un gelmedi" diýip, habarçymyz Marynyň dükanlaryndaky birinde bolan ýagdaý barada 14-nji oktýabrda habar berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kalmyklar Ukrainadaky separatistleriň ozalky lideriniň häkimiň wezipesini ýetiriji hökmünde bellenmegine protest geçirdiler

Russiýanyň günorta-günbataryndaky Kalmykiýa regionynyň paýtagty Elistada 2 müňe golaý demonstrant Kreml tarapyndan goldanylýan separatistleriň ozalky lideriniň şäheriň häkiminiň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde bellenmegine garşy ýene parahatçylykly protest geçirdiler. Dmitriý Trapeznikow bu wezipä 26-njy sentýabrda bellenipdi. 1-nji oktýabrdaky ýörişde hem bolşy ýaly, protestçiler Trapeznikowyň bu wezipeden aýrylmagyny, şeýle-de munisipal saýlawlarda ýerli häkimiň saýlanmagy boýunça kanunçylyga... Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin Saud Arabystana sapar edýär

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Pars Aýlagyndaky dartgynlylyklaryň fonunda, Saud Arabystana sapar edýär. Kremliň maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda nebit ylalaşyklary maslahat ediler. Saparyň öňüsyrasy, Putin Al Arabiýa, Sky News Arabia we RT Arap habar serişdelerine interwýu berip, onuň dowamynda özüniň saud patyşasy we şazadasy bilen gowy gatnaşyklarynyň bardygyny aýtdy.

Azathabar.com 

ABŞ Siriýadan 1 müň esgerini çykaryp başlady

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň ýolbaşçylygyndaky güýçler bilen kürt ýaraglylarynyň arasyndaky dowam edýän gazaply çaknyşyklaryň fonunda, ABŞ sebitdäki ähli esgerlerini ewakuasiýa edýändigini mälim etdi; Fransiýa hem özüniň harby we raýat gullukçylarynyň howpsuzlygyny kepillendirmek üçin çäreleri görýändigini yglan etdi. Bu aralykda, Siriýadaky kürt güýçleri Türkiýäniň hüjümlerine garşy durmak üçin Siriýa hökümetinden hemaýat almak barada ylalaşandyklaryny aýtdy. ABŞ-nyň goranmak sekretary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hong Kongda aktiwistler protestleri dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar

Hong Kongda demokratiýa gymmatlyklarynyň tarapynda çykyş edýän aktiwistler, hepde soňundaky ýüze çykan gazaplylyklara garamazdan, protest çärelerini dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar. Mundan bir gün öň, parahatçylykly başlanan protestler, polisiýanyň aktiwistler bilen çaknyşmagy netijesinde, gazaplylyga ýazypdy. Ýarym awtonom Hong Kong regionyndaky protestler mundan dört aý töweregi ozal, hökümetiň ekstradisiýa baradaky kanun taslamasyny ýatyrmagy baradaky çagyryşlar bilen başlandy we soňra talaplar giňäp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistanyň premýer-ministri Eýrana sapar etdi

Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan Tährana eden saparynyň çäklerinde Eýran bilen Saud Arabystanyň arasyndaky dartgynlylyklary gowşatmak ugrundaky gepleşikleri ilerletmäge synanyşjakdygyny aýtdy. Khan prezident köşgünde prezident Hassan Rohani bilen gepleşikleri geçirip, mundan soň hem ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Khameneýi bilen duşuşdy. Pakistanyň Daşary işler ministrligi Khanyň Riýadha hem sapar etjekdigini mälim etdi. “Biz Saud Arabystany bilen Eýranyň arasynda konflikti islemeýändigimizi... Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus