Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Kürt liderleri: Russiýanyň araçylygynda Assad bilen gelnen ylalaşyk serhediň goraglylygyny göz öňünde tutýar

Siriýaly kürt ýolbaşçylary Moskwanyň araçylygynda Başar al-Assadyň hökümeti bilen baglaşylan geleşik häzirlikçe Siriýa esgerlerini serhetde ýerleşdirmek üçin zerur, syýasy meseleler barada iki tarap soňra gürleşer diýýärler.


Ýokary derejeli kürt syýasatçysy Aldar Helil Assadyň esasy ýarany Orsýetiň gözegçiligindäki “adatdan daşary çäreden” maksat Türkiýäniň demirgazyk-gündogar Siriýadaky hüjüminiň öňüni böwetlemekdi diýdi.


13-nji oktýabrda Birleşen Ştatlar Türkiýäniň barha ýaýbaňlanýan hüjümine garamazdan özüniň 1000 esgerini demirgazyk-gündogar Siriýadan çykarjakdygyny aýtdy.


ABŞ prezidenti Donald Tramp demirgazyk Siriýada ençeme ýyl bäri iki garawul goragynda ýerleşdirilen güýçleri çykarmak kararyna gelensoň, Türkiýe geçen hepde harby operasiýa başlady. 


Türkiýe demirgazyk-gündogar Siriýa girmek bilen kürt ÝPG söweşijilerini nyşana alýandygyny aýdýar. Ankara bu kürt güýçlerine “terroristler” diýip garaýar.


Demirgazyk-gündogara kontrollyk edýän ÝPG-niň ýolbaşçylygyndaky Siriýanyň demokratik güýçleri (SDF) bilen gelnen ylalaşyk boýunça Siriýa goşunynyň esgerleri indi Manbij şäherinden Derike serhet territoriýasyna girmäge taýýarlanýar.


“Amerikanlar regiony taşlap, Türkiýäniň hüjümine ýol açansoň, biz başga bir mümkinçilik tapmaga mejbur bolduk. Bu hem türk hüjümlerini başa bardyrmazlyk üçin Damask we Moskwa bilen gürleşmek” diýip, ýokary derejeli kürt resmisi Badran Jiýa Kurd aýtdy.


“Bu bir deslapky harby ylalaşyk. Syýasy aspektler gürleşilenok, bu barada soňky tapgyrlarda gürleşiler”.


Siriýanyň döwlet mediasy öz harbylarynyň 14-nji oktýabrda demirgazyk-gündogardaky Tel Tamer şäherine, ýagny türk hüjüminiň esasy merkeziniň takmynan 35 kilometrligine barandygyny habar berdi.


“Häzir edilmeli ilkinji zat serhet howpsuzlygyny türk wehiminden goramak. Geljekde umumy ylalaşyga gelmek üçin, biz Damaskdaky hökümet bilen aragatnaşykda” diýip, Helil aýtdy.


Birleşen Milletler Guramasy Türkiýäniň hüjümi sebäpli 130 müňden agdyk adamyň öý-öwzaryny taşlap, gaçyp gidendigini aýdýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus