1-nji oktýabrda irden Aşgabada Serhatabatdan onlarça esger alnyp baryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysyna mälim bolşuna görä, esgerleriň birnäçesi keselhana ýerleşdirilipdir. Olaryň keselhana alnyp barylmagynyň sebäpleri entek nämälim galýar. Emma şaýatlaryň sözlerine görä, birnäçe esger göterilip getirilipdir. Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän Serhetabat şäheri owgan serhediniň golaýynda ýerleşýär. Soňky wagtda türkmen serhetçileriniň Owganystan tarpyndan oka tutulýandygy barada habarlar peýda bolýar.
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda azyk harytlarynyň käbir görnüşleriniň bahalary soňky bir hepdäniň dowamynda tas iki esse gymmatlady. Maryda un we “Ahal” ýagy ýaly azyk harytlarynyň ýetmezçiligi ýiti derejede dowam edýän mahalynda, welaýatda sadaka berip bilmeýän adamlar has köp göze ilýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän dükanlarynda ýaramlylyk möhleti geçen harytlar satylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji oktýabrda habar berdi.
Stambulyň Esenýurt etrabyndaky gymmatbaha jaýlar toplumyndaky bir öýde eneke bolup işleýän türkmenistanly zenan ençeme metr beýiklikden ýere gaçmagy netijesinde aradan çykdy.
Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller öýi impiçment barlaglaryny dowam etdirýänligi sebäpli, amerikan prezidenti Donald Tramp özüniň jenjelli ritorikasyny artdyrdy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň (IIM) düzüminde arassalaýyş işleri geçirilýär. Häzirki pursat içeri işler ministri Isgender Mulikowyň sürüjisiniň tussag edilendigi tassykandy. Mulikowyň wezipesinden boşadylandygy, hatda onuň tussag astyna alnandygy barada hem tassyklanmadyk maglumat bar. 1-nji oktýabrda IIM-niň ençeme edara ýolbaşçysynyň hem wezipesinden boşadylandygy barada maglumatlar gowuşýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy içeri işler ministri Isgender Mulikowyň sürüjisi – Maksat Amanowyň tussag edilendigini tassyklamagy başardy. Читать дальше...
Türkmenistanyň paýtagtynda ýaşaýyş jaýlaryň ýezeminlerinde suw ýygnanýar. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýerzeminlerdäki suw zerarly ýaşaýyş jaýlarda we olaryň töwereginde ýakymsyz ys döräpdir, mör-möjekler köpelipdir, üstesine elektrik simleriň sandan çykmak howpy ýüze çykypdyr. "Şäheriň merkezindäki köp öýli ýaşaýyş jaýlaryň ençemesinde, şol sanda Alişer Nawoýy we Kemine köçeleriniň ugrunda ýerleşýän binalarda turbalardan suw akýar we ýerzeminlere suw ýygnanýar. Читать дальше...
Tanymal türkmen žurnalisti Soltan Açylowa 70 ýaşady. Azatlyk Radiosy Soltan Açylowany ýubileýi bilen gutlaýar. Soltan Açylowa 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi we diňleýjilere Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinden tapawutlanýan alternatiw maglumatlary obýektiw görnüşde berip durdy. Žurnalist paýtagtdaky we welaýatlardaky ýagdaýlar barada yzygiderli habar berip, ilatyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, sosial-ykdysady problemalar... Читать дальше...
1-nji oktýabrda Hytaý özüniň kommunistik döwlet hökmünde esaslandyrylmagynyň 70-nji ýyl dönümini belledi. Bu aralykda, ýarym-awtonom Hong Kong şäherinde protestçiler polisiýa bilen çaknyşyp, döwlet tarapyndan gurnalýan baýramçylyk çärelerine kölege saldylar. Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň 70 ýyllygy mynasybetli harby parad geçirildi. Tiananmen Meýdançasynda geçirilen çärä daşary ýurt liderleri çagyrylmady, emma oňa Hytaýdaky daşary ýurtly ilçiler gatnaşdy. Bu aralykda, ýarym awtonom Hong... Читать дальше...
ABŞ-da Demokratlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Öýüniň impiçment sorag edişligi boýunça ilerlemegi bilen, prezident Donald Tramp özüniň gowgaçy çykyşlaryny möwjetdi. Tramp bu prosese ýolbaşçylyk edýän kaliforniýaly Demokrat Adam Şiffiň “dönüklik” diýip atlandyran kesgitlemesi bilen tussag edilmelidigini aýtdy. Kongres derňewi habar berijiniň Trampyň syýasy garşydaşyny derňemek boýunça Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskä basyş edendigi baradaky şikaýatyndan soň başlady. Habar berijiniň... Читать дальше...
Waşington, Russiýanyň ABŞ-nyň saýlawlaryna gatyşmagy bilen baglylykda, Internet Barlag Agentligi we ony maliýeleşdirýän Ýewgeniý Prigožin bilen ilteşikli onlarça gurama we şahsyýete garşy sanksiýalary girizdi. Bu barada ABŞ-nyň Maliýe departamenti 30-njy sentýabrda beýanat ýaýratdy. Sankt-Peterburgda ýerleşýän Internet Barlag Agentligi ýene “trollaryň fabrikasy” ady bilen hem tanalýar. Ol Kreml bilen ýakyn gatnaşyklary bolan telekeçi Ýewgeniý Prigožine degişlidir. Prigožin ABŞ-nyň ýörite geňeşçisi... Читать дальше...
Täjigistan ýurduň türmelerinde tussaglyk möhletini geçýän owgan raýatlarynyň 48-ni Kabula gaýtaryp berdi. Täjik resmileri Owganystana 30-njy sentýabrda gaýtarylan tussaglaryň aglabasynyň neşe gaçakçylygy aýyplamasy esasynda tussaglyga höküm edilendigini aýtdylar. Owganystanyň Duşenbedäki ilçihanasynyň resmisi Saidmasud Badakşyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Kabula gaýtarylan bendiler galan tussaglyk möhletlerini Owganystanyň düzediş edaralarynda çekmegini dowam ederler. Badakş Täjigistanyň... Читать дальше...
Owganystanda “Talybanyň” ýurduň demirgazygyndaky Balh welaýatynyň etrap administrasiýasyna eden hüjüminde azyndan 11 polisiýa ofiseri öldürildi diýip, owgan resmileri maglumat berýärler. Welaýat häkiminiň metbugat wekili Munir Ahmad Farhadyň beren maglumatyna görä, hüjüm 1-nji oktýabr güni irden Şordepe etrabynda amala aşyrylypdyr. “Talybanyň” metbugat wekili jeňçileriň etraby basyp alandyklaryny aýdýar, emma Farhad bu öňe sürmäni ret edýär. Owgan resmisi sebite goşmaça güýçleriň ugradylandygyny hem belledi.
Türkmenistanda kanun çykaryjy ulgamyň iki palataly sistema geçilmegi maslahat edilýän wagty, Azat Adalganyň bu sanynda 'häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesi' özleşdirilýär.