Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Tanymal türkmen žurnalisti Soltan Açylowa 70 ýaşady

Tanymal türkmen žurnalisti Soltan Açylowa 70 ýaşady. Azatlyk Radiosy Soltan Açylowany ýubileýi bilen gutlaýar.


Soltan Açylowa 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň  Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi we diňleýjilere Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinden tapawutlanýan alternatiw maglumatlary obýektiw görnüşde berip durdy. 


Žurnalist paýtagtdaky we welaýatlardaky ýagdaýlar barada yzygiderli habar berip, ilatyň gündeki durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, sosial-ykdysady problemalar, işsizlik, korrupsiýa we ýerli häkimiýetleriň eden-etdilikleri barada maglumat berdi. 


Soltan Açylowa alyp baran žurnalistika işi bilen baglylykda Türkmenistanda ençeme gezek dürli gysyşlara we hüjümlere sezewar boldy. Žurnaliste we onuň ýakynlaryna ölüm haýbaty atyldy.    


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň ýolbaşçylary Soltan Açylowanyň we beýleki habarçylarynyň yzarlanmagy sebäpli türkmen häkimiýetlerini tankytlap ençeme gezek çykyş edipdi. 


Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda metbugat azatlygy boýunça ýyllarboýy dünýäde iň ýaramaz derejede galýar.    




Rus dilinde hem okaň


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus