Aşgabadyň we Marynyň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ençemesinde işgärleriň sentýabr aýy üçin zähmet haklary heniz hem berilmeýär. Lebabyň käbir edara-kärhanalarynyň işgärleri bolsa, özleriniň entek awgust aýy üçin aýlyklaryny hem alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenabatly ýaşaýjylar bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakda dürli kynçylyklary başdan geçirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde habar berýär.
Şu günler Türkmenistanyň Mary welaýatynyň köpçülikleýin ýowar geçirilip, edara-kärhanalaryň otaglary we bag-bakjalary arassalanýar hem-de köçeler süpürilýär, guran otlar çapylyp otlanýar we ýerler agdarylýar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan kürt söweşijileri Amerikanyň araçyllygynda atyşyklary togtatmak barada üstlerine alan borçlaryny ýerine ýetirmedik halatynda, demirgazyk-gündogar Siriýada alyp barýan harby operasiýasyny “has uly aýgytlylyk bilen” dowam etdirjekdigini aýdýar.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan özüniň russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýagdaýlary maslahat eder. Türkiýe bu sebitde kürt güýçlerine garşy hüjüme geçipdi. Waşingtonyň araçylygynda ok atyşyklary bäş günlük togtatmak baradaky gelnen ylalaşyk hem gepleşikleriň geçirilýän gününde tamamlanýar. Türkiýe Siriýa bilen serhedinde 120 kilometrlik “howpsuz zolagy” esaslandyrmagy maksat edinýär. Ankara bu ýerde 2 milllion töweregi uruş bosgunynyň ýerleşdiriljekdigini aýdýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa sapar edýär. Ol 21-nji oktýabrda iki günlük iş sapary bilen Tokio gondy. Saparyň dowamynda “ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar” diýip, TDH maglumat berýär. 22-nji oktýabrda Tokioda Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen at gowşuryldy. Şeýle-de, Berdimuhamedow... Читать дальше...
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň ozalky lideri Nursoltan Nazarbaýewe goşmaça ygtyýarlyklary berýän buýrugy kabul etdi. 66 ýaşly Tokaýew Nazarbaýewiň martda garaşylmadyk ýagdaýda wezipesinden çekilmeginden soňra prezident bolupdy. 79 ýaşly Nazarbaýew Gazagystana 30 ýyl çemesi ýolbaşçylyk etdi. Onuň häzirem ýurduň syýasy durmuşynda uly rol oýnaýandygy bellenilýär. 21-nji oktýabrda çap edilen buýrukda nygtalmagyna görä, Tokaýew döwlet edaralaryna we ministrliklere ýolbaşçy bellemezden ozal Nazarbaýew bilen maslahatlaşmaly.
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy azeri resmilerine ýüzlenip, geçen hepde soňy Bakuwyň merkezinde geçirilen biri-birinden aýralykdaky iki sany parahatçylyk protestiň dowamynda saklananlaryň ählisini azatlyga goýbermäge çagyrdy. Hukuk topary polisiýa işgärleriniň demonstrantlara gazaply çemeleşendigi baradaky maglumatlary hem derňemäge çagyrdy. 22-nji oktýabrda ýaýradylan beýanatda polisiýanyň oppozisiýa we raýat aktiwistleriniň onlarçasyny ýenjip, soňy bilen-de... Читать дальше...