Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbek şahyryna Türkiýeden ‘gadagan’ kitaby getireni üçin şertli ýyl kesildi

Özbegistanyň Horezm sebitiniň sudy şahyr we blogçy Mahmud Rajaba gaçakçylyk we köpçülikleýin bidüzgünçiligi gurnandygy üçin diýip 27 aý şertli tussaglyk hökükümini çykardy. Horezm oblastynyň sudy 18-nji oktýabrda Rajaby günäli tapdy we şol günüň özünde hem hökümini çykardy. 


Gaçakçylykda aýyplanan Rajab aprel aýynda Türkiýeden gelende, serhet goragçylary onuň ýany bilen getiren birnäçe kitabyny konfiskasiýa etdiler.


Sülçüler bu kitaplaryň Özbegistanda gadagandygyny aýtdylar we onuň garşysyna derňew işini açdylar. Rajab we onuň onlarça goldawçysy sentýabrda Daşkende tarap protest ýörişine başlady, olar paýtagtda içeri işler ministri bilen duşuşyp, bu jenaýat işiniň ýapylmagyny talap etmekçi boldular.


Polisiýa bu ýörişi togtatdy we Rajaby hem onuň 20 çemesi garyndaşyny, goldawçylaryny tussag etdi. Olaryň ählisi jemgyýetçilik çärelerini geçirmek düzgünlerini bozmakda günäli tapyldy we her biri 10 gün türme tussaglygyna höküm edildi.


Rajabyň goldawçylarynyň biri, iňlis dili mugallymy we blogçy Nasofat Olloşukurowa 10 gün türme möhletini tamamlandan soň, zor bilen Horezmdäki ruhy hassahana ýerleşdirildi.

 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus