Daşoguz welaýatyndaky edara-kärhanalaryň işgärlerinden, şol sanda mekdep mugallymlaryndan öňümizdäki aýlarda sarp ediljek hojalyk hyzmatlary üçin öňünden pul ýygnalýar.
Türkmenistanyň prezidentiniň uzak wagtlap jemgyýetde görünmezligi we munuň bilen bagly dörän soraglar saklanyp galýar. Döwlet telewideniýesi prezidentiň dynç alyşa çykandygyny habar berip, ony 15-nji iýulda görkezmeginden soň Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene diňe bir gezek, ýagny 24-nji iýulda görkezdi. Bu Türkmenistanyň prezidentiniň aradan çykandygy baradaky tassyklanmadyk maglumatlaryň we olaryň yzýany ret edilmeginiň yzýanyna gabat gelipdi. Türkmen prezidentiniň şeýle uzak wagtlap telewideniýede... Читать дальше...
Eýranyň ýadro programmasyna garşy çäklendirmeler hem uzaldyldy diýip, döwlet sekretarynyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar.
Serhetsiz reportýorlar guramasy Pakistanda metbugat azatlygy derejesiniň “howsalaly ýagdaýda aşak gaçandygyny” aýtdy we premýer-ministr Imran Hany bu ýagdaýy düzetmek üçin gyssagly çäre görmäge çagyrdy. Metbugat gözegçiligi guramasy Hanyň golaýda Waşingtona eden saparynda metbugat azatlygynyň çäklendirilendigi baradaky gürrüňleri “degişme” atlandyrmagy bilen ylalaşmady we ýurtda metbugat azatlygynyň ýaramazlaşandygyny görkezýän soňky wakalaryň birnäçesine ünsi çekdi. “Bu “degişmede” siziň ýurduňyzdaky... Читать дальше...
Türkmen häkimiýetleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän hususy iş ýerleri, şol sanda käbir dükanlary, kafeleri, restoranlary köpçülikleýin häsiýetde ýapdyrýar.
Adam hukuklaryny goraýan gurama 31-nji iýuldaky beýanatyndaAskarowyň azat edilmegi barada ýene bir gezek çagyryş edip, 68 ýaşyndaky tussagy “wyždan bendisi” hökmünde häsiýetlendirdi.
Niderlandiýada jemgyýetçilik ýerlerinde, jemgyýetçilik edaralarynda we transportda adamyň ýüzüni örtýän eşikleri geýmegi, şol sanda yslam lybaslaryny we çadyralaryny geýmegi gadagan edýän kanun güýjüne girdi. 1-nji awgustdan başlap, adamyň ýüzüni doly ýapýan zatlar, kaskalar, baş gaplary mekdeplerde, hökümet edaralarynda, awtobuslarda we otlularda geýlip bilinmez. Bir ýyl ozal parlamentde kabul edilen kanun jemgyýetçilik ýerlerindäki howpsuzlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär, emma tankytçylar... Читать дальше...
Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Mary welaýatyndaky bankomatlarda nagt puluň köplenç tapdyrmaýandygy barada habarlaryň gelip gowuşmagy dowam edýär.
Birleşen Ştatlar 31-nji iýulda Eýranyň daşary işler ministri Mohammed Jawad Zarifiň Birleşen Ştatlardaky ýa ABŞ guramalarynyň gözegçiligindäki islendik emlägini doňdurmak bilen, oňa garşy çäklendiriji çäreleri gördi diýi, ABŞ-nyň Döwlet departamenti yglan etdi. Eýranyň ýadro programmasyna garşy çäklendirmeler hem uzaldyldy diýip, döwlet sekretarynyň metbugat gullugynyň beýanatynda aýdylýar. "Zarif Eýranyň ýokary lideriniň oýlanyşyksyz iş planlaryny durmuşa geçirýär we režimiň dünýä ýüzündäki esasy sözçüsi bolup durýar. Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Waşigtonyň Moskwa bilen aradaky gatnaşyklaryny gowulandyrmak synanyşygynyň çäginde, Orsýete Sibirde giň ýaýran tokaý ýangynlaryny öýürmekde kömek hödürledi. Tramp kömek teklibini etmek üçin rus prezidenti Wladimir Putine telefon etdi diýip, Kreml öz websaýtynda aýtdy. Putin Trampa aladasy üçin “ýürekden minnetdarlyk” bildirdi we özüniň bu kömegi ýagdaý talap eden halatynda kabul edip biljekdigini aýtdy. Sibir giňişliklerinde birnäçe gün bäri möwç alýan tokaý... Читать дальше...
Moskwa polisiýasy oppozisiýa lideri Lýubow Sobolyň baş edarasy üçin gol ýygnaýanlara tälim berýän Alekseý Minýaýlonyň öýüni dökdi diýip, garaşsyz syýasy gözegçilik topary topary aýtdy. OVD-Infonyň aýtmagyna görä, öý döküşlik derňew komitetiniň 27-nji iýulda resmileriň Moskwa şäher geňeşiniň saýlawlarynda dalaşgärlik etmekçi bolan oppozision kandidatlaryň hasaba alynmazlygyna garşy guralan protestleriň garşysyna açan jenaýat işiniň çäginde, 1-nji awgustda geçirildi. Howpsuzlyk resmileri proteste... Читать дальше...