Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde gulluk eden wagtynda wepat bolan 18 ýaşly Öwezaly Ekaýew harby düzgünlere gabat gelmeýän gatnaşyklaryň - sütemiň pidasy bolupdyr. Azatlyk Radiosyna esgeriň ölümine getiren käbir ýagdaýlar mälim boldy.
Azatlygyň habarçylary işlerini ýitirýän adamlaryň barha köpelýändigini, 1-nji oktýabrdan bolsa, hukuk goraýyş edaralaryndahem iş orunlarynyň köpçülikleýin gysgaldylmagynyň planlaşdyrylýandygyny habar berýärler.
Russiýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky (BMG) hemişelik wekiliniň orunbasary Gennadiý Kuzmin 27-nji awgustda Howpsuzlyk Geňeşinde eden çykyşynda “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň Owganystanda güýçlenýändigini aýtdy.
Üstümizdäki aý Aşgabatda geçiriljek Halk maslahatynyň Ikinji mejlisiniň gün tertibine girizilmegi ahmal meseleler barada mejlise gatnaşyjy bir wekil Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysyna atlandyrylmazlyk şertinde maglumat berdi.
ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton prezident Donald Trampyň Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen duşuşyp, Tähranyň ýadro programmasy barada gürleşmäge taýýar bolmagyABŞ-nyň lideriniň Eýran babatdaky berk pozisiýasyny üýtgetjekdigini asla aňlatmaýar diýýär.
Moskwa barada tankydy garaýyşlaryny beýan ABŞ-nyň ikinji senatory Russiýanyň özüne wiza bermekden ýüz öwürendigini aýtdy. Demokrat senator Kris Murphy (Chris Murphy) Russiýa resmi sapar etmeli kongres wekiliýet toparynyň düzümine girýärdi. Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça kommitetiniň agzasy Murphy rus resmileriniň wiza bermekden ýüz öwürendigi baradaky maglumaty 27-nji awgustda özüniň websaýtynda çap etdi, şeýle-de ol “Russiýanyň dialoga gyzyklanma bildirmeýändigini utanç” ýagdaý diýip atlandyrdy. Читать дальше...
Gyrgyzystanyň içeri işler ministriniň ozalky orunbasary Kursan Asanow öý tussaglygyna ýerleşdirildi. Asanow awgustda ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň, iki güne çeken adam pidaly garşy duruşyndan soň, häkimiýetlere boýun bolmagyny ylalaşypdy. Bişkegiň Birinji Maý etrap sudy 27-nji awgustda giçlik Asanowyň 13-nji oktýabra çenli öý tussaglygyna ýerleşdirilmelidigi barada höküm çykardy. Ol 8-nji awgustda Atambaýew bilen gepleşikleriň dowamynda wezipe borçlarynyň çäginden çykmak aýyplamasy boýunça derňelýär. Читать дальше...
Braziliýanyň prezidenti Jair Bolsonaro G7 toparynyň Amazonadaky ýangynlar bilen göreşmek üçin hödürlän 22 million dollarlyk hemaýatyny kabul etmegi nazara almazyndan öň, Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň ondan ötünç soramalydygyny aýtdy. “Ilki bilen, Makron maňa aýdan kemsidiji sözlerini yzyna almaly” diýip, Bolsonaro 27-nji awgustda aýtdy. Ol Markony özüni “ýalançy” diýip atlandyrmakda aýyplady. Bolsonaro Makronyň Amazonadaky müňlerçe gektar ýeriň ot almagy boýunça görülýän çäreler baradaky... Читать дальше...
Owganystanda gyzlyk barlagyny geçmedik aýal-maşgalalar, ýurtda bu ylmy bolmadyk tejribäniň resmi ýagdaýda gadagan edilendigine garamazdan, heniz hem türmä basylýar diýip, ABŞ-nyň Milli Jemgyýetçilik Radiosy (NPR) 27-nji awgustda maglumat berdi. Amerikanyň global maşgala planlaşdyryş guramasynyň başlygy Marie Stopesiň yslam syýasaty boýunça maslahatçysy Farhad Jawidiň NPR-a aýtmagyna görä, şu ýylyň ýanwar aýynda onuň özi we Owganystanyň birinji hanymy Rula Ghani aýallaryň aglabasynyň saklanylýan türmesine baryp görüpdirler. Читать дальше...
Özbegistanyň güýç ulanyjylary Daşkent bazarynda sakgaly bolan onlarça adamy sakladylar. Olary polisiýanyň bölümine getirip, sakgalyny syrmaga mejbur edip, soňra goýberdiler. Paýtagtyň Içeri işler bölümi bu reýdiň sebäbini düşündirmekden ýüz öwürdi. SAKGALLYMYŇ – POLISIÝA BARMALY? Daşkendiň «Малика» bazarynda hojalyk tehnikasyny hem elektrik enjamlaryny satýan işewür topardan bir söwdagär Azatlygyň Özbek redaksiýasyna jaň edip, 23-nji awgustda ony hem ýene-de onlarça adamy polisiýanyň saklandygyny aýtdy. Читать дальше...