Orsýet Demirgazyk buzly okeandaky we Baransew deňzindäki suwasty gämilerinden iki raketany – suwuk ýangyçly kontinentara “Sinawany” we goýy ýangyçly täze “Bulawany” atyp, demirgazyk Arhangelsk regionyndaky we Uzak Gündogardaky Kamçatka ýarymadasyndaky nyşanalary urandygyny aýdýar. 24-nji awgustdaky synaglar, Orsýetiň Goranmak ministrliginiň çap eden wideosynda görkezilmek bilen, ABŞ-nyň gury ýerden atylan ganatly raketa synagynyň yz ýanyna gabat geldi. Orsýet ABŞ synagynyň Orta aralyga ýetýän ýadro güýçleri şertnamasyny bozandygyny aýdýar. Читать дальше...
Türkmen mediasy 23-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura etjek ilkinji saparynyň senesini yglan etdi. Wise-premýer Reşit Meredowyň wideoşekilli maslahatda beren hasabatyna görä, döwlet sapary 26-27-nji awgustda amala aşyrylar.
Üsti adamsyz, Orsýetiň ilkinji adama meňzeş robotyny alyp barýan “Soýuz” kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna birigip bilmedi. Orsýetiň “Roskosmos” kosmos agentligi 24-nji awgustdaky birleşmek şowsuzlygynyň sebäbini birikmek ulgamyndaky problema bilen düşündirdi. “Roskosmosyň” resmileri biraz soň indiki birikmek synanyşygynyň 26-njy awgustda geçiriljekdigini aýtdylar. Orsýetiň TASS habar gullugynyň maglumatyna görä, “Soýuz” gämisi birikmek synanyşygyny bes etmezinden öň Halkara kosmos... Читать дальше...
Belarus öz nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny çig nebit bilen üpjün etmegi diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ilkinji gezek özüniň has kuwwatly, energiýa baý goňşusy Orsýetden daşlaşyp, Günbatar bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga ymtylýar. AÝ/AR-a mälim bolan maglumatlara görä, Belarusyň ABŞ nebiti bilen gyzyklanmagyna Moskwanyň Belarus bilen bileleşigi dowam etdirmäge has kän gyzyklanma bildirmegi itergi berýär. Kreml soňky 20 ýylda hereketsiz galan birleşmek taslamasyny dikeltmek isleýär. Belarusyň döwlet eýeçiligindäki Nebit kompaniýasy... Читать дальше...
Kiýew we Moskwa, aýdylmagyna görä, her tarapdan 33 tussagyň beýleki tarapa berilmegine taýýarlyk görýär. Alşyljak tussaglaryň arasynda geçen ýyl rus güýçleri tarapyndan tutulan ukrain deňizçileri hem boljaga meňzeýär. RBK media topary ady aýdylmaýan rus çeşmelerine salgylanyp, 22-nji awgustda 33 ukrain raýatynyň berilmegini we 33 rus raýatynyň alynmagyny öz içine alýan alyş-çalşygyň basym boljakdygyny habar berdi. Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow RBK-a Moskwa bilen Kiýewiň tussaglary alyşmak barada gepleşik geçirýändigini tassyk etdi... Читать дальше...
Senagatlaşan döwletleriň baş ýediligini öz içine alýan G7 toparynyň liderleri günorta Fransiýada jedelli boljaga meňzeýän sammite toplandylar. Sammitiň gün tertibinde Eýranyň ýadro programmasy we Orsýetiň bu topara gaýtadan kabul edilmek ähtimallygy ýaly meseleler bar. 24-nji awgustda Biarritz kurort sebitinde, fransuz prezidenti Emmanuel Makronyň beýemçiliginde başlanýan iki günlük sammite gatnaşýan liderleriň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Britaniýanyň täze premýer-ministri Boris Jonson dagy hem bar. Читать дальше...
Daşary ýurtlara pomidor eksport edýän Türkmenistanda awgust aýynyň üçünji onlugynda pomidor gymmatlaýar. Ýerli synçylar adatça bu wagtlar pomidoryň bahasynyň örän arzanlandygyny aýdýarlar.
Hindistanyň demirgazygyndaky Uttarakhand ştatynyň 132 obasynda soňky üç aýyň dowamynda bir gyz hem dünýä inmändir.