Türkmenistanyň Lebap welaýatynda kombaýn sürüjileri şu ýylky galla oragy möwsüminde çeken zähmeti üçin aýlyklaryny alyp bilmän, gallaçy daýhanlar bolsa, hasyl puluny nagtlaşdyryp bilmän kösenýär.
Türkmenistanyň paýtagtynda ýene-de towuk ýumurtgasynyň gytçylygy ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýumurtga döwlet dükanlarynyň ençemesinde satuwdan aýrylypdyr. "Döwlet dükanlarynyň ählisinde dört gün bäri ýumurtga üpjünçiligi kesildi" diýip, habarçymyz 14-nji awgustda habar berdi. Paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýumurtganyň satuwdaky möçberiniň azalandygyny habarçylarymyz geçen hepdäniň aýagynda habar beripdi. Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ýumurtga... Читать дальше...
Anonimlik şertinde gürlän resmi Waşingtonyň bu ýadro partlamasy boldy diýip tassyklamaga taýýar däldigini, emma bu ýerde radioaktiw elementleriň gatnaşygynyň bolandygyna ynanýandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň goşunynda gulluk eden bir esgeriň duýdansyz aradan çykandygy we türkmen häkimiýetleri tarapyndan onuň maşgalasyna maddy ýardamyň teklip edilmeýändigi baradaky habaryndan soň, merhumyň hossarlaryna uly bolmadyk mukdarda azyk kömegi berildi.
Türkmenistan 8-nji awgustda, birinji Hazar ykdysady forumynyň öňüsyrasynda guran ekologiýa leksiýasy bilen, Ginnesiň dünýä rekordlary kitabynyň ýene bir sertifikatyna mynasyp boldy.
Gyrgyzystanda ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň häkimiýetlere boýun bolmagy boýunça gepleşikleri geçire, içeri işler ministriniň orunbasary Kursan Asanow “gyrgyz polisiýasynyň bähbitlerine dönüklik etmekde we ynamy ýitirmekde” aýyplanyp, wezipesinden boşadyldy. Baş prokuraturanyň Azatlyk Radiosyna 14-nji awgustda beren maglumatyna görä, Asanow mundan bir gün öň wezipe borçlaryndan boşadylypdyr. Bu onuň Atambaýew bilen polisiýanyň ýörite güýçleriniň arasyndaky gapma-garşylyk wagty “ygtyýarlygy... Читать дальше...
Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan ýurduň 14-nji awgustda belleýän Garaşsyzlyk gününi Kaşmiriň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan sebitinde geçirer. Premýer-ministriň edarasynyň beren maglumatyna görä, Muzaffarabada Khanyň ýany bilen hökümetiň ençeme ministri hem gider. Khanyň saparyndan bir gün öň, Pakistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gyssagly mejlisini çagyrdy. Mundan ozal, 5-nji awgustda Hindistan özüniň gözegçilik edýän Jammu we Kaşmir sebitleriniň awtonomlygyny ýatyrmak baradaky kararyny mälim edipdi. Читать дальше...
Russiýanyň liberal “Ýabloko” partiýasynyň sekiz dalaşgärinden dördüsi öňümizdäki aý Moskwanyň Geňeşine geçirilmeli saýlawlara hasaba alyndy. 13-nji awgustda sud saýlaw resmileriniň Sergeý Mitrohiniň kandidaturasyny hasaba almazlyk baradaky kararyny ýatyrdy. Mitrohin “Stolitsa” hukuk toparyna ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de, saýlawlara Moskwanyň Çagalaryň hukuklary boýunça ombudsmeny Ýewgeniý Bunimowiç, partiýanyň Korrupsiýa garşy syýasat merkeziniň eksperti Maksim Kruglow we arhitektor Dariýa Besedina hem goýberildi. Читать дальше...
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi Ýemende saudlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa garşy göreşýän huthileri goldamagyny dowam etdirjekdigini söz berdi. Saudlaryň baştutanlygyndaky koalisiýa dört ýyl bäri dowam edýän uruşda Ýemeniň häkimiýetden çetleşdirilen hökümetini dikeltjek bolýar. Hameneýi döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda ýemenlileri onlarça müň adamyň ölmegine getiren çaknyşyklary bes etmek üçin dialoga çagyrdy. Hameneýi Saud Arabystanyny “Ýemeni bölmek” synanyşygynda aýyplady. Читать дальше...