Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baradaky maglumatlar dünýäniň meşhur telewizion kanallarynyň iňlis dilli satira gepleşikleriniň ünsüni özüne çekmäge dowam edýär.
Orsýetiň Milli Gwardiýasy 10-njy awgustda Moskwada geçen demonstrasiýada egni formaly bir ofiseriň saklanan bir zenan protestçiniň garnyna ýumruk bilen urýanyny görkezýän wideo ýazgydan özüni çetde tutýar.
8-9-njy awgustda Daşoguz welaýatyny duzly tupan gurşap aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Şu günler Türkmenistanda we dünýäniň beýleki musulman ýurtlarynda Gurban baýramy bellenilýän mahalynda, Türkmenbaşy şäherinde we onuň töwereginde ýaşaýan raýatlara gurbanlyk mal öldürip, sadaka bermek dil üsti bilen gadagan edildi.
11-12 – nji awgustda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumy öz işine başlady.
Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky günlerde döwlet dükanlarynda alyjylara hödürlenýän çöregiň we unuň hili ýaramazlaşypdyr. - Döwlet dükanlarynda kadaly hilli çörek tapmak kynlaşdy. Köplenç pes hilli goňur çörek satýarlar. Ony iýip bolmaýar, onuň ysy ýaramaz - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 12-nji awgustda habar berdi. Onuň sözlerine görä, dürli dükanlarda çöregi hili tapawutlanyp bilýär. - Biz üç sany dükany aýlandyk, ak çöregi satyn almak üçin, soňundan tapdyk. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşyda geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş etdi. Bu onuň ölendigi baradaky peýda bolan myş-myşlaryň ýaýramagynyň yzýanyna gabat geldi. 12-nji awgustda resmi türkmen mediasynda görkezilen reportažda Berdimuhamedow rusça 20 minut töweregi söz sözledi. Reportažda onuň aýak üstünde durandygyny görse bolýardy. 20-nji iýulda türkmen sosial mediada soňra käbir rus dilli metbugat serişdelerinde Türkmenistanyň prezidentiniň ölendigi... Читать дальше...
ABŞ we “Talyban” araçylary Owganystandaky 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň sekizinji tapgyrynyň jemlenmeginden soňra, öz ýolbaşçylary bilen maslahat ederler diýip, “Talyban” mälim etdi. “Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahid Kataryň paýtagty Dohadaky gepleşikleriň 12-nji awgustda ir bilen tamamlanandygyny mälim etdi. Şeýle-de, ol: “Bu uzyn we peýdaly [gepleşikler] boldy. Iki tarap hem indiki ädimler boýunça öz liderleri/ýolbaşçylary bilen maslahat etmek kararyna geldi” diýip, sözüne goşdy. Читать дальше...
Russiýa Moskwanyň ýaşaýjylaryny protestlere, şol sanda rugsat berilmedik ýörişlere çagyrmakda aýyplaýanlarynyň sanawyna düýbi Kaliforniýada ýerleşýän Google tehnologiýa läheňini hem goşdy. Russiýanyň tele-kommunikasiýa pudagyna gözegçilik edýän Roskomnadzor edarasy özüniň 11-nji awgustda ýaýradan beýanatynda Google-yň wideo paýlaşmak üçin platformasy – YouTube-y aýratyn belläp geçdi. Mundan bir gün öň, Moskwada soňky sekiz ýylyň içinde iň uly protest çäresi geçirilipdi. Roskomnadzor düýbi ABŞ-da... Читать дальше...
Russiýanyň Sibir sebitiniň Açinsk şäheriniň 800 töweregi ýaşaýjysy regionyň harby ammaryndaky ýüze çykan iki partlamadan soň, maliýe kompensasiýasyny soradylar. Hadysanyň netijesinde bir adam öldi, başga-da onlarçasy ýaralandy; şeýle-de, 16 müň töweregi ýaşaýjy ewakuasiýa edildi. Açinskiň ýerli administrasiýanyň beren maglumatyna görä, 58 adama zeper ýeten emlägine “maliýe hemaýaty” hökmünde 550 müň rubl ($8,400) berilipdir. Krasnoýarskiý Kraý regionynyň şäherindäki partlamalar 9-njy we 5-nji awgustda ýüze çykdy. Читать дальше...
Pakistanda iýulda başlanan güýçli ýagynlaryň netijesinde azyndan 161 adam heläk boldy, diýip habar gulluklary ýerli resmilere salgylanyp maglumat berýärler. Pakistanyň Karaçi şäherinde tebigy hadysa sebäpli azyndan 20 töweregi adam öldi diýip, dpa agentligi 12-nji awgustda habar berdi. Käbir sebitlerde düşen ygalyň derejesi 192 millimetre çenli ýetdi. Maglumata görä, raýat we harby gullukçylary köçelerden suwlary aýyrmak ugrunda tagalla edýärler. Howanyň global derejede gyzmagy ýagynlardan abanýan howplary güýçlendirdi diýip... Читать дальше...