Türkmen ýörite gulluklarynyň Rohde & Schwartz nemes kompaniýasynyň howpsuzlyk enjamlaryndan peýdalanýan bolmak ähtimallygy barada Azatlygyň çap eden derňewinden soň, türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosyny ýurtda çäklendirmek boýunça görýän çärelerini ýene-de güýçlendirdi.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Moskwanyň Ukrainanyň Gara deňziň kenaryndaky ýarymadasynyň Russiýanyň bir bölegi bolmagy diýýäniniň 5-nji ýyldönümini bellemek üçin 18-nji martda Kryma sapar edýär.
Aşgabadyň köçelerinde zenan sürüjileriň sürüjilik şahadatnamalarynyň ellerinden alynmagy bilen bagly çäre we dürli reňkdäki ulaglary sürmäge girizilen gadagançylyk dowam edýär; hökümete degişli edara-kärhanalarda işleýän aýal-gyzlaryň ulag sürmegine çäklendirme girizilmeýär.
Geçen hepde Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar sebitlerinde owgan hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda çaknyşyk boldy.
18-nji martda Gollandiýanyň Utreht şäherinde ýaragly hüjümçi tramwaýda ot açyp, azyndan bir adamy öldürdi we ençeme adamy ýaralady. Resmiler bu ýagdaýyň terrorçylyk bilen bagly bolmagy mümkin diýýärler. Polisiýa hüjümçiniň heniz gaçyp gizlenýändigini aýdýar. "Ok atyşygyň bolan ýeri 24 Oktoberplein Utreht ... Köp adam ýaralandy. Daş-töwerekdäki giňişlik gabaldy we biz ýagdaýy derňeýäris" diýip, Utrehtiň polisiýasy Twitterde ýazdy. Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte häkimiýet başyndaky... Читать дальше...
Kanada Ukrainada 200 agzadan ybarat harby türgenleşik missiýasyny uzaldýandygyny yglan eder. Bu barada Kanadanyň daşary işler ministri Krystia Freelandyň we goranmak ministri Harjit Sajjanyň 18-nji marta planlaşdyrylan metbugat konferensiýada yglan etjegini Reuters agentligi ygtybarly çeşmesine salgylanyp habar berdi. Reutersyň habar bermegine görä, goşmaça trenerleriň ugradylmagy göz öňünde tutulmaýar. Goranmak ministrliginiň metbugat wekili kommentariý bermekden boýun gaçyrdy. Freelandyň wekilleri bilen dessine habarlaşyp bolmady. Читать дальше...
Orsýetiň Çeçenistan regionynyň Şali etrabynyň sudy adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Oýub Titiýewi neşe saklamak aýyplamasynyň esasyndaky diňlenişigine başlady. Aktiwistiň özi we onuň tarapdarlary bu işi syýasy matlaply atlandyrýarlar. Orsýetde sud diňlenişikleri adatça ençeme sagada çekip, işiň mazmuny, derňew detallary we sud maglumatlary doly okalýar we iň soňunda karar yglan edilýär. Prokurorlar Şali etrap suduny Moskwada ýerleşýän Memorial guramasynyň Çeçenistandaky edarasynyň müdirini... Читать дальше...
Täze Zelandiýada metjide hüjüm edip, adamlary oka tutmakda günälenýän 28 ýaşly awstraliýaly aklawçydan ýüz öwrüp, özi özüni gorajagyny aýdypdyr. Bu barada onuň aklawçysy habar berýär. Deslapky sud diňlenişiginde Brenton Tarranta wekilçilik eden Riçard Petersyň 18-nji martda AFP habar agentligine aýtmagyna görä, ol "aklawçy islemeýändigini mälim edipdir". 15-nji martda Kraýstçörç (Christchurch) şäherinde metjitde oka tutulan 50 adam wepat boldy we 40 çemesi ýaralandy. 16-njy martda şäheriň etrap... Читать дальше...
Owganystanyň "Talyban" hereketi ýurduň Türkmenistan bilen serhedinde owgan harbylarynyň uly toparyny ýesir aldy. Halkara media serişdeleriniň owgan resmilerine salgylanyp, berýän maglumatyna görä, şenbe güni gije ýurduň Türkmenistan bilen serhedinde "Talyban" tarapyndan ýesir alnan harbylaryň sany 1000 we 150 adam aralygynda. NYT neşriniň habaryna görä, serhetde ýesir alnan 150 owgan harbysy söweşijilerden gaçyp, goňşy Türkmenistana geçipdir, emma bu ýurt olary yzyna dolanmaga mejbur edipdir. Читать дальше...