Russiýada aktiwistler ýurduň Internet serwerlerinden daşardan kesilmegi halatynda, onuň üpjünçiligini kepillendirmäge gönükdirilendigi aýdylýan kanuna garşy demonstrasiýalary geçirýärler. Kanun taslamanyň tankytçylary prezident Wladimir Putiniň hökümetiniň munuň üsti bilen Internete gözegçiligi güýçlendirmegi we senzurany ornaşdyrmagy maksat edinýändigini aýdýarlar. Ýörişleri ýurduň dürli şäherlerinde, şol sanda Moskwada hem geçirmek planlaşdyrylýar. “Internet özygtyýarlygy” atlandyrylýan bu... Читать дальше...
Hindistanyň demirgazygynda adamlar buddist ybadathanasynyň daşynda ýygnanyp, Tibetiň Hytaýyň hökümetine garşy başa barmadyk gozgalaňynyň 60-njy ýyl dönümini ýatladylar. Dalai Lamanyň tarapdarlary Dharamsaladaky ybadathanada şygarlary gygyrdylar we doga-dileg etdiler. 1959-njy ýylda Hytaýyň Tibetdäki basyp ýatyrmak hereketlerinden gaçyp çykan tibetlileriň 83 ýaşly ruhy lideri bu ýerde bosgunlykdaky hökümeti esaslandyrypdy. Dalai Lamanyň özi häzirki çärä gatnaşmady. XX asyryň başynda Tibet Hytaýdan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Читать дальше...
Gazagystanda howpsuzlyk güýçleri Hytaýdaky etniki gazaklarynyň meselelerini gün tertibine getiren toparyň ýolbaşçysyny tussag etdiler.
Efiopiýa howaýollaryna degişli ýolagçy uçary heläkçilige uçrady. Addis Ababadan Kenýanyň paýtagty Nairobä uçuşy amala aşyran Boeing 737 uçarynyň bortunda 149 ýolagçynyň we sekiz ekipaž agzasynyň bolandygy bellenilýär. Howaýollarynyň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, uçar paýtagt Addis Ababadan howa galanyndan tiz wagtdan soň, 50 kilometr uzaklykdaky Efiopiýanyň Bişoftu şäheriniň golaýynda ýere gaçypdyr. Efiopiýa howaýollary gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini aýtdylar. Читать дальше...
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde aşa-sagçy demonstrantlar prezident diwanynyň daşynda polisiýa bilen çaknyşdylar. Aşa-sagçy aktiwistler Kiýewde toplanyp, harby korrupsiýa dawasy bilen ilteşikli bolmakda aýyplanýanlaryň ählisiniň tussag edilmegini talap etdiler. Geçen hepde çykan media derňewinde Ukrainanyň harby pudagyndaky, şol sanda prezident Petro Poroşenkonyň fabrikasynyň hem ilteşiklidigi aýdylýan, pul ýuwmak shemalary bolmakda şübhelenýän maglumatlar çap edilipdi. Wideoda demonstrantlaryň polisiýa germewini böwsüp geçmekçi bolýan... Читать дальше...
Eýranda polisiýa bir oglan bilen gyzyň söwda merkeziniň öňünde nyşanlanmagyndan soň, jübüti “jemgyýetçilik tertip-düzgünini kemsitmekde” aýyplap, tussag etdi. 8-nji martda Ineternetde ýerleşdirilen wideoda görnüşine görä, Eýranyň günbataryndaky Arak şäherindäki söwda merkezinde bir oglan gül desseleriniň öňünde öz hallaşýan gyzyna durmuşa çykmak teklibini edýär. Wideoda gyzyň oglany gujaklaýan, şeýle-de daş-töwerekdäki märekäniň muňa çapak çalýan pursatlaryny hem synlasa bolýar. Markazi welaýatynyň... Читать дальше...
"Dünýä Türkmenleriniň" bu sanynda "Türkmenistanyň hronikasy" neşiriniň baş redaktory Farid Tuhbatullin hem-de "Türkmenistanyň alternatiw habarlary" neşiriniň baş redaktory Ruslan Mätiýew bilen geçirilen söhbetdeşligi siziň dykgatyňyza ýetirýäris.