Birleşen Ştatlaryň we Orsýetiň ýokary derejeli generallary Siriýadaky ýagdaý boýunça pikir alyşmak maksady bilen duşuşýarlar. Taraplar Eýran we Türkiýe bilen birlikde, bu ýurtda sekiz ýyl bäri barýan raýat urşuna harby taýdan ilteşikli bolup gelen ýurtlardyr.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji martda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we ahalteke atçylyk toplumynda boldy diýip, TDH habar berýär. Wise-premýer Pürli Agamyradow döwlet baştutanyna 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Prezident Berdimuhamedow Tokioda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenleriň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly... Читать дальше...
“SpaceX” kompaniýasy tarapyndan ýasalan Ripli atly maneken Halkara kosmos stansiýasyna “Crew Dragon” kosmos gämisinde geldi. Stansiýa birikmek ABŞ-nyň territoriýasyndan ugrukdyrylýan uçuşlary dikeltmek taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. 2011-nji ýyldan bäri ekipažlary orbita çykarmak we Ýere dolap getirmek rus enjamlary tarapyndan amala aşyrylýardy. Has anyk maglumatlary “Roýtersden” alyň.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtlarda Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýar.
Aşgabadyň häkimiýetleri şäheriň köçelerinden goýy reňkli awtoulaglary ýok etmek boýunça çärelerini dowam etdirýärler. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, günde paýtagtyň köçelerinde reňki sebäpli onlarça awtoulag saklanýar. "Goňşymyň awtoulagyny elinden aldylar onuň goýy-çal reňkli bolany sebäpli. Ony Arçabil şaýolunda Garaşsyzlyk parkynyň golaýynda sakladylar, başda dokumentlerini elinden aldylar. Ol ylalaşjak boldy, tas ýalbarandygyny gürrüň berdi, şu gezek goýberseler... Читать дальше...
Belarusdaky iň uly garaşsyz habar saýtynyň redaktoryna Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň “azat mediany ýanamak” diýip häsiýetlendirien işi boýunça esli möçberde jerime tölemek hökümi çykaryldy. Paýtagt Minskdäki sud 4-nji martda Marina Zolatawanyň Tut.by websaýtynyň döwlet eýeçiligindäki BelTA habar agentliginden bikanun maglumat alandygy baradaky netijä gelip, onuň 7,650 ruble ($3,600) jerime tölemegini we suduň harajatlaryny- 6,000 ruble ($2,800) tölemegini buýurdy. Zolatawa özüniň bigünädigini aýtdy. Читать дальше...
Prezident Milo Djukanowiçiň, şeýle-de beýleki hökümet we sud resmileriniň işden çekilmegini talap etmek üçin Montenegronyň, Garadagyň paýtagtynda müňlerçe adam köçelere çykdy. Olar prezidenti we beýleki ýokary derejeli resmileri korrupsiýa göz ýummakda aýyplaýarlar. Podgorisada 2-nji martda bolan protest soňky hepdelerde geçirilen şeýle protestleriň dördünjisi boldy. 10 müňden gowrak diýip hasaplanan protestçiler mähellesine goşulanlar şäher merkezinden ýöriş edip, “Milo, ogry” diýen ýaly şygarlara gygyrdylar. Читать дальше...
ABŞ-nyň we Orsýetiň ýokary derejeli genarallary Siriýadaky ýagdaýy maslahatlaşmak üçin duşuşýar, bu iki ýurt, Eýran we Türkiýe bilen bilelikde, Ýakyn Gündogar ýurdundaky sekiz ýyllyk raýat urşuna harby taýdan ilteşikli bolup durýar. Amerikan generaly, harby ýolbaşçylaryň baş ştabynyň başlygy Joseph Dunford we Orsýetiň Baş harby ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow 4-nji martda Wenada bolýan duşuşykda beýleki möhüm meseleler barada hem pikir alşarlar diýip, harby ýolbaşçylaryň sözçüsi aýtdy. "Iki... Читать дальше...
Alžiriň prezidenti Abdelaziz Bouteflika, 20 ýyllyk häkimiýetini uzaltmagyna garşy bildirilýän protestlere garamazdan, gelýän aýdaky prezident saýlawlarynda kandidat hökmünde hasaba durdy. Bouteflikanyň kampaniýa menejeri 3-nji martda 82 ýaşyndaky prezidentiň adyndan onuň dalaşgärlik dokumentlerini tabşyrdy. Prezidentiň özi Şweýsariýada medisina bejergisini alýar. Menejeriň sözlerine görä, eger-de Bouteflika saýlansa, ol bir ýyl içinde prezident saýlawlaryny taýýarlajak “milli konferensiýanyň”... Читать дальше...
3-nji martda geçen saýlawlaryň gutarnykly netijelerine görä, Estoniýanyň oppozisiýadaky liberal Reforma partiýasy premýer-ministr Juri Ratasyň dolandyryjy merkez-ganat Merkez partiýasyndan üstün çykdy. Ses berişlikde aşa sagçylar hem köp goldaw aldy. Baltika ýurdunyň saýlaw komissiýasy 4-nji martda günbatara tarapdar Reforma partiýasynyň sesleriň 28.8 prosentini alyp, 101 orunly parlamentiň 34 ornuny eýeländigini yglan etdi. Bu partiýanyň ozalky parlamentde 30 orny bardy. Merkez partiýasy sesleriň 23.9 prosentini alyp... Читать дальше...
Owganystanyň hökümeti BMG-niň palestinaly bosgunlara goldaw berýän esasy agentligine 1 million dollar kömek berdi. Owganystanyň Türkiýedäki ilçisi Abdul Rahim Sayed Jan 3-nji martda Stmabulda bolan dabarada bu serişdäni BMG-niň Kömek we işler agentliginiň komissary Pierre Kraehenbuehle gowşurdy. Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşogly Kabuly bu jomartlygy üçin öwdi we, owgan halkynyň çekýän horluklaryna garamazdan, onuň “bu oňyn işi bilen halkara doganlygynyň iň owadan nusgasyny” görkezendigini aýtdy. Читать дальше...