Добавить новость

Минтранс Подмосковья: дорожная обстановка в Московской области вечером 17 июня

Что известно о новых заместителях министра обороны РФ Андрея Белоусова

Солнечногорские студенты познакомились с работой загородного отеля

Фракция КПРФ в Мособлдуме поддержала закон о мерах поддержки соцработникам



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat - ak ulagly ak şäher

Aşgabat - ak ulagly ak şäher

Aşgabadyň häkimiýetleri şäheriň köçelerinden goýy reňkli awtoulaglary ýok etmek boýunça çärelerini dowam etdirýärler. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, günde paýtagtyň köçelerinde reňki sebäpli onlarça awtoulag saklanýar. 

"Goňşymyň awtoulagyny elinden aldylar onuň goýy-çal reňkli bolany sebäpli. Ony Arçabil şaýolunda Garaşsyzlyk parkynyň golaýynda sakladylar, başda dokumentlerini elinden aldylar. Ol ylalaşjak boldy, tas ýalbarandygyny gürrüň berdi, şu gezek goýberseler, maşynynyň reňkini üýtgetjegini ýa-da ony satjagyny wada berdi. Emma olar maşyny alypdyrlar. Onuň özi jerime-duralgasyna sürüp barypdyr, iki polisiýa onuň bilen gidipdir" diýip, Azatlyk bilen 4-nji martda gürrüňdeş bolan aşgabatly söhbetdeşimiz aýtdy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleri üçin has köp ulag saklamak boýunça plan kesgitlenýär we ýolbaşçylar öz goly astyndakylaryň ony ýerine ýetirmegine gözegçilik edýärler.

"Polisiýanyň işgäri bilen rasiýadan onuň ýolbaşçysy habarlaşdy we onuň näçe ulag saklandygyny sorady. Ol 10-dan köp däldigini aýtdy, bu ir sagat 11:30 töweregindedi. Ýolbaşçy olara käýäp başlady, olaryň erbet işleýändigini aýdyp, has aktiw bolmagy talap etdi. Başlygyň aýdanlaryna görä, aeroportyň golaýynda Bitaraplyk şaýolunda patrul topary üç esse köp awtoulagy duralga äkidipdir. Ol has aktiw işlemegi talap etdi" diýip, Azatlyk Radiosyna polisiýa işgärleriniň arasyndaky gürrüňdeşlige şaýat bolan aşgabatly awtoulag eýesi gürrüň berdi. 

"Meýletin" çykalga ýa-da azap ýoly

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda goýy reňkli ulag eýeleriniň köpüsi üçin awtoulagyny ak reňke boýamak ýeke-täk çykalga bolup durýar. 

Awtoulagyň reňkini üýtgetmeklik maddy çykdajylary we çylşyrymly düzgünleriň berjaý edilmegini talap edýär. 

"Goýy reňkli we reňkli ulaglaryň eýelerine Döwlet awtoinspeksiýasyna meýletin arza ýazyp, ulagyny ak reňke boýamaga rugsat soramagy teklip edýärler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Reňki ak bolmadyk hususy awtoulaglaryň ulanylmagyna gadagançylygyň güýçlenmegi fewral aýynyň ikinji ýarymyndan bäri dowam edýär. 22-nji fewralda Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagtda goýy reňkli awtoulaglaryň köpçülikleýin saklanýandygy barada habar berdiler.     

Munuň bilen bir wagtda-da, goýy reňkli awtoulaglaryň eýeleri "bidüzgünçiligini" hasaba aldyrmak boýunça çylşyrymly düzgünleri berjaý etmeli bolýarlar. 

Şäheriň merkezinde we gündogarynda saklanan awtoulaglar Parahat-4 we Prahat-8 etrapçalaryň arasynda ýerleşýän jerime-duralgasyna alnyp barylýarlar. Günbatar we demirgazyk böleklerinde saklanan transport Köşidäki duralga eltilýär. Her duralgada 1000 sany ulagy saklamaga mümkinçilik göz öňünde tutulýar. 

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň gürrüň bermegine görä, ulag eýelerinden jerime duralgasyna eltilen öz transportuny dört tarapyndan öz telefony bilen surata düşürmek, soň surathanada reňkli kagyzda çykartmak talap edilýär. Soňra Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň Aşgabadyň eteginde, Çoganly şäherçesine golaý ýerleşýän edarasyna baryp, jerime meýdançasynda goýdurylan ulagyň haýsydyr bir ýol hadysasyna gatnaşyp-gatnaşmandygy hakynda güwähat almaly. Goşmaça ulagyň radara düşüp düşmändigi barada güwähaty hem almaly, eger radar jerimeleri bar bolsa olary tölemeli. Diňe şondan soň sürüji alan güwähatlaryny, suratlaryny hem-de awtoulagyň guratlyk hatynyň göçürmesini alyp ulagynyň duran jerime duralgasyna barmaly. 

Häkimiýetler goýy reňkli awtoulag gadagançylygynyň sebäplerini resmi taýdan düşündirmeýärler. Paýtagtyň ýaşaýjylary bu ýagdaýda öz tarapyndan çaklama ýöredýärler.

"Aşgabat ýene-de Ginnes kitabyna girjek bolýandyr, ak ulagly ak şäher hökmünde. Bu hem ilatyň meýletin islegi ýaly görkeziler" diýip, Azatlygyň aşgabatly söhbetdeşleriniň biri öz pikirini mälim etdi.     

Goýy reňkli hususy awtoulaglaryň gadagançylygy barada ilkinji gezek 2017-nji ýylyň dekabr aýynda mälim bolupdy. Şonda Aşgabadyň köçelerinden, şäher duralgalaryndan we ýaşaýyş jaýlaryň öňünden goýy reňkli awtoulaglaryň ençemesi jerime duralgalaryna alnyp gidildi. Ýaşaýjylaryň hususy transport serişdeleri öňünden duýdurmazdan äkidildi.

"Aşgabatda ulag sürýän aýal bolmaz"   

Geçen aýda Aşgabadyň köçelerinde goýy reňkli awtoulaglaryň saklanyp başlanmagy bilen bir hatarda awtoulagly zenanlar hem polisiýanyň eden-etdiligine sezewar boldular.     

Azatlyk Radiosynyň habarçylary şu günler hem Aşgabadyň köçelerinde polisiýanyň aýallary saklap dürli bahanalar bilen olaryň elinden sürüjilik rugsadyny alýandygyny habar berýärler.  

"Gaýişnikler öz arasynda "Aşgabatda rulda aýallar bolmaz" diýýärler. Häzir sürüjilik rugsadyndan mahrum bolan aýallara bir aýlyk berlen wagtlaýyn rugsadyň möhleti geçip barýar" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy polisiýa işgärlerine salgylanyp habar berdi.         

Türkmenistanyň raýatlaryna ozalky ýyllarda gara, soň goýy reňkli awtoulaglary, soň könelişen ulaglary ulanmak gadagan edilipdi. Hususy transporta degişli çäklendirmelere ýurduň güýç we kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri hem sezewar edildi. Olara başda goýy reňkli soňra gymmat bahaly awtoulaglara münmegi gadagan etdiler.    

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

«Наш ответ недоброжелателям» // Дмитрий Дризе — о визите Владимира Путина в КНДР

Госдума приняла в первом чтении поправки в бюджет России на 2024 год

Подмосковный омбудсмен помог предпринимателю предотвратить взыскание денежных средств

Путин улетел из Пхеньяна

Музыкальные новости

Группа Metallica даст виртуальный концерт в Fortnite 22 июня

Театр и Цирк, Культура и Концерт, Россия и Дети: Учащиеся Гурульбинской школы восхитились мастерством жонглирования, игрой с хула-хупами, иллюзионистами цирка Бурятии

Концертный директор для музыкантов. Концертный директор для певцов. Концертное агентство в Москве. Букинг агентство. Организация концертов и гастролей.

Hyundai привозит в Россию старый добрый седан по цене LADA Vesta

Новости России

В Москве арестовали юношу, затушившего свечу в церкви и напавшего на прихожанку

Почти 200 тыс ЭКГ расшифровали на станции скорой помощи Подмосковья в этом году

СК: банду черных риелторов задержали в Москве, они завладели 60 квартирами

День памяти Римского-Корсакова отметят в его усадьбе в Вечаше

Экология в России и мире

Mishel Dar и его главный хит лета: «Лети»

Компания ICDMC презентовала свой первый уникальный БАД

Доктор Кутушов: не стоит носить кроссовки в жару

СЛД «Красноярск» компании «ЛокоТех-Сервис» получило право ремонтировать грузовой электровоз «Ермак» в объеме ТР-2

Спорт в России и мире

«Надо чем-то жертвовать». Арина Соболенко отказалась ехать на Олимпиаду в Париже

Теннисисты Рублев, Хачанов и Самсонова не сыграют на Олимпиаде-2024

Курникова показала трогательные фото Энрике Иглесиаса

Теннисисты Медведев и Рублев сохранили позиции в рейтинге ATP

Moscow.media

Чемпионат и Первенство Москвы и Московской области по автокроссу

В центре Орла машина сбила двух пешеходов

Как Россия уступила Азербайджану значительные территории Дагестана и два села

Hyundai привозит в Россию старый добрый седан по цене LADA Vesta











Топ новостей на этот час

Rss.plus






В Москве арестовали юношу, затушившего свечу в церкви и напавшего на прихожанку

СК: банду черных риелторов задержали в Москве, они завладели 60 квартирами

Почти 200 тыс ЭКГ расшифровали на станции скорой помощи Подмосковья в этом году

Госдума приняла в первом чтении поправки в бюджет России на 2024 год