Türkmenistanyň daşary ykdysady bankynyň öz müşderileriniň plastik kartlaryndan daşary ýurtlarda çekýän pulunyň möçberine girizýän çäklendirmeleri, munuň bilen bir wagtda raýatlaryň ýurduň daşyna pul ibermek mümkinçilikleriniň barha kemelmegi daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen ýaşlarynyň maddy ýagdaýyny agyrlaşdyrdy, ençemesini aç goýdy. Bu barada Azatlyga ýüzlenýän türkmenistanlylar aýdýarlar. “Men türkmenistanly student bu ýere okamak, ýokary bilimli bolmak üçin geldim. Emma men bu ýerde ýokary bilimli bolmaýaryn... Читать дальше...
Özbegistanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowany öý tussaglygynyň şertlerini bozmakda günäli tapyp, ony türmä ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Bu barada Özbegistanyň baş prokurory maglumat berdi.
Aşgabatda aýallaryň ulag sürmegine garşy görülýän çäreler güýçlenip dowam edýär.
Iş gözleginde Türkiýä baryp, ol ýerde resmi ýagdaýda galmaga synanyşýan türkmenistanlylaryň duş gelýän dürli kynçylyklary dowam edýär.
Balkanly, maryly we ahally daýhanlaryň hem-de hojalyk jemgyýetleriniň ençemesi döwletden ýeri 99 ýyl möhlet bilen kärendesine almakda dürli, şol sanda býurokratik kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýdýarlar.
Germaniýanyň prokurorlary rus raýatyna Germaniýada hüjümi planlaşdyrmakda aýyplama bildirdiler. Maglumata görä, geçen aý Magomed-Ali C. diýlip tanyşdyrylan şahsyýete partlamany we gazaplylygy planlaşdyrmakda aýyplama bildiripdir. Ol 2016-njy ýylyň oktýabrynda özüniň Berlindäki öýünde partladyjylary saklamakda aýyplanýar. Russiýanyň Dagystan respublikasyndan gelendigi aýdylýan şahsyýet 2018-nji ýylyň awgustynda tussag edildi. Oňa 25-nji fewralda resmi ýagdaýda aýyplama bildirildi.
Owganystanyň gündogaryndaky gurluşyk kärhanasyna jeňçileriň amala aşyran hüjüminde ölenleriň sany 16-a ýetdi. Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat wekiliniň sözlerine görä, welaýatyň merkezi şäheri Jalalabatdaky esasy aeroportyň golaýyndaky gurluşyk kärhanasynda ilki janyndan geçen iki hüjümçi özüni partladypdyr, soňy bilen-de üç hüjümçi binanyň içine kürsäp giripdir. Resminiň maglumatyna görä, partlamadan soň howpsuzlyk güýçleri bilen jeňçileriň arasynda ok atyşyk ýüze çykypdyr. Hüjümde 16 adam öldürildi, onusy hem ýaralandy. Читать дальше...
Özbegistanda sud ýurduň ozalky prezidenti Islam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowany öý tussaglygynyň şertlerini bozmakda günäli tapyp, ony türmä ýerleşdirmek barada höküm çykardy. Bu barada Özbegistanyň baş prokurory maglumat berdi. Kerimowanyň ady döwletara korrupsiýa derňewinde agzalmazyndan ozal, oňa belli bir döwürde prezidentiň mümkin mirasdüşeri hökmünde garalýardy. Daşkendiň Ýaşanabad etrap sudunyň beýanatyna görä, sud Içeri işler ministrligiň Kerimowa babatyndaky arzasyny makullapdyr. Читать дальше...
Eýranda mugallymlar az aýlyklara we mugallymlaryň hukuklaryny goraýan aktiwistleriň tussag edilmegine garşy mekdeplerde oturyp, tertip üç gün bäri protest geçirýärler. Bu mugallymlaryň sapaklara gatnaşmakdan ýüz öwürýändiklerini aňladýar. Protest çäreleri Eýranyň Mugallymlarynyň Sindikatlarynyň Koordinirleýji Geňeşi tarapyndan gurnalýar. Onuň maglumatyna görä, Tährandaky, Isfahandaky, Hamadandaky, Karaždaky, Kermanşahdaky, Şirazdaky, Ýazdaky we ýurduň beýleki onlarça şäherlerindäki, umumy hasap bilen... Читать дальше...
Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Amnesty International” (AI) guramasy Gazagystana ýüzlenip, geçen aý Merkezi Aziýa döwletinde geçirilen protestleriň diňe bir gününde ýüzlerçe protestçiniň tussag edilmeginden soň, adamlaryň parahatçylykly ýygnanmak hukugyny sylamaga çagyrdy. “Resmiler 27-nji fewralda ýurduň ençeme şäherinde ýygnanan protestçileri tussag edip, adamlaryň parahatçylykly ýygnanmak hukukyny äsgermeýändiklerini ýene bir gezek görkezdiler” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän gurama 5-nji martda çykyş etdi. Читать дальше...