Türkmenistanyň we Belarusyň Garlykdaky kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly özara dawasyny halkara arbitražynda çözmäge synanyşýan wagtynda, “Belgorhimprom” döwlet kompaniýasynyň baş müdiri Wýaçeslaw Korşun News.tut.by neşrine interwýu berdi.
Türkmenistanda 21-22-nji martda Nowruz baýramy bellenilýär. Bu günler resmi taýdan dynç günleri diýlip yglan edilse-de, 21-nji martda Aşgabatda we onuň töwereginde edara-kärhanalaryň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň studentleri ýowara çykmaly edildi.
Türkmenistanyň ilatynyň ýurduň daşyna köpçülikleýin migrasiýasynyň fonunda häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurtlara gitmegine päsgelçilik döredýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň, şol sanda adynyň azgalmazlyk şerti bilen söhbetdeş bolýan resmileriniň sözlerine görä, bu ýagdaýda ýurduň daşyna çykmak isleýän raýatlar dürli ýollary gözlemäge mejbur bolýarlar. Iň ýörgünli usullaryň biri para bolup durýar we onuň möçberi öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetip, biletiň bahasyndan ençeme esse gymmada durýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň goňşusy Gazagystanyň öňki prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň öz arzasy bilen wezipeden çekilmegi bilen bagly türkmen döwletiniň köpçülikleýin media we habar beriş serişdelerinde hiç hili habar berilmeýär.
Kabulda şaýy ybadathanasynyň golaýynda ýüze çykan partlamalarda azyndan alty adam öldi, başga-da 23-isi ýaralandy. Bu barada Owganystanyň Saglyk ministrligi maglumat berýär.
Pakistanly okuwçy bir mugallymyň hem oglanlaryň, hem-de gyzlaryň gatnaşmagyndaky dabaraly çäräni gurnamakçy bolandygy üçin, ony pyçaklap öldürdi. Hateeb Hussain atly okuwçy hadysanyň ýüze çykan ýerinde beýleki okuwçylar tarapyndan ele salyndy. Polisiýa Hussaine adam öldürmek aýyplamasynyň bildiriljekdigini mälim etdi. Pakistanyň gündogaryndaky Bahawalpur şäheriniň kollejleriniň birinde iňlis dili mugallymy bolup işlän Halid Hameediň öz okuwçylary üçin gutardyş dabarasyny gurnan pursady, Hussain gelip, hanjar bilen ony pyçaklap başlaýar. Читать дальше...
Krymda Russiýa tarapyndan häkimiýet başyna goýlan resmiler Ýegowa Şaýatlary dini akymynyň birnäçe agzasyny tussaghana ýerleşdirdiler. Maglumata görä, okkupirlenen Krymyň Ýalta we Alupka sebitlerinde resmiler öýleri döküp, toparyň alty agzasyny soraga äkidipdirler. Topar tussag edilenleriň birini 34 ýaşly Artýom Gerasimow diýip tanyşdyrdy. Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) regional býurosy 34 ýaşly erkek kişiniň tussaghana ýerleşdirilendigini tassyklady, emma başga goşmaça maglumat bermedi. Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti, halkara Nowruz güni mynasybetli, iş kesilen 2 müň 28 bendiniň günäsini geçdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli permana çarşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi. Türkmen lideriniň 20-nji martda gol goýan dokumentine laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. Şol bir wagtda, azatlyga çykýanlaryň arasynda halkara... Читать дальше...
“Human Rights Watch” we adam hukuklaryna gözegçilik edýän başga-da sekiz gurama täjik hökümetine ýüzlenip, tussaglykda gynamalara sezewar edilýändigi aýdylýan ýarawsyz syýasy aktiwisti dessine azatlyga goýbermäge çagyrdylar. Muhammadali Haýidiň aýaly 9-njy martda tussaglykdaky adamsyny görmäge baranda, Haýit “kellesindäki we garnyndaky ýaralary” görkezipdir. Maglumata görä, Haýit “kameranyň öňünde daşary ýurtdaky täjik oppozisiýa wekillerini garalamakdan ýüz öwüreninden soň, türme sakçylary ony ýenjip jezalandyrypdyrlar”. Читать дальше...